Sagdyn durmuş ýörelgesi-bagtyň açarydyr.


Prezident sagdyn ruh bilen sagdyn jemgyýetiň döremegi üçin ähli şertleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda mekdebimizde erbet endiklere garşy göreşmek üçin aýlyk ýygnaklar we mahabat çäreleri geçirilýär. Duşuşykda belläp geçişimiz ýaly, mähriban Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler öz miwesini berdi. Hormatly Prezidentiň tagallalary netijesinde häzirki wagtda Türkmenistan çilim çekmek we neşekeşlik ýaly erbet endikleri azaltmak boýunça görlüp-eşidilmedik tagallalary bilen tanalýar.
Gahrymanymyz Arkadagyň ýolbaşçylygynda temmäki ýaly adamyň saglygyna zyýanly zatlara garşy barlyşyksyz göreş bar. Oururdumyzda şypahanalar, häzirki zaman enjamlary, sport toplumlary bilen enjamlaşdyrylan köp sanly saglyk merkezi gurulýar we işe girizilýär. Häzirki wagtda erbet endiklere garşy göreşmegiň iň oňat usuly hökmünde türkmen jemgyýetinde sport we sagdyn durmuş ýörelgesi saýlanýar. Bedenterbiýe we sporta güýçli üns bermek ýaşlarymyza hünärlerini ýokarlandyrmak we erbet endiklerden gaça durmak üçin dürli sport görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýär. Mekdebimiziň okuwçylarynyň sport ýaryşlaryna üstünlikli gatnaşyp, köp baýrak almagy ýaş nesil üçin hem dogry ýol. Duşuşykda erbet endikleriň adam saglygyna ýetirýän zyýanly täsirlerini düşündirmekden başga-da, maşgalanyň abadançylygyna ýaramaz täsir edýändigi hem aýdyldy. Mundan başga-da, dogry iýmitlenmek we bu ugurda dowam etdirilýän işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatda hormatlanýan Prezidentimiziň kitaplarynda diňe bir fiziki taýdan däl, eýsem akyl saglygyna-da uly ähmiýet berilýändigi bellenildi. Hormatly Arkadaga ýaşlara ideg edendigi üçin sag bolsun aýdýarys.

Paýlaş

Salgymyz:

Mary welaýaty, Mary şäheri, Parahatlyk köçesi, 6.
Mary velayat, city of Mary, Parahatlyk street, 6.
Марыйский велаят, город Мары, ул.Парахатлык, 6.

Telefon belgiler:
+993 522 5-42-58