Lukmançylyk mekdepleriniň bäsleşigi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2025-nji ýylyň 14-nji fewralyndaky  42 belgili  buýrugy bilen tassyklanan: “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň Birleşen Milletler Guramasynyň baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýilip yglan edilmegi mynasybetli, orta hünär okuw mekdepleri tarapyndan 2025-nji ýylda geçirmeli çäreleriň Meýilnamasynyň” çäklerinde, hem-de “Saglyk” Döwlet Maksatnamasynyň 30  ýyllygy mynasybetli, 2025-nji ýylyň  31-nji maýynda, I.Gandi  adyndaky  Aşgabat lukmançylyk  orta  okuw  mekdebinde  “Watana  wepam bar, kärime sarpam” atly, ýurdumyzyň  Lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň  arasynda bilim bäsleşigi geçirildi. 
Talyp ýaşlar “Şepagatçylyk işi”  hem-de “Anatomiýa we fiziologiýa” derslerinden öz  bilim derejelerini, ukyp  başarnyklaryny we geljeki kärine bolan höweslerini, bilim almakda ylmy edebiýatlar bilen hem gyzyklanýandyklaryny, çylşyrymly testleri we şekilli ýumuşlary çözmekde tutanýerliligini, ýokary  taýýarlyklaryny görkezdiler.   
Bäsleşigiň netejeleri boýunça aşakdaky   ýeňijiler kesgitlendi:

“Şepagatçylyk işi” dersi boýunça:
I  orun -   I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw  mekdebi.
II orun -  Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi;
S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi.
III orun- Türkmenabat  lukmançylyk orta okuw mekdebi;
S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi.
                        
“Anatomiýa we fiziologiýa”  dersi boýunça:

I  orun - S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi;
Türkmenabat  lukmançylyk orta okuw mekdebi;
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebi.
II orun -  Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag säher lukmançylyk orta hünär okuw    mekdebi;
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebi;
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi.
III orun- I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw  mekdebi;
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi.


     Bäsleşigiň  soňunda ýeňijilere  hormat hatlar we mynasyp  sowgatlar gowşuryldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Mary welaýaty, Mary şäheri, Parahatlyk köçesi, 6.
Mary velayat, city of Mary, Parahatlyk street, 6.
Марыйский велаят, город Мары, ул.Парахатлык, 6.

Telefon belgiler:
+993 522 5-42-58