Şu gün S. A. Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli aýdym-sazly duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Baş Kanunymyzy we Ýaşyl Baýdagymyzy Watanymyzyň Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk ýörelgelerini, türkmeniň agzybirligini, dost-doganlyk gatnaşyklaryny wasp edýän birnäçe çykyşlar ýerine ýetirildi. Çäräniň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.