Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe "Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at myradyň mekany" ýylynda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, I. Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi bilen bilelikde Arkadag, Aşgabat şäherleriň we welaýatlaryň lukmançylyk orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda "Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasy bilen, beýik zamananyň bilimli ýaşlary" ady bilen geçirilen hünär ders bäsleşiginde mekdebimiziň talyplary akuşerçilik we ginekologiýa hem-de farmakologiýa derslerinden I orunlara şeýle-de pediatriýa we şepagatçylyk işi dersinden I -II orunlara mynasyp boldular we "Hormat haty", Türkmenistanyň Saglygy goraýyş işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň höweslendiriji sowgatlary bilen sylaglandylar.