2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň 1-nji sentýabrynda giňden bellenilýän “Bilimler we talyp ýaşlar güni” S. A. Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebinde şatlykly we dabaraly ýagdaýda giňden bellenildi. Şeýle hem täze 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli orta okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ady bilen ilkinji okuw sapagy guramaçylykly ýagdaýda geçirildi. 2026-njy ýylyň birinji ýarymy ýurdumyz we halkymyz üçin taryhy ähmiýetli buýsançly hem-de guwançly wakalara baý boldy. Baýramçylyk dabaranyň dowamynda orta okuw mekdebiniň mugallymlary Watanyň beýik geljegi, halkyň ykbaly ugrunda ýokary jogapkärçilik duýgusyna eýe bolan päk ahlakly, hakyky watansöýüji nesilleriň kemala gelmegine, şeýle hem jemgyýetimizde ylmyň we bilimiň gymmatynyň has-da artmagyna oňyn täsiri barada aýratyn belläp geçdiler. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.