Wagyz- nesihat çäresi gurnaldy.
Gahryman
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de
2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäheriniň Ruhyýet
köşgünde geçiren okuw sapagy barada söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. 2026-njy
ýylyň 4-nji sentýabrynda S. A. Nyýazow
adyndaky Mary lukmançylyk
orta okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň
gatnaşmagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp
ýaşlar güni hem-de 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag
şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren okuw sapagy barada söhbetdeşlik duşuşygy
geçirildi. Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän ýylynda has
takygy, 2026-njy “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenisan – bedew batly at-myradyň
mekany” ýylynyň ikinji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň
Ruhyýet köşgünde umumy sapak geçdi. Alym Arkadagymyzyň bu umumy okuwyna
müňlerçe ýaşlar gatnaşdy. Umumy okuw sapagynyň başynda Alym Arkadagymyz
watançylyk temasyna ýüzlenip, watan mukaddesligini anyk deliller bilen
düşündirdi. Bu umumy okuw sapagy mugallymlara görelde mekdebi boldy. Türkmen
halkynyň Milli Lideriniň oýlanmalary ýaş nesillere atalyk, howandarlyk pendi
juda täsirli boldy we ol nesilleriň hakydasynda baky galjak ýakymly ýatlamadyr.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.