Biz barada


Biziň S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebimiz Türkmenistanyň Ministrler Sowetiniň 1953-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky № 1069 karary we Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň 25-nji sentýabryndaky № 1489 buýrugy esasynda açylyp, “Feldşerçilik mekdebi” diýlip atlandyrylypdyr. Ilkinji okuw ýylynda mekdebe 90 okuwçy kabul edilip, olar feldşerçilik we akuşerçilik toparlara bölünipdir.
Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň 1954-nji ýylyň 31-nji iýulyndaky № 1364 belgili buýrugy bilen mekdebimiz “Marynyň medisina uçilişşesi” diýlip atlandyrylýar. Soňra mekdebimiziň ady birnäçe gezek üýtgedilýär:
1959 ý. – Marydaky respublikan medisina uçilişşesi;
1993 ý – Türkmenistanyň Prezidenti S.A.Nyýazow adyndaky Mary welaýat medisina uçilişşesi;
2002 ý. – Türkmenistanyň Prezidenti S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk mekdebi;
2007 ý. – Türkmenistanyň Prezidenti S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi;
2007ý. – S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi.
Mekdebe dürli ýyllarda G.B.Orsiç, G.P.Gawaşeli, K.Ataýew, S.Ýazmyradow, S.Atajanow, K.Geldiýew, H.Atdaýew soňky ýyllarda bolsa O.Garajaýewa, O.Şagulyýewa dagylar ýolbaşçylyk etdiler.
Mekdebimiziň ilkinji ýyllarynda ýörite hünärli saglygy goraýyş hünärmenlerini taýýarlamakda B.Allabaýew, O.Nuryýew, G.Halnazarow, A.Nazarowa, G.Bogaçowa, G.Kütiýew, R.Allabergenow ýaly tejribeli mugallymlaryň işlerini bellemek bolar.
Mekdemizde soňraky ýyllarda Ş.Rejepow, Ç.Edilow, N.Lobanowskaýa, B.Annadurdyýew, O.Artykgulyýewa, M.Kürräýew, M.Rejepow, A.Amanowa, A.Çaryýewa, K.Zamanow, Ý.Garryýew, A.Kakajanow, M.Rejepow, A.Annagurbanow, S.Nurmammedow, N.Bazarow, M.Annamyradow, A.Kadyrowa, M.Ylýasow,H.Öweznepesow ýaly mugallymlar ökde hünärmenleri taýýarlamakda ýadawsyz zähmet çekdiler.Lukmançylyk mekdebimizde geçen ýyllarda köpsanly mugallymlar zähmet çekip, feldşer, sanitar-feldşer, feldşer-laborant, şepagat uýasy, maşgala şepagat uýasy, diş tehnigi, farmasewt, göbek ene hünärleri boýunça gutardyşlar bolup, orta bilimli hünärmenler taýýarlanyldy. Häzirki wagtda bolsa olar diňe bir welaýatymyzda däl-de, eýsem Türkmenistanyň dürli künjeklerinde, hat-da daşary ýurtlarda hem dürli wezipelerde, hünärlerde zähmet çekýärler we ýurdumyzyň iň uly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramakda mynasyp goşant goşýarlar.

Paýlaş

Biz barada

Biziň S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebimiz Tü [...]

Sport

Biziň S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebimiz Tü [...]

Sanly bilim

Biziň S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebimiz Tü [...]

Kitaphana

Biziň S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebimiz Tü [...]

Salgymyz:

Mary welaýaty, Mary şäheri, Parahatlyk köçesi, 6.
Mary velayat, city of Mary, Parahatlyk street, 6.
Марыйский велаят, город Мары, ул.Парахатлык, 6.

Telefon belgiler:
+993 522 5-42-58