Dalaşgärlere giňden maglumat



S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi 2025/2026-njy okuw ÿyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

I. Býujet esasynda
  1. Şepagatçylyk işi.
II. Tölegli esasda:
  1. Şepagatçylyk işi.
  2. Bejeriş işi

Lukmançylyk mekdebine Mary welaýatynda hemişelik ýaşaýan, umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi  iş kagyzlary Mary şäherinde 2025-nji ýylyň 14  - 27 -nji  iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
 Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
  • pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýulandygy hakynda şahadatnamasyny.
  • Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler 

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebinde (Mary ş.)  2025-nji ýylyň iýul  aýynyň  30-31-i, awgust aýynyň 2-3-i, we 5-i günlerinde geçirilýär.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Okuw dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär geçirilýär.
Saýlap alan hünärine durnuklydygyny kesgitlemek maksady bilen, dalaşgärler patologoanatomik edaranyň işi bilen tanyşdyrylar.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw derslerniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “ Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.


S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebiniň salgysy: Mary şäheri, Parahatlyk köçesi, 6. 
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 (522) 5-41-52, +993 (522) 5-42-49.



Salgymyz:

Mary welaýaty, Mary şäheri, Parahatlyk köçesi, 6.
Mary velayat, city of Mary, Parahatlyk street, 6.
Марыйский велаят, город Мары, ул.Парахатлык, 6.

Telefon belgiler:
+993 522 5-42-58