S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta
okuw mekdebi 2025/2026-njy okuw ÿyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga
kabul edýändigini yglan edýär:
I. Býujet esasynda
- Şepagatçylyk işi.
II. Tölegli esasda:
- Şepagatçylyk işi.
- Bejeriş işi
Lukmançylyk mekdebine Mary welaýatynda hemişelik ýaşaýan, umumy orta
bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik
Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik
esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary Mary şäherinde 2025-nji ýylyň 14 - 27
-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
- bellenilen nusgada direktoryň adyna
ýazylan arza; - bellenilen nusgadaky sowalnama
(anketa); - umumy orta bilim barada resminamanyň
asyl nusgasy; - Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we
derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk
kepilnamasy; - soňky okan ýerinden (işlän ýerinden,
harby bölümden) häsiýetnama; - 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany
fotosurat; - işleýänler üçin zähmet depderçesiniň
tassyklanan göçürmesi; - okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet
bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň
ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň
asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda
görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna
aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
- pasportyny;
- harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba
goýulandygy hakynda şahadatnamasyny. - Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul
edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki
resminamalary görkezip biler
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy
jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek S.A.Nyýazow adyndaky Mary
lukmançylyk orta okuw mekdebinde (Mary ş.) 2025-nji ýylyň iýul
aýynyň 30-31-i, awgust aýynyň 2-3-i, we 5-i günlerinde geçirilýär.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň
taryhy derslerinden geçirilýär.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy
derslerinden geçirilýär.
Okuw dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw
maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär geçirilýär.
Saýlap alan hünärine durnuklydygyny kesgitlemek maksady bilen, dalaşgärler
patologoanatomik edaranyň işi bilen tanyşdyrylar.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere
görä gelip bilmedikler ýa-da okuw derslerniň biri boýunça synagdan geçip
bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we
talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “ Bilim hakynda”
Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk
gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta
okuw mekdebiniň salgysy: Mary şäheri, Parahatlyk köçesi, 6.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993
(522) 5-41-52, +993 (522) 5-42-49.