TM RU EN

Mary lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany
Slide

Slide

Slide

Slide

Slide

Slide

Slide

Slide

Slide

99
Kitaplar
99
Hünärler
99+
Mugallymlar
99+
Talyplar
Täzelikler we habarlar

Iň soňky täzelikler

Ählisini görmek
News
15.06.2026
133

“Garaşsyz Watanymyz – ata-babalarymyzyň arzuw eden mekany” atly maslahat

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we Ylymlar güni mynasybetli, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen bilelikde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň guramagynda 2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda umumy mežlisi we bölümlerde ugurlary boýunça “Garaşsyz Watanymyz – ata-babalarymyzyň arzuw eden mekany” atly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş edenler 2026-njy ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň ýokary attestasiýa komitetiniň Prezidiumynyň Çözgüdine laýyklykda türkmen döwletiniň Baştutanyna häzirki zaman ylmyna goşýan uly goşandy, milli we bütin adamzat bähbitli ylmy- önümçilik, innowasion- senagat, durmuş - ykdysady, ylmy-tehniki özgertmeleri, parahatsöýüjilikli içeri we daşary syýasaty hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň has-da giňeldilmegi üçin bitiren ägirt uly işleri nazara alnyp Türkmenistanyň Prezidentine syýasy ylymlaryň doktory Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk adynyň berilmegi mynasybetli we Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutladylar. Maslahatyň çykyşlarynda ylym-bilimiň häzirki zaman özgertmeleri, sanly bilim ulgam we lukmançylyk ugurlarynda alnyp barylýan ylmy barlaglarynyň nazary we amaly taýdan utgaşdyrylmagynda möhüm ähmiýetleri, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly akademik, professor Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan döredilen eserleri, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk syýasaty, 35 ýyl döwründe bilimde, saglygy goraýyşda, ykdysadyýetde, syýahatçylykda, oba hojalykda, medeniýet we sungatda gazanylan üstünlikleri wasp edildi we soňunda orta hünär okuw mekdepleriniň çeper höwesjeňleriniň aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary ýerine ýetirildi. Bölümçelerde çykyşlar dowam edildi. Halkara ähmiýetli we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen beýik işleriň başynda durýan, ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny öňdebaryjy dünýä tejribesine ornaşdyrmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman alym Arkadagymyzyň we alym Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, tutumly beýik işleriniň mundan beýläk hem has-da rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.

News
16.05.2026
131

Lukmançylyk mekdepleriniň bäsleşigi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2026-njy ýylyň 5-nji fewralynda tassyklanan: Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli orta hünär okuw mekdepleri tarapyndan 2026-njy ýylyň 15-nji maýynda, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasy bilen, beýik zamananyň bilimli ýaşlary” atly, ýurdumyzyň Lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň arasynda bilim bäsleşigi geçirildi. Talyp ýaşlar “Umumy himiýa”, “Umumy biologiýa”, “Farmakologiýa”, “Akuşerçilik we ginekologiýa”, “Pediatriýada şepagatçylyk işi”, “Hirurgiýada şepagatçylyk işi” derslerinden öz bilim derejelerini, ukyp başarnyklaryny we geljeki kärine bolan höweslerini, bilim almakda ylmy edebiýatlar bilen hem gyzyklanýandyklaryny, çylşyrymly testleri we şekilli ýumuşlary çözmekde tutanýerliligini, ýokary taýýarlyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň netejeleri boýunça aşakdaky ýeňijiler kesgitlendi: “Umumy himiýa” dersi boýunça: I orun - I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi. II orun - Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi. III orun- I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi. “Umumy biologiýa” dersi boýunça: I orun - I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi. II orun - Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebi. III orun - Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi; “Farmakologiýa” dersi boýunça: I orun - S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi. II orun - Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebi. III orun - Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebi. “Akuşerçilik we ginekologiýa” dersi boýunça: I orun - S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi. II orun - Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebi. III orun - Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi. “Pediatriýada şepagatçylyk işi” dersi boýunça: I orun - S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi. II orun - S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi. III orun - Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebi. “Hirurgiýada şepagatçylyk işi” dersi boýunça: I orun - Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebi. II orun - Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebi. III orun- I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi. Bäsleşigiň soňunda ýeňijilere hormat hatlar we mynasyp sowgatlar gowşuryldy.

News
14.05.2026
154

«Açyk gapylar» çäresi geçirildi

I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde, 2026-njy ýylyň 7-8-nji maýynda, 2026-njy ýylynda mekdebi tamamlaýan uçurumlar we okuwa girmek isleýänler üçin «Açyk gapylar» günleri geçirildi. «Açyk gapylar» çäresine gelen ýaşlara mekdepde taýýarlanylýan hünärler, alnyp barylýan işler, talyplaryň gyzykly durmuşy barada giňişleýin gürrüň edildi, okuw otaglary bilen hem tanyşdyryldy. Dalaşgärler öz gezeginde lukmançylyk mekdebinde okadylýan ugurlar boýunça taýarlanýan hünärmenler, olaryň geljekde işlemeli ýerleri, kärleri bilen jikme-jik gyzyklandylar. Ähli maglumatlar suratlar we wideo görnüşinde hödürlendi we sergi gurnaldy.

Ylmy we döredijilik ýazgylary

Makalalar

Ähli makalalar
Makala
07.08.2026
20

Ekologiýa medeniýeti we terbiýesi

Ýaş nesillere daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek we ekologiýa medeniýetini kemala getirmek terbiýeçilik işiniň aýrylmaz bölegidir. Mekdep ýanlarynda bagy-bossanlyklary döretmek bu ugurdaky amaly ädimdir.

Makala
07.08.2026
17

Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýeti

Häzirki wagtda dünýä bileleşigine işjeň goşulýan ýurdumyzda daşary ýurt dillerini kämil öwrenmek ýaş hünärmenler üçin örän wajypdyr. Dilleri öwrenmekde innowasion usullar, dürli gollanmalar giňden peýdalanylýar.

Makala
07.08.2026
19

Bedenterbiýe we sport — sagdynlygyň girewi

Sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, ýaşlary sport bilen meşgullanmaga çekmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Mekdeplerde dürli sport bäsleşikleri, bedenterbiýe sapaklary yzygiderli guralýar.

Okuw ugurlary we bölümler

Esasy bilim ugurlary

Article

Farmasewt

Ugur: FarmasiýaHünär: Farmasiýa Okuwyň möhleti: 2 ýylKär: FarmasewtDersleriň atlaryToplum: Umumy ynsanperwerlik we durmuş-ykdysady dersler toplumyTürkmenistanyň taryhySanly ykdysadyýetTürkmenistanyň kanunçylygynyň esaslaryJemgyýetçilik ylymlarynyň esaslaryHäzirki zaman türkmen jemgyýetiBedenterbiýeToplum: Umumy matematiki we tebigy – ylmy dersler toplumyHäzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryEkologiýa we daşky gurşawy goramakUmumy himiýaUmumy biologiýaToplum: Umumy hünär dersler toplumyHünäri boýunça iňlis diliHünäri boýunça rus diliHünäri boýunça latyn diliSaglygy goraýyş ulgamynyň guralyşy we dolandyrylyşyLukmançylyk psihologiýasy,etika we deontologiýasyMilli lukmançylygyň esaslaryAnatomiýa we fiziologiýaAnalitiki himiýaUmumy gigiýenaBotanikaToplum: Ýörite hünär dersler toplumyŞepagatçylyk işiniň esaslaryDerman görnüşleriň tehnologiýasyFarmakognoziýaFarmakologiýaFarmasewtiki himiýaFarmasewtiki işiň guralyşyKliniki patologiýaGaýragoýulmasyz ýagdaýlarda lukmançylyk kömegi

Gatnaşmak
Article

Umumy tejribeli şepagat uýasy

Ugur: Şepagatçylyk işi.Hünär: Şepagatçylyk işiOkuwyň möhleti: 2 ýyl 6 aýKär: Umumy tejribeli şepagat uýasy.Dersleriň atlaryToplum: Umumy ynsanperwerlik we durmuş-ykdysady dersler toplumyTürkmenistanyň taryhySanly ykdysadyýetTürkmenistanyň kanunçylygynyň esaslaryJemgyýetçilik ylymlarynyň esaslaryHäzirki zaman türkmen jemgyýetiBedenterbiýeToplum: Umumy matematiki we tebigy – ylmy dersler toplumyHäzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryEkologiýa we daşky gurşawy goramakUmumy himiýaUmumy biologiýaToplum: Umumy hünär dersler toplumyHünäri boýunça iňlis diliHünäri boýunça rus diliHünäri boýunça latyn diliUmumy gigiýenaMilli lukmançylygyň esaslaryAnatomiýa we fiziologiýaMikrobiologiýaGenetikanyň esaslaryLukmançylyk psihologiýasy,etika we deontologiýasyFarmakologiýaSaglygy goraýyş ulgamynyň guralyşy we dolandyrylyşyToplum: Ýörite hünär dersler toplumyŞepagatçylyk işiTerapiýada şepagatçylyk işiHirurgiýada şepagatçylyk işiPediatriýada şepagatçylyk işiAkuşerçilikde we ginekologiýada şepagatçylyk işiPsihiatriýa we narkologiýaÝokanç keselleri we epidemiologiýaNerw keselleriGulak,bokurdak we burun keselleriDeri we weneriki keselleriGaýragoýulmasyz ýagdaýlarda lukmançylyk kömegiFizioterapiýa,massaz we bejeriş bedenterbiýeGöz keselleriGeriatriýa

Gatnaşmak
Article

Sanitar feldşer

Ugur: Saglyk baradaky ylymlar we öňüni alyş lukmançylyk işiHünär: Saglygy goraýyş-öňüni alyş işiOkuwyň möhleti: 2 ýyl 6 aýKär: Sanitar feldşerDersleriň atlaryToplum: Umumy ynsanperwerlik we durmuş-ykdysady dersler toplumyTürkmenistanyň taryhySanly ykdysadyýetTürkmenistanyň kanunçylygynyň esaslaryJemgyýetçilik ylymlarynyň esaslaryHäzirki zaman türkmen jemgyýetiBedenterbiýeToplum: Umumy matematiki we tebigy – ylmy dersler toplumyHäzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryEkologiýa we daşky gurşawy goramakUmumy himiýaUmumy biologiýaToplum: Umumy hünär dersler toplumyHünäri boýunça iňlis diliHünäri boýunça rus diliHünäri boýunça latyn diliSanologiýaMilli lukmançylygyň esaslaryAnatomiýa we fiziologiýaMikrobiologiýaAnalitiki himiýaLukmançylyk psihologiýasy,etika we deontologiýasyFarmakologiýaSaglygy goraýyş ulgamynyň guralyşy we dolandyrylyşyToplum: Ýörite hünär dersler toplumyŞepagatçylyk işiLukmançylyk parazitologiýaUmumy we kommunal gigiýena Ýokanç keselleriDezinfeksiýa işiÇagalaryň we ýetginjekleriň gigiýenasyEpidemiologiýaZähmet gigiýenasyIýmit gigiýenasyKliniki patologiýaDeri we weneriki keselleriGaýragoýulmasyz ýagdaýlarda lukmançylyk kömegi

Gatnaşmak
Article

Diş ussasy

Ugur: Kliniki lukmançylyk Hünär: Ortopediki stolatologiýa Okuwyň möhleti: 2 ýyl Kär: Diş ussasy ”Dersiň atlary: Toplum : Umumy ynsanperwerlik we durmuş-ykdysady dersler toplumyTürkmenistanyň taryhySanly ykdysadyýetTürkmenistanyň kanunçylygynyň esaslaryJemgyýetçilik ylymlarynyň esaslaryHäzirki zaman türkmen jemgyýetiBedenterbiýeToplum : Umumy matematiki we tebigy – ylmy dersler toplumyHäzirki zaman kompýüter tehnologiýalaryEkologiýa we daşky gurşawy goramakUmumy himiýaUmumy biologiýaToplum : Umumy hünär dersler toplumyHünäri boýunça iňlis diliHünäri boýunça rus diliHünäri boýunça latyn diliUmumy gigiýenaLukmançylyk psihologiýasy,etika we deontologiýasyMilli lukmançylygyň esaslaryAnatomiýa we fiziologiýaFarmakologiýaSaglygy goraýyş ulgamynyňguralyşy we dolandyrylyşyMikrobiologiýaToplum : Ýörite hünär dersler toplumyŞepagatçylyk işiniň esaslaryMaterial öwrenişDiş keselleriň esaslaryOturtma protezleriň ýasalyş düzgüniOturtma däl protezleriň ýasalyş düzgüniÄö-ýüz protezlerini ýasamagyň usullaryÇagalyň döwrüniň ortopediýasy we protez taýýarlamakOrtodontiýa

Gatnaşmak
Article

Kitaphana

Lukmançylyk mekdebiniň kitaphanasynda talyplar we mugallymlar çap edilen we elektron görnüşinde ähli dersler boýunça neşir edilýän okuw we goşmaça edebiýatlardan peýdalanýarlar. Kitaphananyň okalga zalynda edebiýatlary ulanmak we maglumatlary çalt tapmak üçin ýöriteleşdirilen kompýuterli orunlar gurnalan.Kitaphananyň esasy wezipesi - talyplaryň okuw-ylmy çeşmelerini öwrenmek boýunça başarnyklaryny kemala getirmekden, esasan, maglumaty almagy, ony gaýtadan işlemegi, zerur beýanlary öwrenmegi we şol maglumatlary bilim almakda başarjaňlyk bilen ulanmagy oňarmagy öwretmekden ybaratdyr. Kitaphananyň okuwdaky we terbiýeçilik işindäki orny - kitaphananyň köpçülikleýin çärelere, baýramçylyklar üçin ssenariniň, gysga sahnalaryň, goşgularyň, aýdymlaryň, şygarlaryň saýlanyp alynmagyna gatnaşmagy arkaly häsiýetlendirilýär.

Gatnaşmak
Article

Bejeriş-öňüni alyş edaralaryň laboranty

Ugur: Kliniki lukmançylykHünär: Laboratoriýa anyklaýyş işiOkuwyň möhleti: 2 ýyl Kär: Bejeriş-öňüni alyş edaralaryň laborantyDersleriň atlaryToplum: Umumy ynsanperwerlik we durmuş-ykdysady dersler toplumyTürkmenistanyň taryhySanly ykdysadyýetTürkmenistanyň kanunçylygynyň esaslaryJemgyýetçilik ylymlarynyň esaslaryHäzirki zaman türkmen jemgyýetiBedenterbiýeToplum: Umumy matematiki we tebigy – ylmy dersler toplumyHäzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryEkologiýa we daşky gurşawy goramakUmumy himiýaUmumy biologiýaToplum: Umumy hünär dersler toplumyHünäri boýunça iňlis diliHünäri boýunça rus diliHünäri boýunça latyn diliSaglygy goraýyş ulgamynyň guralyşy we dolandyrylyşyLukmançylyk psihologiýasy,etika we deontologiýasyMilli lukmançylygyň esaslaryAnatomiýa we fiziologiýaAnalitiki himiýaFarmakologiýanyň esaslaryToplum: Ýörite hünär dersler toplumyŞepagatçylyk işiniň esaslaryPatologiki anatomiýaKliniki patologiýaLaboratoriýa işleriniň tehnikasyGistologiýa we gistologiki barlaglaryň usullaryMikrobiologiýa we mikrobiologiki barlaglaryň usullaryKliniki laboratoriýa barlaglaryň usullaryBiohimiýa we biohimiki barlaglaryň usullaryGigiýena we gigiýeniki barlaglaryň usullaryMedisina parazitologiýasyÝokanç keselleri we epidemiologiýaGaýragoýulmasyz ýagdaýlarda lukmançylyk kömegi

Gatnaşmak
Soraglar we maslahat

Okuw we kabul ediş boýunça soragyňyz barmy?

Biz bilen aragatnaşyk bölümi arkaly habarlaşyp bilersiňiz.