TM RU EN

Mary lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Mary lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

 

Bölümçeler we sahypalar

Submenu

Mekdebiň bilim binýady

Ders toplumlarMugallymlaryň düzümi aşakda görkezilen dersler boýunça toplumlara goşulýar:Umumy matematika we tebigat ylymlary dersler;Umumy ynsanperwerlik we durmuş-ykdysady dersler;Daşary ýurt dilleri dersler;Umumy hünär dersler;Ýörite hünär (kliniki) dersler.Dersler toplumlaryň işine, mugallymlaryň wezipe borçlarynyň ähli jähetleriniň netijeli hereket etmegini utgaşdyrýan toparlaryň başlyklary ýolbaşçylyk edýärler.Okuw meýilnamalaryOrta düzümdäki hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksatnamalara degişli okuw meýilnamalary mekdebiň direktory, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanýar. Okuw meýilnamasynda orta düzümdäki hünärmenleri orta hünär bilimine degişlilikde taýýarlamagyň maksatnamasynyň hil we mukdar bilen bagly häsiýetnamalary, okuw ýyllary boýunça we semestrler boýunça ähli işler; okuw dersleriniň, hünärleriň modullarynyň we olaryň düzümindäki elementleriň (özara baglanyşykly dersleriň kurslarynyň, okuwdaky we önümçilikdäki tejribeleriň) sanawy; okuw derslerini we hünärleriň modullaryny yzygiderli öwrenilişi; okuw dersleriniň görnüşleri; aralyk döwürdäki attestasiýanyň okuw ýyllary boýunça we semestrler boýunça bölünişi; jemleýji döwlet attestasiýasyna taýýarlanmagyň we ony geçirmegiň mukdarly görkezijileri kesgitlenýär.Ylmy-barlag işleriLukmançylyk mekdebimizde “Ýaş alymlaryň geňeşi” hereket edýär. Talyplarymyzyň ylmy – barlag işleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy monografiýalarynyň, olaryň içinde baş orunda durýan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jilitli ensiklopedik kitaplary esasynda ýerine ýetirilýär. Lukmançylyk mekdebiniň talyplary Halkara okuw - ylmy merkezinde hem amaly endiklerini özleşdirýärler.Iň oňat ylmy-barlag işleri bilen döwlet bäsleşiklere gatnaşylýar, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-amaly we halkara konferensiýalarda çykyş edilýär.Okuwyň gurnalyşyBilim bermek işi öwredilýän hünärler boýunça orta hünär bilimine degişli talaplaryna we düzgünnamalara, şeýle-de dersler boýunça işlenip düzülen okuw meýilnamalaryna we iş maksatnamalaryna esaslanýar.Hünärler we okatmagyň görnüşleri boýunça okuw meýilnamalaryna laýyklykda, bilim bermek işi boýunça her okuw ýyly üçin senenama görä, okuw rejesi düzülýär, okuw ýyly başlanmanka direktor tarapyndan tassyklanýar, okuw dersleriniň düzülişine laýyklykda amala aşyrylýar.Okaýanlara bilim bermek işi okuw derslerini (beýanlary, amaly sapaklary, laboratoriýa sapagy geçirmekden, maslahat bermekden), auditoriýanyň daşyndaky talyplaryň okuw we ylmy-barlag işini geçirmekden, şepagat uýasynyň kesel taryhyny ýazmagyndan, önümçilikde tejribe toplamakdan, şeýle-de okuw meýilnamasynda kesgitlenen başga görnüşlerini amala aşyrmakdan ybaratdyr.Amaly okuw Zähmet bazarynyň sazlaşykly ösüşine mahsus şertlerde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň döwrebap lukmançylyk edaralary bilen özara ylalaşykly hyzmatdaşlygyny amala aşyrmagy - ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Lukmançylyk işgärlerini taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmagynda buýrujylar bolan - Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň lukmançylyk edaralary işjeň ýagdaýda goldaw berýärler. Okuw, önümçilik (amaly) we diplomdan öňki tejribe boýunça okadylmagy iş meýilnama laýyklykda düzülýär. Häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen lukmançylyk merkezlerinde geçirilýan amaly sapaklarda, talyplar kliniki dersler boýunça alan umumy bilimlerini özleşdirýärler.

Gatnaşmak
Submenu

Sport

Sport

Gatnaşmak
Submenu

Sanly bilim

Sanly bilim

Gatnaşmak
Submenu

Kitaphana

Lukmançylyk mekdebiniň kitaphanasynda talyplar we mugallymlar çap edilen we elektron görnüşinde ähli dersler boýunça neşir edilýän okuw we goşmaça edebiýatlardan peýdalanýarlar. Kitaphananyň okalga zalynda edebiýatlary ulanmak we maglumatlary çalt tapmak üçin ýöriteleşdirilen kompýuterli orunlar gurnalan.Kitaphananyň esasy wezipesi - talyplaryň okuw-ylmy çeşmelerini öwrenmek boýunça başarnyklaryny kemala getirmekden, esasan, maglumaty almagy, ony gaýtadan işlemegi, zerur beýanlary öwrenmegi we şol maglumatlary bilim almakda başarjaňlyk bilen ulanmagy oňarmagy öwretmekden ybaratdyr. Kitaphananyň okuwdaky we terbiýeçilik işindäki orny - kitaphananyň köpçülikleýin çärelere, baýramçylyklar üçin ssenariniň, gysga sahnalaryň, goşgularyň, aýdymlaryň, şygarlaryň saýlanyp alynmagyna gatnaşmagy arkaly häsiýetlendirilýär.

Gatnaşmak