TM RU EN

Mary lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
22.04.2024
95

“Magtymguly Pyragy - türkmen halkynyň milli we edebi mirasy” atly göçme sergi geçirildi

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynsybetli, döwlet myzeýleriniň we kitaphanalarynyň ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdeplerinde gurnajak muzeý gymmatlyklarynyň göçme sergileriniň hem-de kitap sergileriniň tertipnamasy esasynda 2024-njy ýylyň aprel aýynyň 17-19-y aralygynda I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň binasynda “Magtymguly Pyragy - türkmen halkynyň milli we edebi mirasy” atly Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň muzeýiniň gymmatlyklarynyň göçme sergisi geçirildi. «Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyna» laýyklykda, döwürleriň, ruhy we medeni mirasyň, özboluşly we gaýtalanmajak däpleriň milli sungatyň, halk senetçiligiň we ussaçylygyň ajaýyp nusgalarynyň aýawly saklanyp hem-de kämillik derejesine ýetirilip, geljekki nesillere peşgeş berilmegi üçin görelde alarlyk döwlet syýasatynyň alnyp barylýandygy barada talyp ýaşlaryň arasynda muzeý gymmatlyklarynyň göçme sergisinde wagyz - nesihat çäresi geçirildi.

News
21.04.2024
103

Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasy gurlar

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara döwrebap binasy gurlar. Sanly ulgam arkaly geçirilern Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan ulag-kommunikasiýa pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew habar berdi.Şunuň bilen baglylykda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, pudagyň işgärleri üçin has oňaýly iş şertlerini döretmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz aragatnaşyk pudagyna degişli netijeli işleriň alnyp barylmagynyň ýokary hilli hyzmatlary has-da döwrebap ýola goýmaga öz täsirini ýetirjekdigini aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmek babatda tabşyryklary berdi.

News
20.04.2024
87

“Nowruz geldi ilime” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi

I.Gandi adyndaky lukmançylyk orta okuw mekdebi we Aşgabat şäher Medeniýet müdirligigniň Merkezleşdirirlen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy Milli bahar baýramy mynasybetli “Nowruz geldi ilime” ady bilen wagyz-nesihat çäresini bilelikde gurnap geçirdiler. Wagyz-nesihat çäresi talyplarda ululara hormat goýup, kiçileri sylamak, milli däp-dessurlarymyza bolan söýgüni terbiýelemek, ata-watanymyza, halkymyza we Hormatly Prezidentimize söýgini we buýsanç duýgularyny, okamaga höwes döretmekden ybaratdyr.

News
19.04.2024
109

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza ýurtlarynyň mejlisiniň netijeleri boýunça AŞGABAT JARNAMASY

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza ýurtlarynyň demir ýol ulaglary edaralarynyň Baş direktorlarynyň (jogapkär wekilleriniň) Maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylar, şeýle hem 2024-nji ýylyň 15 – 19-njy aprelinde Aşgabatda geçirilen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza ýurtlarynyň demir ýol ulaglary edaralarynyň Baş direktorlarynyň (jogapkär wekilleriniň) maslahatynyň XXXVIII mejlisine (mundan beýläk Maslahat) gatnaşan ulag-logistika kompaniýalarynyň – OSJD goşulyşan kärhanalaryň wekilleri aşakdakylar barada beýan etdiler.Maslahatyň dowamynda halkara demir ýol daşamalary ulgamyndaky meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy we halkara demir ýol daşamalaryny, ilkinji nobatda, Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky gatnawlarda demir ýol arkaly daşamalary mundan beýläk-de ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň, halkara demir ýol arkaly daşamalar ulgamynda ylalaşykly ulag syýasatyny kemala getirmegiň, halkara demir ýol ulagynda kadalaşdyryjy halkara hukuk şertnamalaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy.Maslahata gatnaşyjylar demir ýol ulagynyň ykdysady, maglumat, ylmy-tehniki we ekologiýa ugurlary bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça OSJD agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmegiň, demir ýol ulagynyň ulaglaryň beýleki görnüşlerine görä bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleri işläp taýýarlamagyň, demir ýollary ulanmak we halkara demir ýol arkaly daşamalary mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly tehniki meseleleri çözmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň, şeýle hem demir ýol ulagynyň meseleleri bilen meşgullanýan beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygyny nygtadylar.Maslahata gatnaşyjylar BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan multimodal üstaşyr geçelgeleri döretmäge ýardam bermek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmek ulgamynda kararnamalaryň kabul edilmeginde Türkmenistanyň başlangyçlaryny we tagallalaryny, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähmiýetini belleýärler.Maslahata gatnaşyjylar halkara ulag geçelgeleriniň strategik taýdan möhüm we amatly çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerinden toplumlaýyn peýdalanmak boýunça edýän tagallalaryny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, halkara hyzmatdaşlygyny, durnuklylygyny we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin ulagyň we halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, ýokary derejeli halkara çäreleriniň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Maslahatyň işiniň jemleri boýunça ýolagçy we ýük daşamalary, infrastruktura we hereket edýän düzüm, kodlaşdyrmak we maglumat, maliýe hem-de demir ýol arkaly halkara ýolagçy we ýük daşamalary üçin hasaplaşyklar, şeýle hem demir ýol arkaly daşamalar ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak/bilim bermek ulgamlarynda ähmiýetli çözgütler kabul edildi.Maslahata gatnaşyjylar myhmansöýerlik we maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyklaryny beýan edýärler.Türkmenistan, Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 19-njy apreli.

News
18.04.2024
166

Türkmen talyplary Rumyniýada geçirilen matematika olimpiadasynda 17 medal gazandylar

Türkmenistanly talyplar 9-njy aprelden 14-nji aprel aralygynda Rumyniýanyň Ýassy şäherinde geçirilen 18-nji Halkara Günorta-Gündogar Ýewropa «SEEMOUS-2024» matematika olimpiadasynda dürli medallaryň 17-sini eýelediler.Türkmenistanly zehinli matematika ökdeleriň ajaýyp çykyşy netijesinde olar 1 altyn, 7 kümüş we 9 bürünç medala mynasyp boldular.Altyn medaly Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Medine Ödäýewa eýeledi.Şeýle hem bu uniwersitetiň talyplary Nurmyrat Ataýew we Myratgeldi Annamuhammedow kümüş medala, Azymgeldi Şyhow hem-de Döwletmyrat Esenow bürünç medala mynasyp boldular.Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary 5 medal gazandylar. Olardan Balkan Jepbarow, Şabibi Nurjanowa, Serdar Orazmyradow we Emir Wellekow kümüş, Agabek Matýakubow bürünç medal gazandylar.Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň wekilleri Muhammetmyrat Goçmuradow kümüş we Nagym Taňrygulyýew bürünç medal eýelediler.Ýene-de 5 kümüş medala Mergen Gaýybow (Türkmen oba hojalyk instituty), Mähriban Döwranowa (S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti), Maksat Akmyradow (Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty), Baýram Töräýew (Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty) we Döwlet Nurmyradow (Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty) dagy mynasyp boldular.Türkmen talyplarynyň matematika meselelerini çözmekde ajaýyp başarnygyny we bu olimpiadada ozalam gowy netijeler görkezendiklerini bellemek gerek.Şu ýyl abraýly matematika bäsleşigine 9 ýurtdan – Türkmenistandan, Özbegistandan, Alžirden, Fransiýadan, Ganadan, Gresiýadan, Hindistandan, Makedoniýadan we Rumyniýadan otuza golaý ýokary okuw mekdebiň talyplary gatnaşdylar.Olimpiadany Günorta-Gündogar Ýewropa Matematika jemgyýeti, George Asaki adyndaky Ýassy tehniki uniwersiteti we Rumyniýanyň matematika jemgyýeti guradylar.Her ýylky «SEEMOUS» matematika olimpiadasy 2007-nji ýyldan bäri geçirilýär, ol ýaş zehinleri ýüze çykarmakda we ösdürmekde, ylym-bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmekde, dünýä akademiki giňişliginde netijeli hem-de dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda degerli meýdançadyr.

News
17.04.2024
157

Saglyk güni mynasybetli sport çäresi geçirildi

Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda bedenterbiýe we sport döwlet derejesinde ösdürilýär. Ýurdumyz dünýä möçberinde geçirilýän ýaryşlaryň mekanyna öwrüldi. Bütindünýä saglyk güni her ýyl ýurdumyzda köp sanly medeni – sport çärelerine beslenýär, olar ähli ýerlerde uly ruhubelentlikde geçirilýär. Biziň okuw jaýymyzda bu baýramçylyk mynasybetli küşt, tanap çekmek, düzzüm we ýaglyga towusmak ýaly sportuň görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlar zehinli talyplary ýüze çykardy.

News
16.04.2024
151

Galyndy çig maldan ýasalan zatlaryň bäsleşigi yglan edildi

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy we Bilelikdäki türkmen-türk mekdebi golaýda bellenen Halkara «Galyndysyz dünýä ugrunda» gününiň çarçuwasynda galyndy çig maldan ýasalan zatlaryň bäsleşigini yglan etdi. Türkiýe tarapyndan başlanyp, halkara derejesinde bellenýän «Galyndysyz gün» sarp edilişiň we önümçiligiň durnukly kysymlarynyň öňe sürülmegine, geljek nesilleriň galyndylary dolandyrmagyň durnukly ösüş ýörelgelerine esaslanýan arassa we ýaşamaga ýaramly planetany miras almagy üçin tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir.Galyndy çig maldan ýasalan zatlaryň bäsleşigi ýaşlaryň galyndylar meseleleri barada habarlylygyny ýokarlandyrmak we materiallaryň gaýtadan ulanylyşynyň dürli mümkinçiliklerini görkezmek arkaly onuň çözgüdine döredijilikli çemeleşmäge itergi bermek maksady bilen geçirilýär.Bäsleşik işlerine üç ugur boýunça baha berler: «Iň döredijilikli iş» – aňladýan pikiri we ýerine ýetirilişiniň özboluşlylygy üçin; «Iň ykjam iş» – durmuşda ulanylyşynyň aňsatlygy we peýdalylygy üçin; «Iň ekologik iş» – taýýarlananda, iň köp material ulanylandygy we galyndynyň ujypsyz derejä ýetirilmegi üçin.Her ugur boýunça ýeňijilere diplomlar, ýadygärlik sowgatlar we ekologiýa harytlary dükanlaryndan şahadatnama berler.Bäsleşige gatnaşmak üçin galyndy çig mallardan bir zat ýasamaly. Çig mal hökmünde plastik çüýşe, karton, kagyz, dokma önümlerini we şuňa meňzeşleri ulanmak bolar. Ýasalan zadyň ölçegi islendik babatda 50 santimetrden geçmeli däldir. Ýasalan zada awtorynyň adyny we familiýasyny, ýaşyny, ýasalan zadyň adyny we ulanylan materialyň gysgaça beýanyny görkezýän ýarlyk ýelmenmeli. Işler «Ylym» neşirýatynda 22-nji aprele çenli kabul edilýär. Salgysy: Azady köçesi, 61-nji jaý, 2-nji gat.Goşmaça maglumaty +99361893832 telefon belgi ýa-da tebigatchy.jemg@gmail.com elektron salgysy arkaly alyp bilersiňiz.

News
15.04.2024
151

Türkmenistan we ABŞ her ýylky türkmen-amerikan syýasy geňeşmelerini geçirdi

2024-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda ýyllyk syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi. Gepleşikleriň barşynda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan wekiliýetine ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça orunbasary Jon Pommerşaým ýolbaşçylyk etdi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.Duşuşykda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem taraplar sebit we ählumumy howpsuzlyk meselelerine garadylar. Syýasy meseleler bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde söwda-ykdysady gatnaşyklar, ekologiýa, medeniýet, bilim we ynsanperwer meseleleri bellenildi. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde aýlyk ýygnaklary geçirmegiň we bilim pudagynda ýol kartasyny tassyklamagyň wajyplygy bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň we ABŞ-nyň medeni we bilim maksatnamalaryna ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ygrarlydyklaryny tassyklaýan bilim pudagynda özara düşünişmek barada Ähtnamanyň ähmiýeti nygtaldy. Mundan başga-da duşuşyga gatnaşyjylar C5+1 formatyndaky köptaraplaýyn diplomatik meýdançany goldaýandyklaryny tassykladylar.Gepleşikleriň dowamynda taraplar ekologik meseleleri çözmegiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny bellediler. Agzalan ugurda amerikan tarapy Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagyny gutlady.Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagynyň gatnaşyklary berkitmekde we möhüm meseleleri çözmekde utgaşdyrylan çemeleşmeleri ösdürmäge mümkinçilik berjekdigi barada ylalaşdylar.Duşuşygyň ahyrynda taraplar ýyllyk syýasy geňeşmeleriň türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem berkitmegiň oňyn häsiýetli meýdançasy bolup durýandygyny nygtadylar.

News
13.04.2024
176

Türkmenistan 2025-2029-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna kabul edildi

2024-nji ýylyň 9-njy aprelinde EKOSOS-yň Guramaçylyk sessiýasynyň işiniň çäklerinde Geňeşiň kömekçi edaralaryna saýlawlar geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.Geçirilen saýlawlaryň dowamynda EKOSOS-yň agzalary 2025-2029-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna Türkmenistanyň dalaşgärligini bir agyzdan goldadylar.Şeýlelik bilen, Türkmenistan 2020-nji ýylda saýlanandan soň agzalan Komissiýanyň agzasy hökmünde öz ýerine ýetirýän wezipelerini dowam etdirer.

News
12.04.2024
78

Okuw – usuly Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 30-njy martynda I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda döredilen okuw – usuly Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda Türkmenistanyň Kanunyndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesle okatmagyň innowasion usullaryny peýdalanyp bilim bermek, ýaşlary watansöýüji, ahlakly, tutanýerli, zähmetsöýer ruhda terbiýelemek barada meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de mejlisiň barşynda orta hünär okuw mekdeplerinde bilimiň hilini ýokarlandyrmak, okatmagyň täze usullaryny durmuşa ornaşdyrmak meseleleri giňişleyin ara alnyp maslahatlaşyldy.