TM RU EN

Mary lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
11.12.2024
245

Senagat gurluşygynda metal we demir-beton konstruksiýalar

Bu okuw kitabynda senagat gurluşyk işlerinde metal we demir-beton görnüşli konstruksiýalaryň, desgalaryň gurluşygynyň hasaplama we nusgalyk taslama meseleleriniň ýerine ýetirilşiniň, şeýle-hem olary tejribe taýdan durmuşa geçirilşiniň inžener-tehnologik aýratynlyklary we prosesleriň umumylaşdyrylan häsiýetnamalary barada derwaýys maglumatlar beýan edilendir. Häzirki wagtda gurluşyk işlerinde metal we demir-beton konstruksiýalary örän giňişleýin ugurlar boýunça ulanylyp, olaryň tehniki taýdan ýokary hil häsiýetnamaly we uzak wagtly hyzmat edijilik möhletiniň gazanylmagy inženerçilik üçin örän wajypdyr. Bu okuw kitaby esasan-hem tehniki ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna “Senagat gurluşygynda metal we demir-beton konstruksiýalar” dersini öwretmek üçin niýetlenilendir. Mundan başga-da senagat gurluşygy we geodeziýa ugry boýunça okuw-ylmy we taslama işleri alyp barýan inžener-gurluşykçylar, inžener-mehanikler, talyplar, aspirantlar we önümçilik-hünärmenler hem bu kitapdan peýdalanyp bilerler. Senagat we raýat jaý gurluşyklary halk hojalygyny düýpli özgertmekde uly rola eýedir. Jaý gurluşygynyň dürli usullaryny öwrenmek, olary durmuşa ornaşdyrmak, has kämilgurluşyk guramalarynyň taslamasyny işläp düzmek şu maksatnamanyň esasy wezipesidir.

News
10.12.2024
105

Sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr

2024 ýylyň 6-njy dekabrynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda “Bitaraplyk, doganlyk – saýlan aýdyň ýolumyz! Bitewüdir asman-Ýer, bitewi ykbalymyz” şygary bilen Türkmenistanyň Bilim ministirligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministirligi, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde geçirilýän “Sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr” ady bilen geçirilýän sport ýaryşyna ähli hünär okuw mekdepleri gatnaşdylar we baýrakly orunlara mynasyp boldylar. Ýaryşyň netijesi:1-nji orun “Şaşka” oýny boýunça- I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyplary Rahmanow Maksat, Berdinazarowa Jennet3-nji orun “Düzzüm” oýny boýunça -I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyplary Kakalyýew Daýanç, Orazdurdyýewa Selbi 2-nji ýyl talyp3-nji orun “Küşt” oýny boýunça-I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyplary Orazow Ibraýym, Baýsähedowa Ýasemin

News
10.12.2024
135

Zehin bäsleşigi geçirildi

2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 20-sine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Diller kaferdrasynyň gurnamagynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça “Magtymguly Pyragynyň paýhas ummany – ýagty geljegiň şamçyragy” ady bilen talyplaryň arasynda daşary ýurt dillerinde zehin bäsleşigi geçirildi. Zehin bäsleşiginde talyplar Magtymgulynyň döredijiligi bilen içgin gyzyklanýandyklaryny, onuň eserlerini daşary ýurt dillerinde okaýandyklaryny berlen soraglara dogry we dürs jogap bermek arkaly beýan etmegi başardylar.

News
09.12.2024
276

Maýyşgaklyk nazaryýeti

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde geljegimiz bolan ýaşlaryň dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk gelýän derejede bilim almagy üçin ähli işler edilýär.Bu okuw kitabynda senagat gurluşyk işlerinde we gurluşyk tehnologik proseslerinde ýerine ýetirilýän tehniki amallary üçin zerur bolan materiallaryň, serişdeleriň we inženerçilik desgaly düzüjileriniň maýyşgaklyk kriteriýasy boýunça käbir matematiki modelirlemeleriniň we hasaplamalarynyň ýerine ýetiriliş yzygiderliligi barada derwaýys maglumatlar beýan edilendir. Bu okuw kitaby esasan-hem tehniki ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna “Maýyşgaklyk nazaryýeti” dersini öwretmek üçin niýetlenilendir. Mundan başga-da senagat gurluşygy we geodeziýa ugry boýunça okuw-ylmy we taslama işleri alyp barýan inžener-gurluşykçylar, inžener-mehanikler, talyplar, aspirantlar we önümçilik-hünärmenler hem bu kitapdan peýdalanyp bilerler. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti

News
08.12.2024
192

ÝOKARY WE ÝÖRITE ORTA SAZÇYLYK, SUNGAT MEKDEPLERI ÜÇIN TÄZE OKUW GOLLANMASY NEŞIR EDILDI

Gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan türkmen halkynyň aýdym-saz sungaty özüniň çuň many-mazmunlylygy we çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýar. Nesilden-nesle geçip, özüniň gymmatyny ýitirmän, şu günlere çenli gelip ýeten halk-professional aýdym-saz sungaty häzirki döwürde has-da uly ösüşe eýe boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Türkmeniň Şükür bagşy, Hally bagşy, Täçmämmet Suhanguly, Sary bagşy, Oraz Salyr, Mylly aga, Magtymguly Garly, Sapar Bekiýew, Pürli Saryýew, Sahy Jepbarow, Nurjemal Adyýewa, Çary Täçmämmedow, Ödenyýaz Nobatow, Gurt Ýakubow, Nurberdi Gulow, Mustak Aýmedow, Ýagmyr Nurgeldiýew, Akjagül Myradowa, Ilaman Annaýew kimin ussat bagşy-sazandalary köp. Nury Halmämmedow, Daňatar Öwezow, Weli Muhadow, Çary Nurymow ýaly zehinli kompozitorlarymyzyň her biriniň döredijiligi giden bir ummandyr. Olaryň aýdýan aýdymdyr dessanlary, çalan we döreden sazlary halkymyza ruhy goldaw berip, ýagty ertirlere ataryp geldi.» Neşir edilen täze okuw gollanmasy «Türkmen kompozitorlarynyň instrumental eserlerinde sonata formasy» (awtory: R.Amangeldiýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) diýlip atlandyrylýar. Onda türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginiň özboluşlylygy, köptaraplylygy, tapawutly aýratynlyklary, şahsylygy, dürli ugurlary, saz formasy boýunça öwrenilmäge mynasypdygy bellenilýär. Sazşynaslyk ylmynda forma meselesiniň aýratyn orny eýeleýändigi hem bellärliklidir. Ol birnäçe ýüzýyllyklaryň dowamynda kämilleşip gelýär. Sonata formasynyň, dünýä saz medeniýetiniň taryhy ýolundan belli bolşy ýaly, eseriň dramatik ýörelgesiniň özgerişi babatynda, beýleki nusgawy gurluşlardan öňe gidijilikli ösüşi, içki hereketi boýunça has işjeňligi, täsirliligi we dramaturgiýa babatynda bitewüligi bilen tapawutlanýandygy beýan edilýär.Okuw gollanmasynda türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde sonata formasynyň nusgawy-romantik görnüşi, türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde sonata formasynyň baýlaşdyrylmagyna esasy ymtylyşlar dogrusynda giňişleýin durlup geçilýär.Türkmen kompozitorlarynyň instrumental eserlerinde sonata formasynyň ulanylyşyny ýüze çykarmaga bagyşlanylan bu gollanmada sonata dürli gurluş we perde-tonal görnüşlerinde beýan edilýär. Şeýle hem soňky (geçen asyryň 80-nji ýyllaryndan soňky) döwre degişli eserlerde ulanylan sonata formasynyň nusgawy-romantiki däplerden daşlaşýandygy subut edilýär. Okuw gollanmasyndan ýokary we ýörite sazçylyk, sungat mekdepleriniň talyplary, mugallymlary, saz sungaty bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligi peýdalanyp bilerler.

News
04.12.2024
191

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň alyp barýan işi bilen tanyşdyryş

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzda bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli ugurlaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek hem-de sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak boýunça uly tagallalar edilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň ýanwar aýynyň 31-ne gol çeken 1616 belgili Karary esasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň döredilmegi durmuşa geçirilýän tagallalaryň täze depgine eýe bolmagyna uly goşant goşdy. Dünýäniň öňdebaryjy döwletleri hasaplanýan Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Singapur ýaly ýurtlaryň tejribesinden ugur alnyp döredilen Merkeziň işiniň esasy maksady, bilim bermegiň ähli ulgamlaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, bilim edaralaryna sanly ulgam üçin zerur bolan elektron okuw-görkezme esbaplary, okuw wideo we audio materiallary, elektron okuw kitaplary we gollanmalary taýýarlamaga ýardam bermekden, bilim edaralarynyň maglumat we innowasiýa tehnologiýalary babatdaky işlerini utgaşyklylykda alyp barmakdan hem-de bilim maksatnamalary boýunça bilim bermekden ybaratdyr.Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi köpsanly hyzmatlary hödürlemek bilen, bilim bermegiň soňky gazananlary esasynda işlerini ýokary depginde alyp barýar. Merkez Innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak; Hünär kämilleşdirmek okuwlary; Programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak; Serwis işlerini alyp barmak; Elektron hyzmatlary döretmek; Swiç, serwer enjamlaryny gurnamak; Edaralaryň içki torunda programma goldawyny bermek; SSL sertifikaty goýup bermek; Gözegçilik merkezine programma (Syslog-log)-(Zabbix)-(Wazuh) üpjünçiligini gurnamak we sazlamak; Web bilim portalyny gurnamak; Bilim portalyna tehniki goldaw bermek; Firewall gorag enjamyny we onuň ygtyýarnamasyny gurnamak we sazlamak; Serwer otagyna bildirilýän talaplary berjaý etmek; Optika we ethernet kabelleri gurnamak; VPS-den VDS-e tehniki goldawyny ornaşdyrmak; ODF 8-lik kebşirleme ýerleşdirip goýmak we gurnamak; "Proxmox Virtual Environment" açyk çeşme wirtuallaşdyryş ulgamyny gurnap sazlamak; Elektron resminama dolanşygy ulgamyny ornaşdyrmak ýaly hyzmatlary hödürleýär. Bular bolsa sanly bilim ulgamynyň ösmegi, nesilleriň bilim derejesiniň kämilleşmegi üçin möhüm mümkinçilikleri özünde jemleýär.Innowasiýa maglumat merkezinde okuwçylaryň dürli zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin döredilen dürli okuw kurslary hereket edýär. Bilim bermegiň dürli usullary boýunça okatmagyň täze gazananlaryny hödürleýän ýurdumyzda Sanlylaşdyrmak boýunça degişli okuw kurslary diňleýjileriň öz islegine laýyklykda, irdenki, öýlänki ýa-da agşamky okadylýan sapaklary saýlap bilýär.Mundan başga-da, Türkmenistanyň Bilim müdirliklerinde we ähli umumybilim edaralarynda, bilim işgärleriniň işini awtomatlaşdyrmak arkaly sanly bilim ulgamyna geçmek we onuň üsti bilen ene-atalara, mugallymlara hem okuwçylara goşmaça sanly hyzmatlary hödürlemek üçin döredilen “Sanly bilim” sanly ulgamy ýokary derejeli hyzmatlary bilen öz işini dowam etdirýär. Innowasiýa maglumat merkezine degişli bolan “E-mekdep” dolandyryş ulgamy häzirki wagtda sanly hyzmatlaryň köpsanly görnüşini özünde jemleýär. “E-Mekdep” dolandyryş ulgamynyň mümkinçilikleriniň we amatlyklarynyň birnäçesi şulardan ybarat:• Okuwçylara we mugallymlara wirtual synp otagynda habarlaşmaga, öwrenmäge we onlaýn hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik berýär.• Okuwçylara mugallymlardan seslenme almaga, ösüşlerini we gazananlaryny yzarlamaga we şahsylaşdyrylan okuw tekliplerini almaga mümkinçilik berýär.• Sanly mekdep ulgamy bilimiň hilini we elýeterliligini ýokarlandyrýar, has gyzykly, täsirli we ykjam bilim almaga şert döredýär.• Sanly mekdep platformasy, tankydy pikirlenmek, aragatnaşyk, hyzmatdaşlyk, döredijilik we ş.m. ýaly okuwçylarda we mugallymlarda sanly ulgam başarnyklarynyň ösmegine kömek edýär.Häzirki wagtda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň birnäçe bölümleri bolup, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda hem-de Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Merkeziň bölümleri hereket edýär. Merkeziň täze bölümini ýakyn wagtda Balkan welaýatynda açmak göz öňünde tutulýar.Ýokarda bellenilip geçilenlerden başga-da, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi mugt we tölegli esasda, ýöne bir maşgala agzalary üçin giňden arzanladyş ulgamy bilen dürli hyzmatlary hem hödürleýär. Maýyp çagalar we pensionerler hepdede iki gezek kompýuter sowatlylygy okuwlaryndan mugt peýdalanyp bilerler. Şeýle hem bu ýerde hepdede bir gezek dürli ýaşdaky raýatlar üçin 1 sagat dowam edýän sanly tehnologiýalar barada giriş sapaklary geçirilýär. Bularyň ählisi bolsa hormatly Prezidentimiziň sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

News
03.12.2024
95

Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky innowasiýalar

Häzirki wagtda ähli ugurlarda innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy döwletleriň ykdysadyýetiniň ösüşiniň we bäsdeşlige ukyplylygynyň esasy çeşmesidir. Dünýäde täze innowasiýaly startap ideýalaryny işläp taýýarlaýan işewürlik inkubatorlarynyň takmynan 40% bilim edaralarynda işleýär. Innowasiýa kompaniýasynyň özeni bolan ylmy ösüşler, adatça gözleg laboratoriýalarynda, ýokary okuw jaýlarynda ylmy işgärler, mugallymlar we talyplar tarapyndan ýerine ýetirilýär. Hut bilim-ylym toplumlarynda köplenç guramaçylyk, hukuk we tehniki goldawy talap edýän ideýalaryň we ylmy işläp taýýarlamalaryň ýokary potensialy bolýar.Milletiň lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurduň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tarapyndan ýurduň innowasiýaly ykdysadyýete geçmegini çaltlaşdyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerini ýerine ýetirmek üçin, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Milli jemgyýetçilik bileleşikleri “Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesi” we «Türkmenistanyň ýaşlarynyň üstünlikleri» bilen bilelikde hem-de üstünlikli işleýän “Maslahatly Çözgüt”, “Startap Merkezi” we “Eksport Konsalting” işewürlik inkubatorlarynyň goldawy bilen, 17 sany ýokary we orta hünär okuw jaýlarynyň mugallymlary we işgärleri üçin “Hünär bilim edaralarynda innowasiýaly telekeçiligiň platformalaryny ösdürmek. Işewürlik-halypaçylygynyň esaslary” atly ýörite okuwy guradylar.Şu ýylyň 29-njy noýabryndan 10-njy dekabry aralygynda ýurduň ähli welaýatlarynyň hünär okuw mekdeplerinden 31 sany gatnaşyjy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň diwarlarynda Türkmen-Hindi innowasion tehnologiýalary merkeziniň binýadynda okuwa başladylar. Okuwyň esasy maksatlary, ýurduň 17 sany okuw jaýlarynyň ählisinde startap-platformalaryny (işewürlik-inkubatorlary) döretmek we bu platformalar üçin işgärleri taýýarlamak, şeýle hem ideýalaryň ýaş ýazyjylaryna – startaperlere innowasion taslamalaryny durmuşa geçirmäge kömek etjek halypalary taýýarlamakdyr. Okuw maksatnamasy startapy işe girizmegiň tehnologiýasy, startaplar üçin netijeli marketing strategiýalary, startaplary amala aşyrmagyň gözegçiliginiň sanlylaşdyrylmagy, tehnologiýa ugurlary, emeli intellekt we ony ulanmagyň etiki taraplary, startaplaryň ösüş tapgyrlary we halypaçylyk prosesleri, şeýle-de beýleki köp sanly döwrebap we zerur soraglar ýaly, möhüm we häzirki zaman temalaryny öz içine alýar. Gatnaşyjylaryň işewürlik kompaniýalarynda degişli iş endiklerini almaklary üçin iş ýüzünde gatnaşmaklary hem göz öňünde tutulýar.Okuwy guraýjylar, onuň durmuşa geçirilmeginiň ýurduň bilim edaralarynda innowasion çemeleşmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine we bu işleriň täjirleşdirilmegi arkaly hünär bilim edaralarynyň işiniň durnuklylygynyň ýokarlanmagyna itergi bermegine bil baglaýarlar, bu bolsa ahyrky netijede biziň ýurdumyzyň çaltlaşdyrylan ykdysady ösüşine gönükdirilendir.

News
02.12.2024
116

Türkiýäniň Ankara şäherinde geçirilen çärelere türkmen wekiliýeti gatnaşdy

Ylym-bilim ulgamyna degişli düzümdäki türkmen wekiliýeti ýaňy-ýakynda – 2024-nji ýylyň 28-29-njy noýabrynda Türkiýäniň Ankara şäherinde geçirilen çärelere gatnaşdy. Has takygy, 28-nji noýabrda Ankaranyň Sosial bilimler uniwersitetinde Türkiýäniň ylmy işgärleriniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu duşuşykda iki ýurduň belli alymlary we edebiýatçylary beýik türkmen akyldary, filosofy, şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň hazynasyna goşan goşandy, türkmen-türk dostluk-doganlyk hyzmatdaşlyklarynyň çäklerinde ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryndaky geljekki mümkinçilikler barada pikir alyşdylar. Şeýle hem günüň ikinji ýarymynda Ankara uniwersitetiniň Dil we taryh-geografiýa fakultetinde duşuşyk guraldy. Bu ýerde uniwersitetiň Dil we taryh-geografiýa fakultetiniň türkmen dili mugallymy Berdi Saryýew hem-de mugallym Seljan Şahin we birnäçe talyplaryň gatnaşmagynda söhbetdeşlik boldy.2024-nji ýylyň 29-njy noýabrda TÜRKSOÝ Halkara guramasynyň Ankarada ýerleşýän ştab-kwartirasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň, bu Halkara guramanyň Magtymguly Pyraga bagyşlan kitabynyň, şeýle hem Türkmenistana – Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan žurnalynyň ýörite sanynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabarada taryhy kökler, geçilen ýollar, häzirki döwrüň aýratynlyklary, geljege uzaýan nazarlar, maksatlarymyzyň birligi, halklarymyzyň agzybirligi, dostlugy barada buýsançly çykyşlar edildi.Şol günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň binasynda (Türkiýaniň Ankara şäheri) Magtymguly Pyragy adyndaky ylmy-barlag merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu çärä Türkýäniň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, diplomatlar, belli edebiýatçylar we jemgyýetçilik işgärleri, türkmen toparynyň, talyp ýaşlarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Magtymguly Pyragy adyndaky ylmy-barlag merkeziniň açylyş dabarasynyň yzysüre merkezde türkmen milliligine degişli käbir kitaplary, suratkeşleriň çeken suratlaryny, halkymyzyň el işlerini özünde jemleýän serginiň guralmagy hem bu çärä gelenleri biparh goýmady. Soňra Magtymguly Pyragy adyndaky ylmy-barlag merkeziniň 1-nji maslahaty öz işine başlady. Maslahatda bu ylmy-barlag merkeziň maksady we wezipeleri, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça Geňeşiniň “Dünýäniň hakydasy” atly halkara maksatnamasynyň sanawyna girizilen türki halklaryň medeni-ruhy gymmatlyklary, türkmen milli edebi mirasynyň esasy çeşmeleri, türkmen edebiýatynda gelin-gyzlar bilen baglanyşykly söz baýlygynyň ylmy derňewi, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly bilen baglanyşykly öwrenilişi hakynda çykyşlar guraldy we pikirler alşyldy.Bu ylmy-barlag merkeziniň açylmagy türkmen halkynyň gadymy we baý taryhyny, şol sanda edebiýatyny, däp-dessuryny, edim-gylymyny, özüni alyp barşyny we ş.m. öwrenmäge hem-de dünýä ýaýratmaga täze itergi berer. Şunuň bilen baglanyşykly sözler bu ýerde edilen çykyşlarda öz beýanyny tapdy.Türkiýäniň Ankara şäherinde geçirilen çärelere türkmen wekiliýeti gatnaşdyYlym-bilim ulgamyna degişli düzümdäki türkmen wekiliýeti ýaňy-ýakynda – 2024-nji ýylyň 28-29-njy noýabrynda Türkiýäniň Ankara şäherinde geçirilen çärelere gatnaşdy. Has takygy, 28-nji noýabrda Ankaranyň Sosial bilimler uniwersitetinde Türkiýäniň ylmy işgärleriniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu duşuşykda iki ýurduň belli alymlary we edebiýatçylary beýik türkmen akyldary, filosofy, şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň hazynasyna goşan goşandy, türkmen-türk dostluk-doganlyk hyzmatdaşlyklarynyň çäklerinde ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryndaky geljekki mümkinçilikler barada pikir alyşdylar. Şeýle hem günüň ikinji ýarymynda Ankara uniwersitetiniň Dil we taryh-geografiýa fakultetinde duşuşyk guraldy. Bu ýerde uniwersitetiň Dil we taryh-geografiýa fakultetiniň türkmen dili mugallymy Berdi Saryýew hem-de mugallym Seljan Şahin we birnäçe talyplaryň gatnaşmagynda söhbetdeşlik boldy.2024-nji ýylyň 29-njy noýabrda TÜRKSOÝ Halkara guramasynyň Ankarada ýerleşýän ştab-kwartirasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň, bu Halkara guramanyň Magtymguly Pyraga bagyşlan kitabynyň, şeýle hem Türkmenistana – Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan žurnalynyň ýörite sanynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabarada taryhy kökler, geçilen ýollar, häzirki döwrüň aýratynlyklary, geljege uzaýan nazarlar, maksatlarymyzyň birligi, halklarymyzyň agzybirligi, dostlugy barada buýsançly çykyşlar edildi.Şol günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň binasynda (Türkiýaniň Ankara şäheri) Magtymguly Pyragy adyndaky ylmy-barlag merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu çärä Türkýäniň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, diplomatlar, belli edebiýatçylar we jemgyýetçilik işgärleri, türkmen toparynyň, talyp ýaşlarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Magtymguly Pyragy adyndaky ylmy-barlag merkeziniň açylyş dabarasynyň yzysüre merkezde türkmen milliligine degişli käbir kitaplary, suratkeşleriň çeken suratlaryny, halkymyzyň el işlerini özünde jemleýän serginiň guralmagy hem bu çärä gelenleri biparh goýmady. Soňra Magtymguly Pyragy adyndaky ylmy-barlag merkeziniň 1-nji maslahaty öz işine başlady. Maslahatda bu ylmy-barlag merkeziň maksady we wezipeleri, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça Geňeşiniň “Dünýäniň hakydasy” atly halkara maksatnamasynyň sanawyna girizilen türki halklaryň medeni-ruhy gymmatlyklary, türkmen milli edebi mirasynyň esasy çeşmeleri, türkmen edebiýatynda gelin-gyzlar bilen baglanyşykly söz baýlygynyň ylmy derňewi, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly bilen baglanyşykly öwrenilişi hakynda çykyşlar guraldy we pikirler alşyldy.Bu ylmy-barlag merkeziniň açylmagy türkmen halkynyň gadymy we baý taryhyny, şol sanda edebiýatyny, däp-dessuryny, edim-gylymyny, özüni alyp barşyny we ş.m. öwrenmäge hem-de dünýä ýaýratmaga täze itergi berer. Şunuň bilen baglanyşykly sözler bu ýerde edilen çykyşlarda öz beýanyny tapdy.

News
29.11.2024
82

ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEPLERINIŇ TALYPLARYNYŇ DERS BÄSLEŞIKLERI JEMLENDI

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda matematika, fizika we informatika boýunça ders bäsleşikleriň jemleri jemlendi. Onuň 2-nji tapgyrynda, ýagny 25-nji noýabrda matematika, 26-njy noýabrda fizika, 27-nji noýabrda informatika dersleri boýunça bäsleşikler guraldy.Mälim bolşy ýaly, bu bäsleşik «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny, şeýle hem Türkmenistanyň bilim ministriniň 2022-nji ýylyň 7-nji martyndaky 77 belgili «Ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda bilim boýunça özara hyzmatdaşlygy üpjün etmek hakynda» Buýrugyny ýerine ýetirmek we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen guraldy.Düzgünnama laýyklykda, bäsleşik ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 2 tapgyrda şahsy bäsleşik görnüşinde geçirildi.15-16-njy noýabrda ders bäsleşiginiň 1-nji tapgyry geçirilipdi. Bäsleşigiň 2-nji — döwlet tapgyry S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kitaphanasynda geçirildi. Onuň ýeňijileri medallar we Diplomlar bilen sylaglanar.Matematika dersinden bäsleşigiň netijesi bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.Fizika dersinden bäsleşigiň netijesi bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.Informatika dersinden bäsleşigiň netijesi bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

News
28.11.2024
287

Adam we tebigat gatnaşyklaryndan söz açýan okuw gollanmasy

Edebiýatda tebigat temasy gadymy döwürlerden beýan edilip gelinýär. Tebigat temasynyň işlenilişiniň taryhy köklerini, çeperçilik gymmatlyklaryny, ösüş ýagdaýlaryny, peýzaž lirikasynyň inçeligini açyp görkezmek, beýan edilýän tebigatyň durmuş hakykatyna gatnaşygyny ylmy esasda derňäp öwrenmek wajyp bolup durýar.Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň pedagogika kafedrasynyň uly mugallymy Ogulbäbek Amandurdyýewa tarapyndan taýýarlanyp, «Ylym» neşirýaty tarapyndan neşir edilen «XVIII asyr türkmen edebiýatynda adam we tebigat gatnaşyklary» atly okuw kitabynda nusgawy edebiýatymyzda ynsanyň tebigata bolan gatnaşygynyň mazmuny, usuly, serişdeleri, Watan tebigatyna bolan söýginiň watançylyk terbiýesini, ekologiýa terbiýesini bermekdäki ähmiýeti ylmy derňew edilýär.Döwrüň möhüm meselelerine bagyşlanyp taýýarlanylan bu okuw kitaby XVIII asyr türkmen edebiýatyndaky maglumatlara esaslanyp, tebigat bilen adam gatnaşyklarynyň mazmuny, gözellik duýgularynyň şahyrana döredijilige täsiri barada söhbet açmak bilen talyplara ekologiýa terbiýäni bermekde ähmiýetlidir.«XVIII asyr türkmen edebiýatynda adam we tebigat gatnaşyklary» atly bu kitap ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna, talyplaryna, aspirantlara, orta mekdebiň mugallymlaryna, şeýle-de gyzyklanýan okyjylar köpçüligine niýetlenendir.Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti