TM RU EN

Mary lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
27.11.2024
211

Halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady

27-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasy şeýle hem umumy mejlisi geçirildi.Halkara maslahatyň açylyş dabarasyna we umumy mejlisine Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Ýaponiýadan, Türkiýeden, Gazagystandan, Özbegistandan, Azerbaýjandan, Täjigistandan, Ermenistandan we Türkmenistandan professor-mugallymlar hem-de alymlar gatnaşdylar.Umumy mejlisde çykyş eden professor-mugallymlar Bitarap Türkmenistanda Türkmen halkynyň Milli Lideri we Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti tarapyndan alnyp barylýan parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň esasynda halkara hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini, sebitde we dünýäde stragetik hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alnyp barylýan işler, şol sanda häzirki wagtda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan geçirilýän «Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň döwletara gatnaşyklarynda, halklary bitewileşdirmekde oňyn çözgüde eýe bolýandygyny belläp geçdiler. Şonuň ýaly-da, maslahata gatnaşyjy daşary ýurtly alymlar himiýany okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi bilen baglanyşykly ylmy nutuklar bilen çykyş etdiler.Halkara ylmy-amaly maslahatynyň işi “Himiýa okatmagyň döwrebap usullary we olary kämilleşdirmegiň ýollary”, “Täze himiýa tehnologiýalaryny işläp düzmegiň meseleleri we geljegi” hem-de “Tebigy ylymlaryň häzirki zaman ösüşinde innowasiýa tehnologiýalarynyň orny” atly bölümleriň üçüsinde alnyp barlar.Halkara maslahatyň umumy mejlisiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylym-bilim ulgamyny we ýaşlar syýasatyny ösdürmek bilen, halkara tejribesini öwrenmek bilen ylmy garaýyşlary alyşmaga, häzirki zaman şerlerine laýyklykda bilimiň we ylmyň hil hem-de mazmun derejesini halkara derejesinde dabaralandyrmakda durmuşa geçirýän tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we Türkmenistanyň hormatly Prezidentine jan-saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowana ýollarda üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.Dabara bilen ugurdaş Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda kitap hem-de himiki tehnologiýalaryň ösüşi bilen baglanyşykly gymmatlyklaryň sergisi guraldy. Şonuň ýaly-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň dutarçylar topary tarapyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, berkarar Watanymyzy, milli gymmatlyklarymyzy, türkmen ýaşlaryny wasp edip ýerine ýetirilen aýdymlar halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

News
26.11.2024
168

“Bilim” žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Bilim” ylmy-usuly žurnalynyň 5-nji sany çapdan çykdy. Žurnalyň bu sany taýýarlananda, redaksiýanyň işgärleri ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen Konsepsiýalaryň esasy mazmunyndan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, bilim berlişine sanly we emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak baradaky talaplaryndan ugur alyndy. Žurnaly açýan “Döwrebap ösdürilýän bilim ulgamyndaky üstünlikler” atly makalada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hünärmeni Dörtguly Oraznepesow bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler barada gürrüň berýär. Žurnalyň bu sanynyň aýratynlyklaryndan biri onda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan her ýyl geçirilýän bilim işgärleriniň awgust maslahatlary barada gürrüň berilýär we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň tejribeli ýolaşçylarynyň bu maslahatlardaky çykyşlary çap edilendir. Žurnalyň sahypalarynyň aglaba bölegi ylmy makalalara bagyşlanandyr we şolardan 12-si ýerleşdirilendir. Şeýle hem, žurnaldaky usuly makalalaryň 2-si mekdebe çenli terbiýä bagyşlanandyr. Maral Atajumaýewa özüniň “Körpeleri mekdebe taýýarlamagyň esaslary” atly usuly makalasynda we Aýgül Poşaýewa “Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpelere berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyklykda ýokarlandyrmagyň ýollary” atly işinde körpeleri terbiýelemekde halkara tejribelerini öwrenip, ýurdumyzda gazanylan netijeler barada söhbet açýar. Umumybilim berýän mekdeplerde okatmagyň usulyýetine bagyşlanan bölümde tejribeli mugallymlaryň usuly makalalary çap edildi. Bu makalalarda umumybilim berýän mekdeplerde okadylýan ylmy ugurly dersler boýunça bilim bermekde ulanylýan usuly tärler we olary kämilleşdirmegiň ýollary açylyp görkezilýär.Orta hünär bilimi bölüminde çap edilen makala ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdeplerinde taryh we jemgyýeti öwreniş ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň innowasion tehnologiýalaryna bagyşlanandyr. Makalanyň geljekki mugallymlary taýýarlamakda ähmiýetli orny bardyr.“Ýokary bilim” rubrikasynda makalalaryň 8-si çap edilip, olar ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň usulyýetine degişli bolup, sapagyň nazary esaslarynyň güýçlendirilmegi üçin mugallymlara kömek bolup biljek ylmy maglumatlara baýdyr. Olarda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň tejribeli professor-mugallymlary öz baý tejribelerini kärdeşleri bilen paýlaşýarlar. Žurnalda çap edilen makalalaryň many-mazmunynyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamynda amala aşyrýan düýpli özgertmelerini goldamak, ösdürmek, şol özgertmeleriň her bir bilim işgäriniň öňünde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmek bilen bagly meseleleri gozgaýandygy, bu wezipäni berjaý etmegiň ýollaryny salgy bermäge gönükdirilendigi aýratyn bellenilmäge degişlidir.REDAKSIÝA

News
25.11.2024
205

UMUMY ORTA BILIM BERÝÄN MEKDEPLERIŇ III SYNPY ÜÇIN “NEMES DILI” OKUW KITABYNYŇ TÄZE NEŞIRI

Diýarymyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bilim ulgamy jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz çykyşlarynda milli bilim ulgamyny ösdürmegiň, ýaşlar syýasatyny amala aşyrmagyň, orta mekdepleriň okuw maksatnamalaryny, okuw kitaplarydyr gollanmalaryny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmegiň wajyplygyny belleýär. Şoňa laýyklykda bilim işgärleri, awtorlar, neşrýatçylar we beýlekiler tarapyndan bilelikde uly işler durmuşa geçirilýär.Ýaňy-ýakynda umumy orta bilim berýän mekdepleriň III synpy üçin “Nemes dili (I daşary ýurt dili)” okuw kitabynyň 3-nji neşiri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hödürlemegi bilen Türkmen döwlet neşrýat gullugy tarapyndan çap edildi. M.Nurlyýewanyň O.Garaýewanyň hem-de O.Nuryýewanyň awtorlygyndaky bu okuw kitaby “Meniň mekdebim”, “Men we meniň daş-töweregim”, “Meniň hepdäm”, “Beden agzalary”, “Ýol hereketi”, “Pasyllar”, “Wagt (sagat)”, “Meniň günüm” we “Meniň Watanym” ýaly baplardan ybarat. Bu temalary özleşdirmek üçin taýýarlanylan öwrediji ýumuşlar we gönükmeler daşary ýurt dili sapagyna mahsus bolan esasy 5 endigi: diňleýiş, sözleýiş, okuw, ýazuw we terjime endiklerini ösdürmäge niýetlenen.“Nemes dili. 3” okuw kitaby taýýarlananda okuwçylaryň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, ýönekeýden çylşyrymla geçmek ýörelgesi esasynda, şeýle hem öňdebaryjy daşary ýurt tejribesinden netijeli peýdalanyldy.III synp üçin çap edilen “Nemes dili” okuw kitabynyň mazmuny we ondaky temalar bilen bagly ýerleşdirilen reňkli suratlar ösüp gelýän ýaş neslimize nemes dilini netijeli öwretmäge, olarda dil öwrenmeklige bolan gyzyklanmany hem-de höwesi ýokarlandyrmaga uly itergi berer.Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň III synpy üçin “Nemes dili” okuw kitaby okuwçylaryň nemes dilinde diňläp düşünmek, okamak, ýazmak, berlen sowala düşünmek we jogap bermek, gürlemek, sözlemleri terjime etmek, grammatiki we orfografiki kadalary ulanyp bilmek ýaly ukyp-başarnyklaryny we endiklerini artdyrmaga hem-de öwrenilýän diliň ýurdunyň, şeýle-de eziz Watanymyzyň medeniýetiniň hem-de däp-dessurlarynyň aýratynlyklaryny öwrenmekde we gözýetimini giňeltmekde has ähmiýetli bolar.Türkmenistanyň Bilim ministrliginiňOkuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi

News
23.11.2024
169

TÄZE BIOLOGIÝA OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň uly tagallalary netijesinde ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň çuňňur we ýokary hilli bilim almaklary, okatmagyň usulyýetiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi, döwrebap okuw kitaplarynyň işlenilip taýýarlanylmagy we neşir edilmegi babatynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Täze, döwrebap okuw kitaplarynyň yzygiderli neşir edilmegi bagtyýar ýaş nesillerimiziň dürli okuw dersleri bilen birlikde biologiýa dersini hem has-da kämil derejede öwrenmeklerine, olaryň tebigy bilimler boýunça sowatlylygyny ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär.Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan umumy orta bilim berýän mekdepleriň rus dilinde okadylýan 11-nji synpy üçin täze biologiýa okuw kitaby (С.Дурдыев, Л.Старакулова, Н.Базарова. Биология (общая биология). Учебник для 11 класса с русским языком обучения общеобразовательных средних школ. 152 с.) neşir edildi. Bu okuw kitaby Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylan bilim Konsepsiýalarynda, şol sanda «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda» we «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» kesgitlenen maksatlara we wezipelere laýyklykda işlenip düzüldi. Täze neşir ösüp gelýän ýaş nesle biologiýany öwretmegiň hilini ýokarlandyrmak, mazmunyny baýlaşdyrmak hem-de okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işlerinde esasy ýörelge bolup hyzmat eder. Munuň ýurdumyzyň bilim ulgamynyň doly orta bilim derejesinde biologiýany öwretmegiň milli we dünýä innowasion tejribesiniň soňky gazananlaryna laýyklykda okadylmagyny gazanmagy nazarlaýandygyny bellemek gerek. Täze neşir edilen okuw kitaby girişden, 3 bölümden, 9 bapdan we 34 paragrafdan durýar. Şeýle hem, onuň ahyrynda 4 sany tejribe işleriň jikme-jik ýazgylary beýan edilen. Okuw kitabynyň möçber taýdan uly bölümleriniň biri bolan birinji bölümi ýaşaýşyň iň kiçi gurluş birligi hasaplanýan öýjüge bagyşlanyp, onda öýjügiň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri, energiýa üpjünçiligi, nesil baradaky maglumatlar we olaryň nesilden-nesle geçiriliş baradaky döwrebap bilimler beýan edilen. «Organizmleriň köpelişi we ösüşi» diýen ikinji bölümde janly organizmleriň ösüşiniň we köpelişiniň esasy bolup hyzmat edýän öýjükleriň köpeliş we onuň usullary, köpelişiň biologik ähmiýeti, organizmleriň hususy ösüşi (ontogenez) we bu hadysanyň aýratynlyklary bilen baglanyşykly zerur maglumatlar öz beýanyny tapypdyr. Okuw kitabynyň üçünji bölümi «Genetikanyň we seleksiýanyň esaslary» diýlip atlandyrylan. Bu bölümiň düzümine 3 bap degişli bolup, olarda nesle geçijiligiň hem-de üýtgeýjiligiň esasy kanunalaýyklyklary, seleksiýa we onuň yly-barlag usullary, seleksiýanyň iň soňky gazananlary baradaky bilimler beýan edilipdir. Ýeri gelende bellesek, okuw kitabynyň bu bölüminde Türkmenistanda medeni ösümlikleriň we haýwanlaryň, şol sanda hem oba hojalyk ekinleriniň we mallaryň seleksiýasy, tohumçylygy boýunça alnyp barylýan işler, bu ugurda gazanylan üstünlikler baradaky maglumatlara-da aýratyn orun berilen. Türkmen halk seleksiýasynyň naýbaşy we iň gymmatly önümleri hasaplanýan ahalteke bedewleri, arwana düýeleri, saryja we garaköli tohumly dowarlar, türkmen alabaýy we türkmen tazysy, olary döretmek we ösdürip ýetişdirmek bilen baglanyşykly uzak döwrüň dowamynda halkymyz tarapyndan alnyp barylan seçgi-tohumçylyk işleri, bu ugurdaky işleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda giň gerimde we ylmy esasda ösdüriliş dogrusyndaky gyzykly maglumatlar hem ýerleşdirilipdir. Bu maglumatlaryň ösüp gelýän ýaş nesillerimizi milli gymmatlyklarymyza söýgi we buýsanç ruhunda terbiýelemekdäki ornunyň we ähmiýetiniň uludygyny bellemek gerek. Täze okuw kitabynda ýerleşdirilen köp sanly owadan suratlar we tablisalar (olaryň umumy sany 60-a barabar) onda beýan edilenlere düşünmäge hem-de olary uzak wagtlap ýatda galyjy görnüşde çuňňur özleşdirmäge ýakyndan ýardam edýär. Her bir paragrafyň soňunda beýan edilen soraglar we ýumuşlar okuwçylara ol paragraflaryň mazmunyny düýpli özleşdirmäge, logiki pikir ýöretmäge we öz şahsy pikirlerini beýan etmäge, bilimleri durmuşda ulanmaga kömek eder. Umumy orta bilim berýän mekdepleriň XI synpy üçin biologiýa dersi boýunça täze neşir edilen bu okuw kitaby dersiň tassyklanylan okuw maksatnamasyna laýyklykda okuwçylarda zerur okuw başarnyklary we endikleri has-da ösdürmäge hem-de kämilleşdirmäge, biologiýa ylmyna bolan uly gyzyklanmany we höwesi terbiýelemekde giň mümkinçilikleri döreder.Sapargeldi DURDYÝEW,Türkmenistanyň Milli bilim institutynyňbilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory.

News
22.11.2024
149

GDG Ashgabat düzüjiler festiwalynyň “DevFest'2024” çäresi geçiriler

“Google Developer Groups Ashgabat” topary (GDG Ashgabat) her ýylda geçirilýän işläp düzüjiler festiwalynyň “DevFest'2024” çäresine çagyrýar“DevFest” tehnologiýa höwesjeňlerini, hünärmenleri we ähli derejeli işläp düzüjileri birleşdirýän çäreleriň biri. Bu ýyl konferensiýa emeli intellektiň (Jogapkärçilikli AI) jogapkärli ulanylmagyna bagyşlanar.Festiwalda öňdebaryjy pudak hünärmenleriniň düşünjeleri, gyzykly temalar boýunça panel gepleşikleri, täze gurallary we tehnologiýalary öwrenip boljak amaly sapaklar hödürlener.Festiwalyň geçiriljek senesi: 1-nji dekabrÝeri: "Iş Nokady" konferensiýa zaly, "Arkach" söwda merkeziFestiwala gatnaşmak tölegsizdir, diňe hasaba alynmak hökmanydyr: Hasaba alynyň !Festiwal barada doly maglumatlary GDG Aşgabat jemgyýetiniň sosial ulgamda we web sahypasynda okap bilersiňiz.

News
21.11.2024
202

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlyk

2024-nji ýylyň 18-26-njy noýabry aralygynda, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň binasynda, ýurduň Bilim ministrliginiň goldawy bilen, Türkmenistandaky okuw edaralarynyň mugallymlary üçin hünär derejesini ýokarlandyrmak kurslary geçirilýär. Okuwlar, Naberežnyý Çelnyý döwlet pedagogika uniwersitetiniň tejribeli hünärmenleri we kafedralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan geçirilýär. Bu maksatnamanyň esasy wezipesi, 2024-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda "Saglygy goraýyş, bilim we sport: Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe" atly halkara ylmy maslahatyň çäginde gol çekilen, Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen Naberežnyý Çelnyý döwlet pedagogika uniwersitetiniň arasynda Hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygy durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça kurslaryň dowamynda, gatnaşyjylar häzirki zaman bilim tehnologiýalaryny, olary Türkmenistanyň milli bilim ulgamynyň şertlerine laýyklaşdyrmaklygyň usullaryny öwrenýärler we ýurduň umumy bilim edaralarynda üstünlikli durmuşa geçirilen bilim syýasatynyň çäklerinde öz tejribesini paýlaşýarlar. Bu, Türkmenistanyň halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän bilim syýasatynyň maksatnamasyny amala aşyrmak bilen baglanyşyklydyr. Maksatnama teoriýa we praktika böleklerini öz içine alýar. Leksiýalarda Russiýa Federasiýasynyň hünärmenleri pedagogika pudagynda täze ylmy gazanmalary paýlaşýarlar, okuw işini guramakda we sanly tehnologiýalary ulanmakda häzirki zaman düşünjeleri barada maglumat berýärler. Kursyň praktiki bölegi okuw ýagdaýlaryny modelirlemek we işde innowasion usullary ornaşdyrmak boýunça maslahatlary öz içine alýar. Bu çäre, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky bilim boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmekligiň nobatdaky tapgyry boldy. Türkmenistanyň Milli bilim instituty, ýurduň esasy bilim meýdançasydyr we halkara tejribäni okuw prosessine ornaşdyrmakda möhüm orun eýeleýär. Naberežnyý Çelnyý döwlet pedagogika uniwersitetiniň hünärmenleriniň maksatnama gatnaşmagy, iki ýurduň bilim pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde özara gyzyklanmasyny görkezýär. Kurslara gatnaşyjy mugallymlar görkezilen materialyň ýokary tejribelik ähmiýetini belläp geçýärler. "Bu kurslar, bize häzirki zaman pedagogikanyň usullaryny öwrenmek üçin we okuwçylarymyzy döwriň talaplaryna laýyk gelýän derejede taýýarlamakda uly mümkinçilik berýär" diýip, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň rus dili we edebiýaty mugallymy Gulbahar Asadullayeva belledi. Russiýa Federasiýasyndan gelen hünärmenler hem öz gezeginde türkmen mugallymlarynyň ýokary taýýarlyk derejesini belläp, hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine umyt bildirdiler. Halkara hyzmatdaşlygyň netijesinde, türkmen mugallymlary dünýäniň iň soňky tendensiýalaryndan habarly bolup, hünär derejesini ýokarlandyrmak we öz iş başarnyklaryny ösdürmek ýaly mümkinçilere eýe bolýarlar. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde guralan hünär derejesini ýokarlandyrmak kurslary, ýurduň bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek we bäsleşige ukyply hünärmenleri taýýarlamak-da berk binýady emele getirýär. A.S. SahatmurdowaTürkmenistanyň Milli bilim instituty Tebigat we takyk ylymlaryň bölüminiň Baş ylmy işgäri

News
20.11.2024
73

«TÜRKÇE-TÜRKMENÇE SÖZLÜK» NEŞIR EDILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ojaklarynda daşary ýurt dilleriniň okadylyşyna uly üns berilýär. Şunuň bilen baglanyşykly, dil dersleriniň okuw kitaplarydyr gollanmalar, sözlükler bilen üpjünçiligi mydama üns merkezinde saklanylýar. Ýakynda şeýle okuw gollanmalarynyň biri — «Türkçe-türkmençe sözlük» (J.Gökleňow, A.Erjilasun – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) çapdan çykdy. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan talyplar üçin okuw gollanmasy hökmünde hödürlenen bu sözlüge häzirki zaman türk edebi dilinde işjeň ulanylýan 20 müňe ýakyn söz, söz düzümleri girizilipdir.Mälim bolşy ýaly, türkmen we türk dilleriniň taryhy kökleri bir bolup, olar gadymy oguz diliniň dowamy hasap edilýär. Şu nukdaýnazardan, bu dillerde umumy sözleriň agdyklyk etmegi tebigydyr. Şonuň bilen birlikde, iki doganlyk halkyň uzak taryhy döwrüň dowamynda biri-birinden aýry galmagy, dürli geografik sebitlerde ýaşamaklary, goňşy halklaryň diliniň täsiri, diliň içki ösüş kanunalaýyklygy we beýlekiler olaryň sözlük düzüminde, ses gurluşynda käbir tapawutlaryň ýüze çykmagyna getiripdir. Sözlükden käbir gadymy oguz sözleriniň türkmen dilinde, käbirleriniň hem türk dilinde saklanyp galandygyna göz ýetirmek bolýar. Muňa gut, saw, kok, üýn, geňiz, sokak, güneý, guzaý (kuzeý), ekmek ýaly sözleri mysal getirmek mümkindir.Türkmen dilinde bolşy ýaly, türk dilinde hem sözler köpmanylylyga eýedir. Sözlükde şu hili sözleriň, esasan, ähli manysy berlipdir. Meselem: atlamak 1) bökmek, towusmak; 2) münmek; 3) taşlamak, ga:ldyrmak, goýup geçmek (okalanda, ýazylanda); 4) göç. m. ýalňyşmak, aldanmak, yoğun 1) fiz. dykyz, goýy; 2) ýogyn; 3) ýiti (ys hakda); 4) göç. m. köp; 5. gep.d. galyň, iri... Sözlükde ädimölçär, nusgalamak, skuter, ýapyşdyrgyç (plastyr manysynda), ýandepderçe, köwüşgeýer, geňiz (burun boşlugy manysynda), dakma diş (protez manysynda), tulum tüýdük (tuluma howa doldurylyp, üflenip çalynýan saz guraly), garaşma otagy (kabulhanalarda) ýaly sözler, söz düzümleri ilkinji gezek hasaba alnypdyr.Häzirki wagtda türkmen dili Türkiýäniň uniwersitetlerinde we umumybilim berýän mekdeplerinde, türk dili hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde we beýleki bilim ojaklarynda hünär ýa-da ders hökmünde okadylýar. Şonuň ýaly-da, türkmen we türk dilleriniň we edebiýatynyň meseleleri, olary okatmagyň usullary, terjimeçilik boýunça ylmy, ylmy-amaly işler alnyp barylýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen we türk dilleriniň deňeşdirme derňewi dil biliminde täze bir ugur hökmünde kemala geldi. Bu ýagdaý düşündirişli sözlükler bilen birlikde, dil öwrenýänler üçin iki dilli, köp dilli sözlüklere zerurlyk döredýär. Şu jähetden, «Türkçe-türkmençe sözlük» atly bu täze kitabyň neşir edilmegi diňe bir talyplar üçin däl, eýsem, türkmen-türk dil gatnaşyklary bilen gyzyklanýanlar, türkmen we türk dillerini gysga möhletli okuwlarda ýa-da özbaşdak öwrenýänler, işewürler, syýahatçylar, terjimeçiler üçin hem örän uly ähmiýetlidir.Türkmenistanyň Bilim ministrligi

News
19.11.2024
77

Mugallymçylyk instituty mekdep okuwçylarynyň arasynda türkmen dili we edebiýat dersi boýunça olimpiada geçirýär

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ýurduň orta mekdeplerinde okaýan okuwçylaryň arasynda türkmen dili we edebiýat dersi boýunça olimpiada geçirýär. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berdi.Bäsleşige ýurduň orta mekdepleriniň 7 ― 12-nji synp okuwçylary gatnaşyp bilýärler. Iki tapgyrdan ybarat bäsleşigiň birinji tapgyry 7-8-nji noýabrda geçirildi.Onda üstünlikli çykyş eden mekdep okuwçylary 19 ― 20-nji noýabrda geçiriljek jemleýji bäsleşige gatnaşarlar.Habarda bellenilişi ýaly, bäsleşik «Türkmenistanda umumy bilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek, okuwçylara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bilim ulgamyna innowasiýalary giňden ornaşdyrmak, ýurduň orta mekdeplerinde okuwçylaryň arasynda türkmen dili we edebiýat dersi boýunça has zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.

News
18.11.2024
158

Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi

Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak okuw-usuly kitaplaryny iberdi. Bu barada RF-iň Türkmenistandaky ilçihanasynyň birinji sekretary Ýuliýa Zaýsewanyň sözlerine salgylanyp, TASS ýazýar.Çeşmäniň bellemegine görä, rus tarapy türkmen tarapy bilen ylalaşyp, türkmen ýokary okuw mekdeplerine ylmy-usulyýet edebiýatlaryny iberdi. Şunuň bilen baglylykda, 1 müňden gowrak kitap türkmen tarapyna sowgat edildi.Zaýsewanyň belleýşi ýaly, sowgat edilen kitaplaryň aglaba bölegi rus dilini daşary ýurt dili hökmünde öwretmek bilen bagly kitaplardan, meşhur ylmy edebiýatlardan we çeper eserlerden, şeýle-de dürli hünärlere ýöriteleşdirilen sözlüklerden ybaratdyr.Ol kitaplaryň eýýäm Türkmenistana getirilendigini, olaryň noýabr aýynyň dowamynda Türkmenistanyň Milli bilim insitutyna, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutyna hem-de S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk insitutyna gowşuryljakdygyny belledi.

News
16.11.2024
248

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Halkara onlaýn olimpiada geçirildi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty tarapyndan “Maliýe” dersi boýunça talyplaryň arasynda halkara onlaýn olimpiada geçirildi.Olimpiada jemi 10 döwletden 368 talyp gatnaşmaga isleg bildirdi we 9 döwletiň 85 ýokary okuw mekdebinden 290 talyp gatnaşdy, Türkmenistanyň 15 ýokary okuw mekdeplerinden bolsa, 58 sany talyp gatnaşdy. Halkara olimpiadanyň jemleri ýakyn günlerde belli bolar.