TM RU EN

Mary lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
15.06.2026
134

“Garaşsyz Watanymyz – ata-babalarymyzyň arzuw eden mekany” atly maslahat

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we Ylymlar güni mynasybetli, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen bilelikde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň guramagynda 2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda umumy mežlisi we bölümlerde ugurlary boýunça “Garaşsyz Watanymyz – ata-babalarymyzyň arzuw eden mekany” atly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş edenler 2026-njy ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň ýokary attestasiýa komitetiniň Prezidiumynyň Çözgüdine laýyklykda türkmen döwletiniň Baştutanyna häzirki zaman ylmyna goşýan uly goşandy, milli we bütin adamzat bähbitli ylmy- önümçilik, innowasion- senagat, durmuş - ykdysady, ylmy-tehniki özgertmeleri, parahatsöýüjilikli içeri we daşary syýasaty hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň has-da giňeldilmegi üçin bitiren ägirt uly işleri nazara alnyp Türkmenistanyň Prezidentine syýasy ylymlaryň doktory Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk adynyň berilmegi mynasybetli we Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutladylar. Maslahatyň çykyşlarynda ylym-bilimiň häzirki zaman özgertmeleri, sanly bilim ulgam we lukmançylyk ugurlarynda alnyp barylýan ylmy barlaglarynyň nazary we amaly taýdan utgaşdyrylmagynda möhüm ähmiýetleri, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly akademik, professor Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan döredilen eserleri, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk syýasaty, 35 ýyl döwründe bilimde, saglygy goraýyşda, ykdysadyýetde, syýahatçylykda, oba hojalykda, medeniýet we sungatda gazanylan üstünlikleri wasp edildi we soňunda orta hünär okuw mekdepleriniň çeper höwesjeňleriniň aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary ýerine ýetirildi. Bölümçelerde çykyşlar dowam edildi. Halkara ähmiýetli we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen beýik işleriň başynda durýan, ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny öňdebaryjy dünýä tejribesine ornaşdyrmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman alym Arkadagymyzyň we alym Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, tutumly beýik işleriniň mundan beýläk hem has-da rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.

News
16.05.2026
132

Lukmançylyk mekdepleriniň bäsleşigi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2026-njy ýylyň 5-nji fewralynda tassyklanan: Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli orta hünär okuw mekdepleri tarapyndan 2026-njy ýylyň 15-nji maýynda, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasy bilen, beýik zamananyň bilimli ýaşlary” atly, ýurdumyzyň Lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň arasynda bilim bäsleşigi geçirildi. Talyp ýaşlar “Umumy himiýa”, “Umumy biologiýa”, “Farmakologiýa”, “Akuşerçilik we ginekologiýa”, “Pediatriýada şepagatçylyk işi”, “Hirurgiýada şepagatçylyk işi” derslerinden öz bilim derejelerini, ukyp başarnyklaryny we geljeki kärine bolan höweslerini, bilim almakda ylmy edebiýatlar bilen hem gyzyklanýandyklaryny, çylşyrymly testleri we şekilli ýumuşlary çözmekde tutanýerliligini, ýokary taýýarlyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň netejeleri boýunça aşakdaky ýeňijiler kesgitlendi: “Umumy himiýa” dersi boýunça: I orun - I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi. II orun - Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi. III orun- I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi. “Umumy biologiýa” dersi boýunça: I orun - I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi. II orun - Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebi. III orun - Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi; “Farmakologiýa” dersi boýunça: I orun - S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi. II orun - Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebi. III orun - Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebi. “Akuşerçilik we ginekologiýa” dersi boýunça: I orun - S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi. II orun - Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebi. III orun - Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi. “Pediatriýada şepagatçylyk işi” dersi boýunça: I orun - S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi. II orun - S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi. III orun - Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebi. “Hirurgiýada şepagatçylyk işi” dersi boýunça: I orun - Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebi. II orun - Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebi. III orun- I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi. Bäsleşigiň soňunda ýeňijilere hormat hatlar we mynasyp sowgatlar gowşuryldy.

News
14.05.2026
155

«Açyk gapylar» çäresi geçirildi

I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde, 2026-njy ýylyň 7-8-nji maýynda, 2026-njy ýylynda mekdebi tamamlaýan uçurumlar we okuwa girmek isleýänler üçin «Açyk gapylar» günleri geçirildi. «Açyk gapylar» çäresine gelen ýaşlara mekdepde taýýarlanylýan hünärler, alnyp barylýan işler, talyplaryň gyzykly durmuşy barada giňişleýin gürrüň edildi, okuw otaglary bilen hem tanyşdyryldy. Dalaşgärler öz gezeginde lukmançylyk mekdebinde okadylýan ugurlar boýunça taýarlanýan hünärmenler, olaryň geljekde işlemeli ýerleri, kärleri bilen jikme-jik gyzyklandylar. Ähli maglumatlar suratlar we wideo görnüşinde hödürlendi we sergi gurnaldy.

News
02.05.2026
156

“Zyýanly endiklerden saplanmak – ruhy belentlikdir” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň 1-nji maýynda I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan talyp ýaşlary jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmak boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çykyşlarda Garaşsyz hemişelik baky Bitarap Türkmenistanyň sagdyn ýaşaýyş ýörelgelerini berjaý etmekde dünýäde nusgalyk döwletleriň hataryndadygy, jemgyýetde zyýanly endiklere garşy barlyşyksyz göreşmek, sagdyn bedenli, sagdyn ruhly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatlarynyň esasy ugurlaryna gönükdirildi we lukmançylyk mekdebiniň talyplarynyň sagdyn ruhly, bilimli-ylymly, watansöýüji we zähmetsöýer häsiýetlilige mynasyp bolup ýetişmeklerine degerli maslahatlary bermek bilen jemlenildi. Döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramakda, sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa ornaşdyrmakda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmakda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

News
23.04.2026
121

“Sport sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşydyr!” ady bilen “Ylgaw” boýunça sport ýaryşy geçirildi

Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2026-njy ýylyň 5-nji ýanwarynda tassyklan “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatlaryň degişli orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda 2026-njy ýylda geçiriljek medeni, sport çäreleriniň we bäsleşikleriniň Meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen “Sport sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşydyr!” ady bilen 2026-njy ýylyň 19-njy aprelinde “Aşgabat” stadionynda Türkmenistanyň ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy we I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi bilen bilelikde gurnalan ylgaw boýunça sport ýaryşy geçirildi. Emin agzalarynyň bir agyzdan makullamagy netijesinde aşakdaky baýrakly orunlar kesgitlenildi:100 metr oglanlaryň arasynda: I orun – Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi II orun –Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýöriteleşdirilen bank mekdebi III orun –Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebi100 metr gyzlaryň arasynda: I orun – Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi II orun –Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi III orun -Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebi2000 metr oglanlaryň arasynda I orun - Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebi II orun -Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi III orun- Politehniki orta hünär okuw mekdebi1000 metr gyzlaryň arasynda I orun – Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi II orun - Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi III orun –Politehniki orta hünär okuw mekdebiToparlar boýunça: I orun - Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi II orun - Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebi III orun -Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi Ýeňijiler Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.

News
19.03.2026
283

Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň 16-njy martynda I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde talyp ýaşlaryň arasynda Konstitusiýany, kanunlary düşündirmek, adam söwdasy, bilkastlaýyn adam öldürmek, agyr ten şikesini ýetirmek, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy we beýleki jenaýatlara garşy göreşmek, öz janyňa kast etmek ýaly hereketleriň, nika bozulmalarynyň öňüniň alynmagy, tebigaty goramak, telekeçilik işi baradaky kanunlary, tertip-düzgüni berjaý etmek, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty barada hem-de kanun bozulmalaryň öňüni almak, ýol hereketiniň kadalaryny, ýaramaz endikleriň täsirleri, hadysalaryň netijeleri, jenaýatçylygyň alamatyny, ýangyn howply ýagdaýlaryň döremek howpuny, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler, ýaş nesillerde watansöýüjilik, mertlik, edermenlik, arassa ahlaklylyk, millilik ýaly ajaýyp häsiýetleri terbiýelemek, ýaramaz, zyýanly endiklerden daşda durmak, jemgyýetçilik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň kada-kanunlaryny, ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmekligiň şertlerini giňişleýn bellediler. Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda çärä gatnaşanlar tarapyndan ýaşlara okamaga, öwrenmäge, zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

News
05.03.2026
117

Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgady gowşuryldy.

“Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda, “Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2026-njy ýylyň 20-nji fewralynda çykaran PB-1596 belgili buýrugy esasynda, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde, 2026-njy ýylyň 4-nji martynda zenan mugallymlara we talyp gelin-gyzlara pul sowgatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Baýramçylyk çäresine gatnaşyjylar ýurdumyzyň ýaşlarynyň giň gerimli bilim almaklary we kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin döredilýän mümkinçilikleri, şeýle-de ýaş nesle berilýän uly goldawlary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürek seslenmelerini beýan etdiler.

News
02.03.2026
225

“Gyz edebi - il edebi” atly “Talyp gözeli - 2026”

2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda, Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy we Halkara Zenanlar güni mynasybetli, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Gyz edebi - il edebi” atly “Talyp gözeli - 2026” edebi-döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň netijesinde aşakdaky talyplara baýrakly orunlar kesgitlenen. Baş baýragy I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyby Orazgözel Ataýewa. 1-nji orny Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby Bahargül Durdyýewa. 2-nji orunlar: Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby Näzik Ymamgulyýewa we Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Ogulboldy Nuryýewa. 3-nji orunlar: Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyby Ogulşat Saparowa, Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby Nargül Baýgulyýewa hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň talyby Gülnäzik Muhammedowa. Ýeňijiler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglanyldy.

News
02.02.2026
171

Первый урок второго полугодия 2025-2026- го учебного года

26-го января 2026-го года, объявленного годом «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов» начался первый урок второго полугодия. Преподаватели и студенты Ашхабадской медицинской средней школы имени И. Ганди с большим воодушевлением приняли девиз года. В ходе этого политико-воспитательного урока говорилось о достижениях в сфере образования, науки и здравоохранения, которые были достигнуты благодаря неустанным заботам Героя Аркадага и опытному руководству Героя Президента Аркадаглы Сердара. Особо подчеркнута неизмеримая ценность и значимость фундаментальных, энциклопедических трудов и историко - философских книг нашего Героя Аркадага и Аркадаглы Героя Сердара, представляющих собой неиссякаемую кладовую сокровищниц нашей национальной культуры, передовую школу научно- образовательного и педагогического мастерства. Отмечалось о ведущей роли преподавателей в воспитании молодежи в духе вежливого и уважительного отношения к старшим, беззаветной преданности идеям Героя Президента и Героя Аркадага, любви к Родине. Их заветы о том, что надо усердно трудиться на благо страны, стремиться к совершенству в профессии, постоянно учиться для достижения своей цели и идти только вперед, являются путеводителями и жизненными ориентирами нашей молодежи. В заключении были сказаны теплые слова благодарности нашим Герою Президенту и Герою Аркадагу с пожеланиями крепкого здоровья, долголетия, безграничного счастья и больших успехов во всех начинаниях на благо народа и процветания страны.

News
30.01.2026
186

2025-2026-njy okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynyň ilkinji okuw sapagy

“Garaşsyz, Baky bitarap Türkmenistan – Bedew batly At – myradyň mekany” diýilip yglan edilen 2026-njy ýylda ösüp gelýän ýaş nesli Watanyna çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, babatda 2025-2026-njy okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygy guramaçylykly başlandy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Gahryman Prezidentimiziň bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny özgertmek we ösdürmek ugrunda alyp barýan döwlet syýasatyny wagyz-nesihat etmek maksady bilen, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary “Garaşsyz, Baky bitarap Türkmenistan – Bedew batly At – myradyň mekany” ady bilen, ikinji ýarymýyllygynyň ilkinji okuw sapagyny geçdiler. Bu syýasy ähmiýetli sapagynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwletimizde milli bilim ulgamyny ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak babatda edilýän ähli tagallalary barada aýratyn bellenildi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasyndan kemal tapan ylmy-ensiklopedik eserleri, filosofik kitaplary, syýasy ýörelgeleri içgin beýan edildi, pedagogik we terbiýçilik ugrunda milli mirasymyzyň tükeniksiz hazynasy bolýandyklary barada uly buýsanç bilen beýan edildi. Ýaşlary edep- ekramly, ruhy taýdan taplanan bolup ýetişmekleri, bilim almaklary, geljeki hünärine höwesli, Watanyna we Prezidentine, Gahryman Arkadagymyza wepaly bolmaklary, ýurdumyzyň bähbidi üçin tutanýerli zähmet çekip, abraýyny belentliklere ýetirmek ugrunda alnyp barylmaly işlerde mugallymlaryň örän möhüm ornunyň bardygy barada aýdyldy. Gahryman Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çäksiz sagbolsunlar aýdyldy, olara berk jan saglyk, uzak ömür, tükeniksiz bagtyýarlyk we işlerinde rowaçlyk arzuw edildi.