TM RU EN

Mary lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
24.11.2025
160

“Türkmenistan – parahatlyk mekany, Bitaraplyk - Watan şöhraty-şany” ady bilen okuw-usuly maslahaty geçirildi.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de “Saglyk” Döwlet Maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň gatnaşmagynda, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň guramagynda 2025-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde umumy mežlisi we bölümlerde ugurlary boýunça “Türkmenistan – parahatlyk mekany, Bitaraplyk - Watan şöhraty-şany” ady bilen okuw-usuly maslahaty geçirildi. Maslahatyň çykyşlarynda bilimiň häzirki zaman özgertmeleri, sanly ulgam we lukmançylyk ugurlarynda alnyp barylýan ylmy barlaglarynyň nazary we amaly taýdan utgaşdyrylmagynda möhüm ähmiýetleri, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan döredilen eserleri, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň syýasaty, 30 ýyl döwründe bilimde, saglygy goraýyşda, ykdysadyýetde, syýahatçylykda, oba hojalykda, medeniýet we sungatda gazanylan üstünlikleri wasp edildi. Umumy mežlisinde orta hünär okuw mekdepleriniň çeper höwesjeňleriniň aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary ýerine ýetirildi. Maslahat hormatly Prezidentimize ýüzlenme çykyşy bilen jemlendi, onda Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz zähmeti bilen Berkarar bolan Döwletimizde, Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda dowam edýän “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň bedew badynyň ýaş nesilleri buýsandyrýandygy, eziz Watanymyzyň rowaçlyk ýolunda, ýaşlaryň ýurdumyzyň abraýynyň mundan beýläkde ýokary göterilmeginde goşant goşmaklyga borçlandyrýandygy barada aýdylyp, Halkara derejede ähmiýetli we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen beýik işleriň başynda durýan, ylmyň we tehnologiýalaryň gazananalaryny öňdebaryjy dünýä tejribesine ornaşdyrmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman alym Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, giň tutumly beýik işleriniň mundan beýläk hem has-da rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.

News
03.11.2025
107

I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi bilen ABŞ - nyň, Northwest Сollege arasynda Ähtnama gol çekildi

Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary we orta hünär mekdepleriniň wekilleriniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda, Waýoming ştatynyň Powell şäherindäki Northwest College bilen I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde (Türkmenistan) orta saglygy goraýyş hünärmenleri taýýarlamak, bilim we ylym çygrynda bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada degişli ýolbaşçylaryň arasynda maslahatlaşyldy.Şu iş sapary Türkmenistanyň Bilim ministrligi we ABŞ –nyň ilçihanasy tarapyndan halkara akademiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen gurnaldy. Duşuşygyň başynda Northwest College bilen I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň özara düşünişmek hakynda Ähtnamasyna gol çekildi. Gün tertibine laýyklykda, bilim babatda alyş-çalyşlar, amaly-usulyýet hyzmatdaşlygy, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, akademik we medeni başlangyçlar, bilelikdäki taslamalary taýýarlamagy, kitaphananyň edebiýatlar bilen üpjünçiligi, ”Şepagatçylyk işi” hünäriniň okuw meýilnamasynyň kämilleşdirmekligi barada maslahatlaşyldy we kollejiň binalary bilen tanyşdyryldy. Taraplar 2026-2028-nji ýyllar üçin deslapky iş meýilnamada görkezilen hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça hem pikir alyşdylar.

News
30.10.2025
182

”Merdanalygyň milli mekdebi”

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda 2025-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda geçirilen iş maslahatynda berilen tabşyryklar boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň çäginde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda döwletimizde şan-şöhrata eýe bolan meşhur taryhy şahsyýetlerimiziň atlaryny ebedileşdirmek we dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrmak maksady bilen I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda ”Merdanalygyň milli mekdebi” atly ylmy – amaly maslahat geçirildi. Maslahatda mekdebiň “Umumy ynsanperwer we durmuş ykdysady” ders toplumynyň mugallymlary türkmen halkynyň taryhynda özleriniň watansöýüjiligi, gahrymançylygy, gaýduwsyzlygy bilen öçmejek yz galdyran we türkmen halkynyň ylym, bilim binýadynyň düýbüni tutan şahsyýetleriniň döredijiligi barasynda çykyş etdiler. 30.10.2025ý

News
28.10.2025
52

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda döwletimizde ilatymyzyň saglygyny goramak, ýaşaýyş – durmuş şertlerini gowulandyrmak, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny kämilleşdirmek babatda giň gerimli we tutumly işler amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyzda döwletimiziň bilim we ylym binýadyny pugtalandyrmaga, kämil usullary ornaşdyrmaga gönükdirilen işler durmuşa geçirilýär. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, “Saglyk Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan dünýä jemgyýetçiligi üçin neşir edilen “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” we “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň” XVII tomunyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

News
22.09.2025
72

Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2025-nji- Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 12-nji Sentýabrda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlygyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň ýokary kazyýetiniň, Türkmenistanyň bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli Merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Konstitusiýany, kanunlary düşündirmek, agyr ten şikesini ýetirmek, nika bozulmalaryň öňüni almak, tebigaty goramak, tertip-düzgüni berjaý etmek, ýol hereketiniň kadalary, ýaramaz endiklerden daşda durmak, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Maslahatda ýaş nesilleri milli gymmatlyklarymyza , däp-dessurlarymyza buýsanç ruhunda, ynsanperwer kadalarymyz esasynda terbiýelemek, müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmek, umumy bilim edaralarynda, başlangyç, orta hünär hem-de ýokary okuw mekdeplerinde dürli ugurlar boýunça tebigy zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, ýaşlaryň arasynda watançylyk terbiýesini ýokarlandyrmak, olara Watan mukaddesligini we gymmatlygyny gorap saklamak barada giňişleýin çykyş etdiler.

News
13.08.2025
60

BIZE OKAMAGA GELIŇ!

“Umumy ideg işi” – sagdyn durmuş ýörelgesiniň gözbaşy! I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi “Umumy ideg işi” hünäri boýunça başlangyç lukmançylyk biliminiň eýesi bolmak üçin talyplyga kabul edýär. Resminamalar 2025-nji ýylyň 25-nji awgustyna çenli mekdebiň okuw binasynda kabul edilýär. Bu hünärmenleri taýýarlamagyň maksady - raýatlaryň sagdyn çagalara, näsag adamlara, dowamly keselli näsaglara lukmançylyk nukdaý nazardan ideg etmek babatda sowatly, başarjaň bolmak, geljekki ene boljak zenany dogruma taýýarlamak, çaga dünýä ineninden soň, oňa idegi etmegi oňarmak we beýleki ýönekeý amallardan baş çykarmak babatda lukmançylyk başarnykly bolmaklaryny gazanmak we sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa ornaşdyrmak wezipelerinden ybaratdyr. “Umumy ideg işi hünäri boýunça 1 (bir) ýyllyk okuwyny doly tamamlan uçurymlara başlangyç hünär bilimi hakynda döwlet nusgasyndaky diplom beriler.

News
08.08.2025
190

INDIRA GANDI ADYNDAKY AŞGABAT LUKMANÇYLYK ORTA OKUW MEKDEBI

Başlangyç hünär biliminiň gündizki okuwy boýunça 2025/ 2026 – njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünär boýunça talyplyga kabul edýär. Hünäri : “Umumy ideg işi” (kiçi şepagat uýasy) I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy doly orta bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik, Aşgabat şäherinde ýaşaýan (ýazgyda duran) raýatlar giriş synaglarynyň netijeleri boýunça okuwa kabul edilýär. Okuwyň dowamlylygy 1 (bir) ýyl, okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. Resmi iş kagyzlary I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň 25–nji awgustyna çenli kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: - bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; - bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); - bilimi baradaky resminama ( asyl nusgasy); - Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; - soňky okan ýerinden ( işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; - 3х4 sm ölçegdäki dokuz sany fotosurat; - işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: - pasportyny; - harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwä hatyny; - aýratynlyklaryna laýyklykda goşmaça resminamalar. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçiligi çekýär. Giriş synaglary 2025–nji ýylyň 26-28-nji awgusty aralygynda, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde ( Aşgabat şäherinde) geçiriler. Giriş synaglary himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden, umumy bilim berýän orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde geçiriler. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtynda synaglara gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. Okuwlar 2025 – nji ýylyň 1- nji sentýabrynda başlanar. Bellik: okuwyny doly geçip, gutardyş döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyran uçurymlara, okuwyny tamamlan ýyly, Başlangyç hünar bilimi hakynda diplomynyň asyl nusgasy beriler. I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., 2023-nji (M.Kösäýew) köçe, 90; tel.: 36-96-73, 36-93-82.

News
17.07.2025
56

Dalaşgärleriň dykgatyna!

INDIRA GANDI ADYNDAKY AŞGABATLUKMANÇYLYK ORTA OKUW MEKDEBI2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunçatalyplyga kabul edýär:I. Býujet esasynda:1. Şepagatçylyk işi.2. Laboratoriýa anyklaýyş işi.II. Tölegli esasda: 1. Şepagatçylyk işi.2. Bejeriş işi. Lukmançylyk orta okuw mekdebine Aşgabat şäherinde hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça, bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär.Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2025-nji ýylyň 14-27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;— soňky okan (işlän) ýerinden, harby bölümden häsiýetnama;— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar. Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:— pasportyny;— harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny. Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçiligi çekýär.Giriş synaglary we okuwa kabul edişligi 2025-nji ýylyň 30-31-nji iýuly,awgustyň 2-3-i we 5-i günlerinde Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde (Aşgabat şäheri) amala aşyrylýar.Giriş synaglary ähli hünärler boýunça himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.Saýlap alan hünärine durnuklydygyny kesgitlemek maksady bilen, dalaşgärler patologoanatomiki edaranyň işi bilen tanyşdyrylar. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen dalaşgärler, talyplyga bäsleşiksiz kabul edilmek üçin, «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (rejelenen görnüşi) kesgitlenen düzgünlere laýyklykda artykmaç hukukdan peýdalanýarlar. Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., 2023-nji (M.Kösäýew) köçe, 90; tel.: 36-96-73, 36-93-82.

News
08.06.2025
91

Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly bellenildi

2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda ähli bilim ojaklarynda bolşy ýaly, biziň I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebimizde hem Bilimler we talyp ýaşlar güni uly şatlyk- şowhun bilen bellenip geçildi. Şowhunly dabara Döwlet Senasynyň ýaňlanmagy bilen badalga aldy. Soňra hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagynyň okalmagy hem dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Baýramçylyk dabaramyzda mekdebimiziň “Abadan” tans toparynyň şeýle-de aýdymçy gyz-oglanlaryň ýerine ýetirmeklerinde aýdym sazly kompozisiýa, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanşmagyň Watany” atly ajaýyp goşgusynyň labyzly okalmagy dabara özboluşly sazlaşyk berdi. Buýsançly çykyşlarda milli bilim ulgamyny ösdürmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs yürekden alkyşlar aýdyldy.

News
02.06.2025
273

Lukmançylyk mekdepleriniň bäsleşigi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2025-nji ýylyň 14-nji fewralyndaky 42 belgili buýrugy bilen tassyklanan: “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň Birleşen Milletler Guramasynyň baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýilip yglan edilmegi mynasybetli, orta hünär okuw mekdepleri tarapyndan 2025-nji ýylda geçirmeli çäreleriň Meýilnamasynyň” çäklerinde, hem-de “Saglyk” Döwlet Maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli, 2025-nji ýylyň 31-nji maýynda, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde “Watana wepam bar, kärime sarpam” atly, ýurdumyzyň Lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň arasynda bilim bäsleşigi geçirildi. Talyp ýaşlar “Şepagatçylyk işi” hem-de “Anatomiýa we fiziologiýa” derslerinden öz bilim derejelerini, ukyp başarnyklaryny we geljeki kärine bolan höweslerini, bilim almakda ylmy edebiýatlar bilen hem gyzyklanýandyklaryny, çylşyrymly testleri we şekilli ýumuşlary çözmekde tutanýerliligini, ýokary taýýarlyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň netejeleri boýunça aşakdaky ýeňijiler kesgitlendi:“Şepagatçylyk işi” dersi boýunça:I orun - I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi.II orun - Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi;S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi.III orun- Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebi;S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi. “Anatomiýa we fiziologiýa” dersi boýunça:I orun - S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi;Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebi;Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebi.II orun - Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag säher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi;Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebi;Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi.III orun- I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi;Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi. Bäsleşigiň soňunda ýeňijilere hormat hatlar we mynasyp sowgatlar gowşuryldy.