TM RU EN

Mary lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
28.01.2026
247

Ýurdumyzyň lukmançylyk orta hünär okuw mekdepleriniň okuw-usuly seminary geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdymyzda bilim ulgamyny ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek we öňdebaryjy okuw jaýlary bilen tejribe alyşmak babatda uly işler amala aşyrylýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at - myradyň mekany” ýylynyň ilkinji günlerinde, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň SG we DS ministrligiň görkezmesi boýunça, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we welaýatlarynyň lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda okuw-usuly maslahaty geçirildi. Gahryman Arkadagly Serdar Prezidentimiziň Türkmenistanyň orta hünär bilim edaralarynda döwrebap bilimli hünärmenleri taýýarlamakda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşulyşmak bilen ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň daşary ýurt döwletleriniň orta hünär okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk etmek tejribesi, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi bilen Northwest kollejiniň (ABŞ) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň wezipelerini ýerine ýetirmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň mugallymlaryny onlaýn maslahatlaryna gatnaşdyrmak barada maslahatlaşyldy. “Saglyk” döwlet maksatnamanyň wezipelerini ýerine ýetirmek babatda, idege mätäç adamlara hyzmat etmekde “Umumy ideg işi” hünäri boýunça lukmançylyk orta okuw mekdeplerinde başlangyç hünär bilimli “Kiçi şepagat uýalaryny” taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan işler barada Balkan lukmançylyk mekdebiniň mugallymy içgin gürrüň berdi, toplan tejribesi bilen paýlaşdy we bu hünärmenlere zerurlygyň bardygyny belledi. Ýewropa Bileleşiginiň Ýewropa Bilim gaznasynyň DARÝA taslamasynyň çäginde, SCAFFOLD usulyýetini ulanmak arkaly okatmak boýunça I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň “trener” sertifikatly mugallymlary prezentasiýalary bilen çykyş etdiler. Şeýle-de gün tertibinde: mugallymlaryň ýerine ýetirýän işleriniň reýting bahalandyrmasyna goşmaça teklipleri bermek; lukmançylyk orta okuw mekdepleri üçin okuw kitaplary we okuw gollanmalary taýýarlamak; “Şepagatçylyk işi” dersini okatmakda imitasion usulynyň we situasion meseleleriň ulanylyşyny görkezmek; talyplaryň önümçilik we diplomdan öňki tejribeligini guramak, we dünýä standartlaryna laýyklykda kämilleşdirmek barada meselelere seredildi we degişli teklipler hödürlenildi.

News
23.01.2026
151

Okuw-usuly Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” ýylynda, Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ýolbaşçylygynda ýurdymyzda giň gerimli bilim özgertmeler durmuşa geçirilýär. 2026-njy ýylyň 23-nji ýanwarynda I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda döredilen okuw – usuly Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. “Türkmenistanyň orta hünär bilim edaralarynda döwrebap bilimli hünärmenleri taýýarlamakda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşulyşmak bilen ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň daşary ýurt döwletleriniň orta hünär okuw mekdepleri hem-de beýleki bilim edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmek tejribesi barada pikir alyşyldy. “Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň okuw toparynyň ýolbaşçylary hakynda Düzgünnamany tassyklamak hakynda” TBM № 194 belgili buýrugy” we “Okatmagyň täze innowasion usulyýetini ýurdumyzyň bilim edaralarynyň mugallymlaryna öwretmek we usulyýeti synagdan geçirmek” hakyndaky TBM № 190 belgili buýrugy içgin beýan edildi. Ýewropa Bileleşiginiň Ýewropa okuw gaznasynyň “Merkezi Aziýada ukyply ýaşlar üçin dialog we hereket” (DARYA) atly taslamasy boýunça hyzmatdaşlygyň çäklerinde, Ýewropa okuw gaznasy hem-de Ýewropa komissiýasynyň Birleşen gözlegler merkezi tarapyndan işlenip taýýarlanan okatmagyň we öwrenmegiň “SCAFFOLD” usulyýetini Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde we Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinde ornaşdyrylyşynyň tejribesi barada degişli okuwlary geçip, sertifikat alan we trenerlik derejesi berlen mugallymlar gyzykly prezentasiýalary bilen çykyş etdiler. Mejlis täsirli, çekeleşikli, sorag – jogap alşylyp geçdi we teklipler hödürlendi.

News
02.01.2026
260

A Visit to the Museum of Neutrality

Last week, together with fellow students, we visited the museum located in the Neutrality Building. This museum is adorned with valuable exhibits that reflect our country’s status of Neutrality, as well as its historical and cultural heritage. Each hall is filled with information related to significant historical periods. We were warmly welcomed by the museum staff, who provided detailed explanations about all sections of the museum. The museum displays photographs, various statues, and exhibits dating from the day our Neutrality was declared up to the present time. In the historical section dedicated to the permanent Neutrality of Turkmenistan, documents and historical information related to the recognition of Turkmenistan’s permanent Neutrality by the United Nations in 1995 are presented. The section on Neutrality policy and international cooperation is devoted to Turkmenistan’s collaboration with international organizations. It provides comprehensive information on peace initiatives, the role of Neutrality in state development, and the impact of the Neutrality policy on economic, social, and cultural progress. The section on peace and humanitarian activities contains information about Turkmenistan’s humanitarian assistance and its peace-loving policy. Another section highlights the importance of Neutrality for younger generations, emphasizing its role in fostering patriotism among youth. This cultural excursion was very impressive for the students. It broadened their perspectives and understanding, enriched their worldview, enhanced their knowledge of national historical values, and strengthened their level of education and sense of patriotism.

News
31.12.2025
47

BITARAPLYK MUZEÝINE SYÝAHAT

Geçen hepde talyplar bilen bilelikde Bitaraplyk binasynda ýerleşýän muzeýa gezelenje gitdik. Bu muzeý ýurdumyzda Bitaraplyk statusyny, taryhy we medeni mirasymyzy beýan edýän gymmatly ekspanatlar bilen bezelen we her bir zaly taryhy möhüm döwrüne degişli maglumatlar bilen doldurylypdyr. Muzeyde bizi mähirli ýüzleri bilen garşy alyp , ähli bölümleri barada ginişleýin gürrüň berdiler. Bu muzeýda Bitaraplygymyzy alan günümizden tä häzirki günlere çenli suratlar, dürli heýkeller, eksponatlar ýerleşen. Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň taryhy bölüminde 1995-nji ýylda BMG tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň ykrar edilişi, şol döwre degişli resminamalar we taryhy maglumatlar görkezilen. Bitaraplyk syýasaty we halkara hyzmatdaşlyk bölümi Türkmenistanyň halkara guramalar bilen alyp barylýan hyzmatdaşlygyna bagyşlanan. Parahatçylyk başlangyçlary, bitaraplygyň döwlet ösüşindäki orny, bitaraplyk syýasatynyň ykdysady, durmuş we medeni ösüşe ýetirýän täsiri baradaky bölüminde giňişleýin beýan edilýär. Parahatçylyk we ynsanperwerlik işleri bölüminde Türkmenistanyň ynsanperwer kömekleri we parahatçylyk söýüjilikli syýasaty barada maglumatlar ýerleşdirilen. Bitaraplygyň ýaş nesiller üçin ähmiýeti bölüminde ýaş nesilleriň watançylyk ruhunda terbiýelenmeginde bitaraplygyň ornuna bagyşlanan. Medeni syýahat talyplar üçin örän täsirli boldy. Olaryň göz ýetimlerini, aň düşünjelerini, dünýägaraýyşlaryny taryhy milli gymmatlyklaryny aýtmagy babatda, bilim derejelerini we watançylyk duýgularyny artdyrdylar.

News
30.12.2025
260

“Празднование Нового года!”

В Год «Международного мира и доверия» в Ашхабадской медицинской средней школе имени И.Ганди 27 декабря 2025 года состоялось праздничное чествование Нового года. Перед нарядной ёлкой, звучали веселые новогодние песни в исполнении студентов медицинской школы, прошли красочные представления, а специально организованные игры и конкурсы для детей сделали мероприятие более захватывающим. Участники мероприятия от всей души высказывали искренние новогодние пожелания Герою Аркадагу, Герою Президенту Аркадаглы Сердару здоровья и долгой жизни, а также дальнейших успехов в их великих и долгосрочных начинаниях. В завершении праздничного торжества были выражены теплые слова благодарности нашему Герою Аркадагу, Уважаемому Президенту Аркадаглы Герою Сердару, а всему туркменскому народу пожелания сплоченности, мира и благополучия.

News
29.12.2025
238

“Baky bagtyň mekanyna hoş geldiň sen, Täze ýyl!”

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň 27-nji dekabrynda “Baky bagtyň mekanyna hoş geldiň sen, Täze ýyl!” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda lukmançylyk mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde joşgunly täze ýyl aýdymlar diňlendi, köp öwüşginli çykyşlar, çagalar üçin ýörite gurnalan oýunlar hem-de bäsleşikler çäräni has-da şowhunlandyrdy. Eziz Diýarymyzy baky bagtyň mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, giň tutumly beýik işleriniň mundan beýläk hem has-da rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi. Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, hormatly Gahryman Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza we bütin türkmen halkyna ýetip gelýän täze ýyl baýramçylygy mynasybetli gyzgyn gutlaglar, hoşallyk sözler aýdyldy.

News
16.12.2025
104

Wagyz – nesihat duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem-de Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde 2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýol hereketleriniň howpsuzlygyny berjaý etmek, ses beriji we beýleki partlaýjy serişdeleriň ulanylmagynyň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde geçirmeklerinde wagyz-nesihat duşuşygy guraldy. Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Döwletimiziň belent maksatlary bilen öňe barýarýandygy we ähli ulgamlar boýunça ösüşli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigi barada, ynsan saglygy baradaky aladanyň bolsa Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmaklarynda döwlet derejesinde hemişe üns merkezinde saklanýandygy barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de, ösüp gelýän ýaş nesilleriň watansöýüji, sagdyn ruhly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin janyňa howp salýan zyýanly serişdelerden, partlaýjy maddalardan daşda durmaklarynyň we tertip-düzgün kadalaryny ýerine ýetirmekleriniň ynsan saglygyny goramakdaky ähmiýetleri anyk mysallary bilen täsirli düşündirildi.

News
10.12.2025
278

Haýyr-sahawat dialogy

I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mejlisler zalynda, 2025-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça gaznasynyň alyp barýan işleri barada teleýaýlymynda görkezilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-Prezidenti Oguljahan Atabaýewa Hytaý Halk Respublikasyna, Monaka Knýazlygyna, Özbegistan döwletine, Azerbeýjan döwletine , Russiýa Federasiýasyna, Katar döwletine amala aşyran iş sapary talyp ýaşlarymyzda uly gyzyklanma döretdi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemýat bermek boýunça gaznasynyň hasabyna 700 sany çaga çylşyrymly operasiýalaryň we 900 çaga bejeriş işleriniň alnyp barlandygy we 150 sany inkluziwli çagalar baglarynyň hereket edýändigi, şeýle-de şu ýyl Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça gaznasynyň döredilmegine 4ýyl bolandygy barada duşuşyklarda içgin gürrüň edildi. Türkmen wekilýeti ýokarda agzalan döwletleriň ylym-bilimde, saglygy goraýyşda, medeniýet-sungatynda gazanylan üstünlikleri bilen tanyşdy, hem-de ýadygärlik toplumlaryna we muzeýlere syýahat etdi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllarynda, halkara gatnaşyklarynda ýetilen sepgitler, “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň durmuşa ornaşdyrmagynyň 30 ýylynda saglygy goraýyşda gazanylan üstünlikler babatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-Prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň geçiren ähli duşuşyklarynda, esasanam DOHA formunda eden täsirli çuň manyly çykyşlary aýratyn bellärliklidir.

News
09.12.2025
79

“Hemişelik Bitaraplyk - baky bagtymyz” atly ylmy-amaly maslahat

I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň jemgyýetçilik guramalarynyň alyp barmagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistan Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli “Hemişelik Bitaraplyk-baky bagtymyz” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen döwlet bolmak bilen, parahatçylygyň, durnuklylygyň, özara düşünişmegiň işjeň tarapdary hökmünde halkara giňişlikde möhüm orny eýeleýändigi, Bitaraplyk ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ähli ugurlaryndan eriş-argaç bolup geçýän esas goýujy taglymatdygy çykyşlaryň üsti bilen beýan edildi. Şeýle-de çykyşlarda BMG-nyň Baş Assembleýasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Rezolýusiýasynyň 3 gezek kabul edilmegi barada giňişleýin gürrüň edildi. Maslahatyň ahyrynda ýurdumyzyň halkara giňişliginde hoşniýetli gatnaşyklary, parahatçylyk söýüjülikli syýasaty dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolmagy, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi

News
27.11.2025
67

“Bitaraplyk, doganlyk – saýlan aýdyň ýolumyz, ynanyşmak, jebisleşmek berkararlyk şanymyz”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de “Saglyk” Döwlet Maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň guramagynda 2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda “Bitaraplyk, doganlyk – saýlan aýdyň ýolumyz, ynanyşmak, jebisleşmek berkararlyk şanymyz” ady bilen bilim bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň esasy maksady orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda tejribe alyşmak, işjeň gatnaşyklary ýola goýmak, zehinli talyplary ýüze çykarmak, olaryň döredijilikli ukyplaryny kämilleşdirmek, şeýle hem ýaşlaryň syýasat taýdan toplan bilim derejeleri esasynda olary watançylyk ruhunda terbiýelemekden we kämil hünärmenler edip ýetişdirmekden ybarat. Bäsleşikde talyplaryň “Türkmenistanyň taryhy” dersine degişlilikde we bitaraplyk syýasaty barada giň gözýetimli bilimi şahsy esasda hasaba alnyp I, II, III orunlar kesgitlenildi. Eýelän orny Talybyň F.A.A.a Orta hünär okuw mekdebiň ady I-nji orun Seýitkuliýewa Oguljeren Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi II-nji orun Hajygulyýewa Azatgül Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi III-nji orun Altyýewa Gülnar Ahal welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi Amanowa Bägül Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebi Annalyýewa Ogulsenem Ahal welaýat ýörite sungat mekdebi Baýramowa Aýjemal Aşgabat şäherindäki Mehanika - tehnologiki orta hünär okuw mekdebi Bäşimowa Şabibi “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebi Çommadowa Zubeýda I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi Goşaýew Babaýar Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi Gurbanlyýewa Göwher Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebi Gylyjowa Aýnur I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi Merdanowa Göwher Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi Mämiýewa Aýjeren Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi Şalmedowa Jahan Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebi Ýeňijiler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň taýýarlan hormat hatlary we ýörite sowgatlary bilen sylaglanyldy.