TM RU EN

Mary lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
04.11.2024
152

Aşgabat şäherinde Çehiýa uniwersitetleriniň ýarmarkasynyň dabaraly açylyşy geçirildi

Aşgabat, Türkmenistan — şu gün Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda Çehiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýarmarkasynyň resmi açylyş dabarasy guraldy. Bu çäre gatnaşan Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynda, uçurymlarynda we orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynda uly gyzyklanma döretdi. Aşgabatdaky ähli ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň çärä gatnaşmagy, bu dabaranyň ýurduň bilim jemgyýetçiligi üçin möhüm ähmiýete eýedigini görkezýär.Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň bilim ministriniň Ministriň ýokary we orta hünärmen mekdepleri boýunça orunbasary Azat Ataýew, Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Daşkent şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Lýubomir Frebort, şeýle hem Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory gatnaşdy. Resmi duşuşygyň çäklerinde akademiki alyş-çalyş mümkinçilikleri we iki ýurduň bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, talyp ýaşlar we mugallymlar üçin akademiki alyş çalyş ulgamyna gönükdirilen geljekki hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Çehiýa tarapyndan çärä Pragadaky Karl uniwersiteti, Himiýa tehnologiýalary uniwersiteti, Çehiýanyň oba hojalyk uniwersiteti we Zlin şäherindäki Tomas Baty uniwersiteti ýaly öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem akademiki bölümleriň ýolbaşçylary, halkara hyzmatdaşlygy boýunça wekilleri we Çehiýada okaýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň talyplaryna goldaw berýän CzechPoint.Uz agentliginiň wekilleri gatnaşdylar.Ýarmarka gatnaşan ýaşlara Çehiýa uniwersitetleriniň okuw maksatnamalary, daşary ýurtlarda okamagyň mümkinçilikleri barada maglumat almak, Çehiýada talyp durmuşynyň aýratynlyklary barada sorag-jogap alyşmak üçin özboluşly mümkinçilik döredildi. Bu ýarmarkanyň çäklerinde bilim giňişliginde halkara aragatnaşyklary giňeltmek, şeýle hem Türkmenistanyň we Çehiýa Respublikasynyň bilim babatda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin möhüm duşuşyk boldy.

News
02.11.2024
165

Türkmenistan bilen Fransiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar

31-nji oktýabrda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Filipp Merleniň arasynda duşuşyk geçirildi.Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy barada gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar geçirildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy öz içine alýan gatnaşyklaryň yzygiderli esasda ösdürilýänligi aýratyn bellenildi.Taraplaryň halkara guramalaryň çäklerindäki alyp barýan gatnaşyklarynyň oňyn tejribesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.Diplomatlar energetika, logistika, gurluşyk, oba hojalygy we «ýaşyl tehnologiýalar» ýaly ugurlar boýunça söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine garadylar.Taraplar speleologiýa, arheologiýa we fransuz dilini öwrenmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy bellediler. Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

News
01.11.2024
81

Международная конференция учителей, 2-й Международный фестиваль школьников и 1-я климатическая школа в Алматы

С 27 октября по 1 ноября 2024 года в городе Алматы, Республика Казахстан, прошли значимые образовательные мероприятия, организованные Программой развития ООН (UNDP). Алматы принял 3-ю Международную конференцию учителей, 2-й Международный фестиваль школьников и 1-ю климатическую школу, которые объединили участников из девяти стран, включая делегацию из Туркменистана. Представители Министерства образования Туркменистана, а также учителя и школьники соответствующих средних школ активно участвовали в этих мероприятиях.Делегация из Туркменистана была представлена тремя школьниками и тремя педагогами, которые присоединились к международному сообществу для обсуждения важных вопросов экологии, устойчивого развития и роли образования в климатической повестке. Конференция и фестиваль стали уникальной площадкой для обмена опытом и укрепления международного сотрудничества в образовательной сфере.Конференция учителей: обмен опытом и новыми подходами3-я Международная конференция учителей собрала педагогов, экспертов в области экологии и представителей образовательных программ. Главной темой обсуждения стала роль школьного образования в воспитании экологического сознания у подрастающего поколения. Участники поделились методиками, которые помогают привить детям интерес к вопросам охраны окружающей среды и понимание актуальности проблемы изменения климата. Обсуждение касалось как теоретических основ экологического образования, так и практических методик, таких как использование наглядных пособий, «Климатической шкатулки» и интерактивных экологических игр.Международный фестиваль школьников: молодежь за экологическое будущее2-й Международный фестиваль школьников стал площадкой для обмена идеями и презентации проектов по защите окружающей среды. В фестивале участвовали школьники, которые представили свои идеи и исследовательские проекты, направленные на решение экологических проблем. Тематика охватывала такие вопросы, как сокращение углеродного следа, сохранение биоразнообразия, раздельный сбор отходов и защита водных ресурсов. Туркменская команда также представила свои разработки, вызвав интерес у участников и жюри.Первая климатическая школа: практический опыт для учеников1-я климатическая школа стала местом, где школьники и педагоги получили возможность в интерактивном формате изучить, как климатические изменения влияют на планету и какие меры можно предпринять для их смягчения. Школа включала лекции, практические занятия, экологические мастер-классы и экскурсии, которые позволили участникам на практике увидеть воздействие изменения климата и возможности адаптации к ним. Мероприятие было направлено на формирование экологически осознанного поведения у молодежи, чтобы она могла в будущем применять полученные знания на практике.Участие делегации из ТуркменистанаОсобое внимание привлекла делегация из Туркменистана, представленная тремя школьниками и тремя педагогами. Туркменские участники активно участвовали в обсуждениях, представили свои проекты на фестивале и поделились уникальными методиками экологического образования, применяемыми в их стране. Участие Туркменистана стало важным шагом в укреплении международного сотрудничества в области климатического просвещения и образования.Итоги и перспективыЭти мероприятия стали важной вехой в развитии экологического образования в Центральной Азии. Участники смогли обменяться опытом, завести новые профессиональные контакты и представить свои идеи для улучшения экологической обстановки. Организаторы выразили надежду, что такие конференции, фестивали и образовательные проекты помогут сформировать у молодежи более осознанное отношение к природе и привить им навыки, необходимые для решения экологических проблем.Проведение подобных мероприятий, инициированных ПРООН, подчеркивает, что международное сотрудничество и обмен знаниями — ключевые инструменты в борьбе с изменением климата и в воспитании поколения, готового к экологическим вызовам будущего.

News
31.10.2024
128

Innowasiýa we tehnologiki ösüşleriniň halkara forumy - «Türkmentel – 2024»

«Türkmenragatnaşyk» agentligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy dünýäniň ylmy-tehniki ösüşi we döwür bilen aýakdaş gadam urýan alymlaryň özboluşly işläp taýýarlamalary bilen gyzyklanýanlary «Türkmentel-2024» atly halkara sergisi we ylmy maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar.14-16-njy noýabr aralynda geçiriljek halkara forum tehnologik taýdan ösen döwletleriň tejribesi, Aragatnaşyk pudagynda gazanylan üstünlikler, şeýle hem «akylly ulgamlardan», täze hemra we robot tehnologiýalaryna çenli telekommunikasiýa pudagynyň soňky gazananlary bilen tanyşmaga mümkinçilik döreder.Foruma dünýäniň öňdebaryjy maglumat we telekommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalarynyň, tehnologiýa merkezleriniň ýolbaşçylarydyr, wekilleriniň hem-de alymlardyr, bilermenleriň gatnaşmagyna garaşylýar.Şeýle hem maslahata türkmen tarapyndan Hökümet agzalary,Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we hormatly ýaşulular gatnaşalar.Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin açyk halkara meýdançasy hökmünde «Türkmentel-2024» halkara sergisi we ylmy maslahatynyň çäklerinde köptaraplaýyn gepleşikleri we duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.Şeýle hem, forumyň dowamynda türkmen ýaşlarynyň arasynda geçirilen «Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edilip, olara gymmat bahaly sowgatlar hem-de hormat hatlary gowşurylar.

News
30.10.2024
107

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi Täze ýyl baýramy mynasybetli konsert guraýar

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi mugallymlary we talyp ýaşlary mekdebiň üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölüminiň mugallymy Rustam Rustamowyň talyplarynyñ Täze ýyl baýramy mynasybetli geçirilýän synp konsertine gatnaşmaga çagyrýar.Guraýjy toparyň habar bermegine görä, konsertde mekdebiň üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölüminiň 2-nji ýyl talyby Serdar Joraýewiň aýtmagynda we Lýudmila Nikolaýewnanyň sazandarlyk etmeginde Iogan Bramsyň "Wenger tansy" ýerine ýetiriler. Şol bölümiň 4-nji ýyl talyby Döwlet Kemalowyň aýtmagynda, Aziza Gaýypowanyň sazandarlyk etmeginde M. Bafaýewiň "Poemasy" ýerine ýetiriler. Şeýle-de sungat mekdebiniň agzalan bölüminiň 1-nji ýyl talyby Adylbek Jumanazarow Lýudmila Nikolaýewnanyň sazandarlyk etmeginde Baýram Hudaýnazarowyň "Gazel" eserini ýerine ýetirer.Bulardan başga-da konsertde Witaliý Gnutowyň "Torgaý", Röwşen Nepesowyň "Näzlim", Guseýin Rzaýewiň "Konsertino" eserleri ýerine ýetiriler.Şeýle-de Misel Sweeneýiň "Aladdin" kinofilminden parça Rustam Rustamowyň ýolbaşçylyk etmeginde agzalan bölümiň orkestr topary tarapyndan ýerine ýetirilip, tomaşaçylara sowgat bolar. Şol bölümiň depçiler ansambly bolsa Rustam Rustamowyň ýolbaşçylyk etmeginde "Kakuwçylar çemenini" ýerine ýetirer.

News
29.10.2024
97

«Sanly çözgüt – 2024» bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär

Kompýuter ylymlary we tehnologiýanyň innowasiýa usullary bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan geçirilýän «Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär.Bäsleşik yglan edilen gününden bäri, ýurdumyzyň talyp we okuwçy ýaşlary, şeýle hem tehnologiki özgertmeler bilen gyzyklanýan höwesjeňleri 300-den gowrak sanly taslamalary gelip gowuşdy.Innowasion bäsleşigiň emin agzalary ýaşlaryň işläp düzen programmalaryna we sanly çözgütlerine kibernetikanyň, matematikanyň, algoritmleriň usullaryna, ýaşlaryň täze täze garaýyşlaryna we bäsleşigiň tassyklanan düzgünnamasyna esaslanyp baha berýärler.Ýaşlar bolsa öz gezeginde akylly robotlar, wirtual kömekçiler, ýüzi tanamak ulgamlary, el telefonlaryndan we ses arkaly dolandyrylýan elektron enjamlar ýaly sanly çözgütleri işläp düzmekde özleriniň başarnyklaryny görkezýärler.Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň arasynda her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu bäsleşik IT tehnologiýalary ösdürmek, emeli aňy has-da kämilleşdirmek we robototehnika ýaly ugurlarda täze pikirlere ýüzlenmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

News
28.10.2024
224

В Туркменистане прошли торжества в честь Праздника туркменского алабая

В Туркменистане 27 октября повсеместно состоялись торжества в честь Праздника туркменского алабая, в рамках которых были организованы выставки, творческие конкурсы по художественному воплощению образа алабаев в произведениях изобразительного и декоративно-прикладного искусства, другие культурные мероприятия. Об этом сообщает ТДХ.Главные события дня состоялись в комплексе Международной ассоциации «Türkmen alabaý itleri». В числе участников – члены Правительства, руководители Меджлиса, министерств и ведомств, общественных организаций, диппредставительств и международных организаций, аккредитованных в стране, а также члены Международной ассоциации «Türkmen alabaý itleri», кинологи, собаководы, профильные специалисты, представители СМИ.На площади перед комплексом было организовано праздничное музыкальное выступление артистов.Одним из запоминающихся моментов торжества стало подведение итогов Международного конкурса «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» (Отважный алабай 2024 года). Победителю конкурса вручили главный приз Президента Туркменистана – ключи от легкового автомобиля Toyota Camry, а также специальную медаль, переходящий Кубок и диплом.Затем были объявлены имена победителей творческого конкурса по художественному воплощению образа туркменского алабая.Торжественные мероприятия в честь Праздника туркменского алабая прошли во всех городах и сёлах страны, отмечает источник.

News
28.10.2024
264

Türkmenistanda Ýaşlar robot tehnologiýalary bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2024-nji ýylyň 7-8-nji dekabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Ýaşlar robot tehnologiýalary bäsleşigini geçirer.Bäsleşige mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar we 30 ýaşa çenli ýaşlar gatnaşyp bilerler. Gatnaşyjylar ýurdumyzyň bilim ýa-da ylmy edaralary tarapyndan hödürlenmelidir.Bäsleşik robot tehnologiýalary babatda zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga we goldamaga gönükdirilendir.Gatnaşmak isleýänler goşmaça maglumaty şu telefonlar arkaly alyp bilerler: 39-14-82, 39-14-29, +993 64 47-75-47.

News
27.10.2024
86

Медицинский вуз Туркменистана включен в рейтинг Times Higher Education (THE)

Государственный медицинский университет Туркменистана имени Мырата Гаррыева включен в рейтинг лучших университетов мира (WUR) Times Higher Education 2025 года со статусом «репортер».Это является ярким доказательством того, что университет успешно реализует деятельность в соответствии с «Планом действий по включению высших учебных заведений Туркменистана в список вузов международного уровня до 2024 года», утвержденным Президентом Туркменистана 7 февраля 2020 года.Вхождение в мировой рейтинг этой престижной организации в качестве репортерa предоставляет широкие возможности для активного изучения и внедрения передового опыта ведущих университетов мира, участия в информационном обмене, а также повышения качества образования и научных исследований.Ранее мы сообщали, что Туркменский сельскохозяйственный институт вошел в мировой рейтинг университетов 2025 года.

News
27.10.2024
91

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti «Times Higher Education» atly reýtinginde

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti (Reporter) “Habarçy agza” hökmünde “2025 Times Higher Education World University Rankings (WUR)” atly Ýokary Okuw Mekdepleriň 2025-nji ýyl boýunça Dünýä reýtingine girdi.Bu bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul edilen “Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň” üstünlikli durmuşa geçirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.Bu abraýly guramanyň dünýä reýtingine habarçy hökmünde girmek, dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň tejribelerini öwrenmek we durmuşa geçirmek, maglumat alyş-çalşyna gatnaşmak, bilimiň we ylmy barlaglaryň hilini ýokarlandyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär.