TM RU EN

Mary lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
15.06.2024
223

Türkmenistan söwda we ýük daşamagy ýönekeýleşdirmek boýunça halkara maslahata gatnaşdy

11-12-nji iýunda Gazagystanyň Aktau şäherinde söwda we ýük daşamagy ýeňilleşdirmek mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça 15-nji halkara maslahaty geçdi, oňa Türkmenistanyň adyndan «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň uly sazlaýjysy Sapa Gurbanberdiýew gatnaşdy.Bu çäre BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan birnäçe halkara we milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde 2023-nji ýylyň 24-nji noýabrynda kabul edilen «BMG-niň hukuk resminamalaryny we ülňülerini ulanmak bilen, Hazaraşa ulag däliziniň ugry bilen maglumatlaryň we resminamalaryň multimodal alyş-çalşygy üçin SPEKA ýol kartasyny» durmuşa geçirmek üçin guraldy.Maslahata gatnaşanlar ýol kartasynyň maksatlaryna laýyklykda, Hazaraşa dälizde we SPEKA-nyň beýleki dälizlerinde anyk resminamalary we üpjünçilik ulgam böleklerini sanly üýtgetmek üçin iş talaplaryny kesgitlediler. Maslahatyň maksady däliziň ugrunda maglumat we resminamalaryň alyş-çalşygyny sazlaşdyrmak we sanlylaşdyrmak üçin niýetlenen ýurtlarda innowasion çemeleşmeleri durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikleri artdyrmak we tehniki başarnyklary ösdürmekdir. Bu BMG-niň SEFAKT ülňülerine we goşmaça gurallaryna laýyklykda, elektron maglumat alyş-çalşygyny amala aşyrmak üçin bilimleriň we tehnologiýalaryň birek-birege geçirilmegini öz içine alýar. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşanlar BMG-niň SEFAKT ülňüleriniň Hazaraşa däliziniň port jemgyýetlerinde, hususan-da, Baku, Türkmenbaşy, Aktau we Kuryk portlarynda multimodal maglumat alyş-çalşygynda ulanylyşyny ara alyp maslahatlaşdylar.Maslahatda geçiş ykdysadyýetli sebit ýurtlarynda port jemgyýetçilik ulgamlaryny ornaşdyrmagyň öňdebaryjy tejribeleri, maglumatlary hem resminamalary alyş-çalşygy standartlaşdyrmak boýunça teklipleri işläp düzmek, söwda we ulag resminamalaryny (ýol bellikleri, ýük kagyzlary we goşmaça resminamalar) sanlylaşdyrmak mümkinçiligi, utgaşykly daşalýan harytlara, TMTM, TRASEKA we beýleki ösüş hyzmatdaşlary bilen bilelikde maglumat alyş-çalşygyny sanlylaşdyrmagyň anyk barlagyny synagdan geçirmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.Maslahatyň netijeleri multimodal maglumatlary sanlylaşdyrmagyň we «BMG-niň hukuk resminamalaryny we ülňülerini ulanmak bilen, Hazaraşa ulag däliziniň ugry bilen maglumatlaryň we resminamalaryň multimodal alyş-çalşygy üçin SPECA ýol kartasyny» durmuşa geçirmegiň çäginde amaly synag taslamalaryny işläp düzmekde mundan soňky ädimleri kesgitlemek üçin esas bolar.

News
14.06.2024
230

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň Orunbasary bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 13-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň Orunbasary Konstantin Kosaçýow bilen duşuşdy.Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we onuň mundan beýläk-de ösdürilmegi dogrusynda pikir alyşdylar.Söhbetdeşler ýokary derejedäki gatnaşyklaryň yzygiderli we depginli häsiýeti bilen berkidilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary netijeliligini bellediler.Nygtalşy ýaly, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2024» XV halkara ykdysady forumyna gatnaşmagy we bu ýerde möhüm başlangyçlary öňe sürmegi türkmen-rus hyzmatdaşlygyny has-de çuňlaşdyrmak üçin uly ähmiýete eýedir.Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde parlamentara hyzmatdaşlygynyň möhüm ornuny bellediler. Şu nukdaýnazardan, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň ikinji parlamentara forumyny guramak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Taraplar bilim, ylym we medeniýet ugurlaryndaky özara gatnaşyklara aýratyn üns berdiler.Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wagtyň talap edýän netijeli görnüşlerini bilelikde işlenip düzülmegine geljekde hem ýardam bermäge taýýardyklaryny tassykladylar.

News
13.06.2024
98

Türkmenistanda Awstraliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jon Uilýam Giringden ynanç hatyny kabul etdi.Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde oňa üstünlikleri arzuw etdi.Ilçi hoşniýetli arzuwlar, türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de Awstraliýanyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Şunda ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty we oňyn başlangyçlary bilen ýokary halkara abraýa eýe bolandygy bellenildi.Duşuşygyň dowamynda diplomat Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şeýle hem myhmana döwlet Baştutanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda alnyp barylýan, halkymyzyň bagtyýarlygyna, Türkmenistany ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeler barada giňişleýin gürrüň berildi.Milli parlamentiň düzümi, onuň milli kanunçylyk-hukuk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan giň gerimli işleri duşuşygyň esasy mowzuklarynyň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara derejede dialogy giňeltmegiň, BMG-niň düzümleýin edaralarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigi bellenildi. Türkmen-awstraliýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmalaryň barşynda taraplar netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen nygtadylar. Söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlaryň hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup durýandygy aýdyldy.Diplomat öz ýurdunyň dürli ugurlar boýunça işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, ikitaraplaýyn dialogyň üstünlikli ilerledilmegi üçin ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.Duşuşygyň ahyrynda Mejlisiň Başlygy hem-de Awstraliýanyň doly ygtyýarly wekili döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň ýakyn geljekde doly derejeli, häzirki döwrüň talaplaryna we özara bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyga öwrüljekdigine, ýurtlarymyzyň halklarynyň erk-islegine daýanyp, üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.***Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidentijenap Serdar BerdimuhamedowaSiziň Alyhezretiňiz!Türkmenistan bilen Awstraliýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary giňeltmek hem-de pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Jon Uilýam Giringi Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Onuň ýokary şahsy häsiýetleri, başarnyklary hem-de borjuna wepalylygy özüne ynanylan wezipäni Siziň ynamyňyza mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we Siziň Alyhezretiňize Awstraliýanyň adyndan aýtjak ähli zatlaryna, aýratyn-da, meniň Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy, Türkmenistana abadançylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy beýan edende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.Dewid Hýorli,Awstraliýanyň General-gubernatory.

News
12.06.2024
233

Dynç alyş zolaklaryny goraň: her kim üçin eko-düzgünler

Deňiz kenarynda dynç almak — bu diňe bir deňiz, güneş we gum diýildigi däldir. Bu şol bir wagtyň özünde hem goranmagy talap edýän gowşak ekoulgamdyr. Gynansak-da, dynç alýanlaryň hemmesi edýän hereketleriniň daşky gurşawa nähili täsir edip biljekdigi barada pikir etmeýärler.Näme üçin kenarda eko-düzgünleri berjaý etmek möhüm?Deňiz kenarynda goýulýan zibiller topragy we suwy zäherläp, ýyllarboýy çüýremän durýar. Plastiki haltalar we çüýşeler, olary iýýän deňiz haýwanlary üçin aýratyn howp döredýär.Dýunalarda we kenarýakalarda bitýän ösümlikler kenary eroziýadan goramakda möhüm hyzmaty ýerine ýetirýärler. Emma olary aýaklarymyz bilen basgylasak, kenarlaryň tebigy taýdan weýran bolmagyna esas dörederis.Ýönekeý düzgünlere eýermek bilen, kenar dynç alyşyny ekologiýa taýdan has amatly edip bileris:Zir-zibillerden dynmak. Deňiz kenaryna baranyňyzda, daşky gurşawa oýlanyşykly garalyň: bir gezek ulanylýan gaplamalardan ýüz öwüriň. Gaýtadan ulanylýan iýmit gaplaryny we suw çüýşelerini getiriň.Deňiň kenarynyň kül atylýan däldigini ýadyňyzdan çykarmaň! Gynansagam, çilim gabyklary dünýäde iň köp ýaýran hapa görnüşlerinden biridir. Olar 5 ýyldan 15 ýyla çenli aralykda çüýräp, daşky gurşawa uly zyýan ýetirýär.Deňiz kenarlarynda bu mesele has ýiti duýulýar: çilim çekýänleriň aglabasy çilim galyndysyny zyňmak üçin zibil atylýan ýeri gözlemeýärler-de, galyndyny guma ýa-da ýere gömýärler. Çilim çekmegi taşlap bilmeýän bolsaňyzam, çilim galyndylaryny bellenen zibil gaplaryna taşlaň.Aýna — bu tükeniksiz gaýtadan işlenip bilinýän gymmatly materialdyr! Aýna gaplaryny kenar zolagyna taşlamaň.Kenara taşlanan aýna gyýçaklarynyň diňe bir bu ýeriň keşbini gelşiksiz edip däl-de, eýsem eýsem adamlara we haýwanlara hem ýokary derejede zyýan ýetirip biljekdigini ýadyňyzdan çykarmaň.Deňiz kenaryndan çykan mahalyňyz, yzyňyzda hapa goýmaň! Ýanyňyz bilen getiren zatlaryňyzyň hemmesini, şol sanda torbaňyzy, çüýşeleri, çilim gaplaryny, iýmit galyndylaryny we ş.m islendik hapa döredip biljek zatlary kenarda galdyrmaň. Kenardaky oturan ýeriňizi arassalamagy we hapa zatlary haltalara gaplap, zibile getirmäge ýaltanmaň.Özüňizi alyp barşyňyzdaky ownuk üýtgeşmeleriň hem daşky gurşawy tygşytlamakda uly üýtgeşiklik döredip biljekdigini ýadyňyzdan çykarmaň.

News
10.06.2024
151

Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlandy

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol Türkmenistana geldi.Aşgabada iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçiriler. Türkmen paýtagtynyň Halkara howa menzilinde dostlukly ýurduň Baştutanlaryny resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary we Hormat garawuly nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, belent mertebeli myhmana duz-çörek hödürlenildi we gül desseleri gowşuryldy. Howa menzilinden Prezident Ýun Sok Ýol sapar wagty özi üçin niýetlenen, paýtagtymyzyň kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasynda ýerleşýän kabulhanasyna tarap ugrady. Aziýa-Ýuwaş Umman sebitiň ýurtlary, şol sanda dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Koreýa Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Watanymyzyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan açyk we netijeli dialog Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Köp ýyllaryň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Koreýa Respublikasy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni ulgamlarda we parlamentleriň ugry boýunça netijeli döwletara gatnaşyklary giňeltmek boýunça giň gerimli işler amala aşyryldy.

News
07.06.2024
262

“Magtymguly Pyragy- şygryýetiň göwher gaşy”

2024 – nji ýylyň maý aýynyň 28-ne I.Gandi adyndaky lukmançylyk orta okuw mekdebinde Aşgabat şäher Medeniýet müdirligigniň Merkezleşdirirlen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly Pyragy- şygryýetiň göwher gaşy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çärede akyldar şahyryň täze neşir edilen “Magtymguly” atly goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

News
04.06.2024
48

“Çilimkeşlik we onuň ýetirýän zyýanlary”

I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde 2024-nji ýylyň maý aýynyň 3-ne Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Talyplar saglyk öýüniň wekilleriniň gatnaşmagynda “Çilimkeşlik we onuň ýetirýän zyýanlary” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çärede çilimiň adam bedenine ýetirýän zyýanlary barada giňişleýin aýdylyp, durmuşdan mysallar we suratlar, wideoşekilleri görkezildi, ýüze çykan soraglara giňişleýin jogap berildi

News
24.05.2024
92

Yzzat Gylyjowyň eserlerinde Italiýanyň nurly Güneşi

Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjowyň eserleriniň sergisi açyldy we türkmen suratkeşiniň Italiýa eden sapary wagtynda alan täsirleri barada gürrüň berildi.Bu sergini guramak pikiri, Italiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luidji Ferrara degişlidir. Meşhur türkmen suratkeşiniň Italiýa iki gezek döredijilik saparyna gidendigini we onuň gyzlarynyň maşgala arhiwinde bu tema degişli 38 suratyň we 15 eskiziň bardygy eşidilen badyna bu sergini guramak pikiri döredi.Serginiň açylyş dabarasynda Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi ýurdumyzyň Hökümetine we bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşan her bir adama, şeýle hem suratkeşiň gyzy Maral Gylyjowa tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi.Ilçi bu işiň, ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigini aýtdy. Yzzat Gylyjow 1969-njy ýylda ilkinji gezek Italiýa barypdyr.Şäherleri muzeýlere öwürýän Gün, howa, gadymy binagärlik - bularyň hemmesi 46 ýaşly türkmen suratkeşine ajaýyp täsir edipdir.Şol döwürde Sowet Soýuzynda sungatyň hakyky ugry sungatda ýeke-täk dogry ugur hasaplanýardy, ýöne bu ýerde duýgular hakykatdan ýokary tutulýardy, özüňi görkezmegiň zerurlygy üýtgedi. Türkmen suratkeşi çyzgysy, urgulary we boýaglary bilen öňki ekspressionist suratkeşleriň artykmaçlygyny duýdy.Yzzat Gylyjow ömrüniň dowamynda dünýäniň köp ýurtlaryna baryp görmek bagtyna eýe boldy, ýöne olaryň hiç biri-de Italiýa ýaly ýüreginde şatlykly täsir galdyrmady.11 ýyldan soň ýene Italiýanyň şäherleri - Rim, Neapol, Wenesiýa, Florensiýa ...Ýene-de şol bir duýgulary başdan geçirýär. Yzzat Gylyjow özüni bagtly duýýardy we bu ýagdaýy dar ýollaryň, Wenesiýa köprüleriniň, ýadygärlikleriň, köşkleriň we muzeýleriň şekilleri bilen suratlarda beýan edýärdi.Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradowyň belleýşi ýaly: «Türkmen suratkeşiniň italýan eserleri Yzzat Gylyjowyň döredijilik mirasynyň obýektlerinden biridir».«Yzzat Gylyjow Italiýada» sergisine gelenler we suratkeşler, sungaty öwrenijiler, Türkmenistandaky birnäçe ilçihananyň işgärleri türkmen suratkeşi Yzzat Gylyjowyň Güneşli italýan landşaftlaryndan emele gelen täsirlerini paýlaşdylar.

News
23.05.2024
77

Derýalar barada iň täsin maglumatlar

Derýalar — bu diňe bir Ýeriň ýüzünden akýan suw akymlary däl. Bular planetamyzy iýmitlendirýän, täsin landşaftlary döredýän we sansyz-sajaksyz janly-jandarlaryň ýaşaýan öýi bolan janly arteriýalarydyr.«Turkmenportal» web saýtynyň okyjylaryny derýalar baradaky gyzykly maglumatlar bilen tanyşdyrmak isleýäris.Amazonka — dünýäniň iň çuň derýasy. Hiç bir derýa suwunyň mukdary babatda Amazon bilen deňleşip bilmez. Onuň suw ätiýaçlygy derýalaryň çuňlugy boýunça sanawdaky özünden soňky ýedi derýadan hem has köpdür.Uzak ýyllaryň dowamynda Nil dünýäniň iň uzyn derýasy hasaplandy. Onuň uzynlygy 6 650 km bolup, Amazonka bu ugurda (uzynlygy 6400 km) ikinji orunda durýar.Şeýle-de bolsa, soňky ýyllarda Amazonyň takyk uzynlygy barada jedeller ýüze çykýar. 2007-2008-nji ýyllarda braziliýaly we peruwly barlag geçirijiler täze takyklamalara getirýän birnäçe ekspedisiýa geçirdiler. Ol şeýle netijä eýe boldy: Amazon — 6 992 km, Nil — 6 853 km.2009-njy ýylda Nil derýasynyň has uzyndygyny — Amazon (6575 km) bilen deňeşdirilende uzyn bolup, onuň 7088 km barabardygyny öňe sürýän makala çap edildi. Bu maglumatlar sputnikden düşürilen suratlar we ýerüsti gözlegler arkaly alyndy.Bu gözlegleriň hemmesine garamazdan, haýsy derýanyň iň uzynlygydygy baradaky sorag açyklygyna galýar. Bu babatdaky jedeller häzirem dowam edýär we täze ekspedisiýalar has takyk ölçeglere sebäp bolup biler.Dünýäniň iň aýlawly derýasy hökmünde tanalýan Piana derýasy Nižniý Nowgorod sebitinde ýerleşýär. Onuň umumy uzynlygy 400 kilometre barabar bolup, onuň gözbaşyndan ahyryna çenli göni ölçegdäki aralyk bary-ýogy 30 kilometrdir.Mistiki rowaýatlary bilen tanalýan Mekong derýasy özünde ýene bir syry — otly toplary bilen meşhurdyr. Her ýyl ýagýan möwsüminde derýanyň çuňlugyndan ýagty sferalar asmana göterilýär. Bu düşündirip bolmaýan hadysa adamlaryň aňyny haýran galdyryp, dünýäniň dürli künjeklerinden Mekong şäherine syýahatçylaryň ünsüni çekýär.Ural derýasynyň täsinligi bolsa onuň bir başynyň Aziýada, beýleki başynyň bolsa Ýewropada ýerleşýändigi.Wenesuelada ýerleşýän Katatumbo derýasynyň gözbaşynda hakyky reňk özboluşlylygy şüweleňi bolýar. Dünýäniň bu ýeri «Marakaýbo maýagy» ýa-da «Hemişe gazaply ýyldyrym» diýlip atlandyrylýar. Her ýyl derýanyň agzynda 450 000-e çenli ýyldyrym çakmagy hasaba alynýar.Awstraliýada ýerleşýän Korollyk derýasy we ABŞ-daky Gudzon derýasy — dünýädäki iň hapa suwly derýalardyr.Irtyş (Russiýa) — Ýer ýüzüniň iň arassa derýasy.Nil — iň gadymy derýa bolup, onuň aglaba bölegi Müsüriň çäginden akýar. Ol çaklamalara görä eýýäm 30 million ýyl töweregi wagt bäri Afrikanyň içinden akyp geçýär.Rio Negro köprüsi, takmynan 7000 kilometre golaý Amazonyň üstünden geçýän ýeke-täk köprüdir. Ol 2010-njy ýylda tamamlanan derýanyň iň uly porty bolan Manaus portuny Iranduba şäheri bilen birleşdirdi. 3595 metrlik köpri diňe bir ulag arteriýasy bolman, eýsem inženerçiligiň we adamyň tebigata eýe bolmak babatdaky isleginiň nyşanydyr.Derýalar her ýylda 16 milliard tonna ýer bölegini we daşlary deňizlere hem-de ummanlara daşaýarlar.ABŞ-daky Kaýahoga derýasynyň taryhynda gara sahypasy bar: ol azyndan 12 gezek ot hadysasynyň pidasy boldy. Derýanyň özi däl-de, eýsem onuň üstünde ýygnanan zyňyndylar, zibiller ýangyna sezewar boldy.Planetada çäginden derýa akyp geçmeýän 17 sany ýurt bardyr. Muňa Saud Arabystany mysal bolup biler.Amazonda tolkunlaryň beýikligi dört metre ýetip biler.Kongonyň Ýer ýüzündäki iň çuň derýa adyna eýe bolmagy ýöne ýerden däldir. Käbir ýerlerde onuň çuňlugy 250 metre ýetýär.Ynanar ýaly hem däl, ýöne bu hakykat — 4 kilometr çuňlukdan «ýerasty Amazon» akyp geçýär. Geň galdyryjy ýeri, bu ýerasty derýa ýeriň ýüzündäki akýan akymyny yzarlaýar. Emma ol ýerüsti böleginden ýüzlerçe esse giňdir!Hindistandaky Kosi derýasy durnuksyz häsiýeti bilen tanalýar. Her ýazda ol özi üçin täze çeşme döredýär.La Plata — dünýädäki iň giň derýa. Onuň käbir ýerlerde ini 220 kilometre ýetýär.Russiýanyň üstünden takmynan 2,8 million sany derýa akyp geçýär, bu bolsa dünýäniň beýleki ýurtlaryndan has köpdür.

News
21.05.2024
157

250 студентов выступят в международном конкурсе «Международные отношения: культура мирного диалога»

22 мая в Ашхабаде стартует международный конкурс «Международные отношения: культура мирного диалога» с участием студентов высших учебных заведений стран Центральной Азии, Прикаспийских государств, Турции и Китая. Конкурс организован совместно Министерством образования Туркменистана и Институтом международных отношений Министерства иностранных дел Туркменистана.Как сообщили в оргкомитете, в международном соревновании выступят 250 студентов из Туркменистана и стран-участниц. Конкурс объединит участников из 20 туркменских и 11 зарубежных вузов 9 стран. В Ашхабад съедутся представители таких престижных высших школ, как Московский государственный институт международных отношений МИД РФ, Университет ADA Азербайджана, Институт политических и международных исследований МИД ИРИ, Каспийский университет технологий и инжиниринга им.Ш.Есенова Казахстана, Дипломатическая Академия МИД Кыргызстана им.К.Дикамбаева, Таджикский национальный университет, Российско-таджикский (Славянский) университет, Мешхедский университет им.Фирдоуси, Стамбульский университет Джеррахпаша, Китайский университет международных отношений, Университет мировой экономики и дипломатии МИД Узбекистана.Организаторы с нетерпением ждут приезда иностранных гостей, которые начнут прибывать в туркменскую столицу уже завтра. Идет активная подготовка по обеспечению организации на высоком уровне приема участников, открытия и проведения мероприятия.Конкурс пройдет в виде индивидуальных и командных соревнований. На первом этапе будет проведено тестирование, состоящее из вопросов на тему региональных и международных отношений, их политико-дипломатической, торгово-экономической, историко-культурной и других актуальных областей.В индивидуальном туре участникам будут предложены задания по таким направлениям как моделирование международных переговоров, использование информационных технологий при изучении международных экономических отношений, изучение мировых тенденций в международной транспортной логистике, использование математики и математического моделирования при принятии оптимальных решений в международных отношениях и другие.В командном этапе конкурсантам предстоит справиться с заданиями по применению математических методов в международных отношениях, математическому моделированию, эконометрике, логистике и другим направлениям.Для студентов также состоится тематический брейн-ринг, по итогам которого жюри будут отмечены активные участники, лучшие дискуссии, команды, а также выдвинутые в ходе игры конструктивные идеи и предложения. Основная цель «мозгового штурма» – представить оптимальные методы диалога и сотрудничества между международными субъектами и их видами в результате анализа актуальных вопросов международной и региональной повестки.Победители международного конкурса будут награждены медалями и дипломами, а также почетными грамотами и подарками.Как известно, на 63-м пленарном заседании 78-й сессии Генеральной Ассамблеи ООН была единогласно принята инициированная Туркменистаном Резолюция «2025 год – Международный год мира и доверия», в основу которой заложены цели распространения принципов миролюбия, культуры мирного диалога, укрепления доверия между государствами.В данной связи, предстоящий конкурс имеет высокую значимость в деле достижения положительных результатов в развитии международного диалога и молодежного сотрудничества, продвижении культурной дипломатии.В числе задач конкурса выявление талантливых и способных учащихся, расширение взаимодействия вузов в сфере науки, образования, подготовки молодых специалистов, установление дружеских связей между преподавателями и студентами из разных стран.Добавим, что для гостей столицы подготовлена насыщенная культурно-развлекательная программа, в рамках которой запланированы знакомство с Высшей школой дипломатии Туркменистана, экскурсии по Ашхабаду и другие мероприятия.