TM RU EN

Mary lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
28.06.2024
231

Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan Ankara şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginde gül goýmak dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapynda Ankaranyň merkezinde ýerleşýän «Türkmenistan» seýilgähindäki beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyny gurnady.Gül goýmak dabarasyna Türkiýäniň Medeniýet ministriniň orunbasary Nadır Alpaslan, Ankaradaky daşary ýurtlarynyň diplomatiki wekilhanalarynyň, Türkiýäniň dürli ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, tanymal ýazyjylar we jemgyýetçilik işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, talyplar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdy.Öz çykyşlarynda gatnaşanlar Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli baýlyk bolmak bilen, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini bellediler. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň ýubileýi mynasybetli Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan edilendigini nygtadylar.Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragynyň türkmen halky üçin özygtyýarly döwlet, erkin we bagtly durmuş baradaky arzuwlary häzirki wagtda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellenildi.Çäräniň ahyrynda, asylly däbe görä, ähli gatnaşyjylara we myhmanlara türkmen milli tagamlary hödür edildi.

News
27.06.2024
168

Türkmenistanyň we Tunis Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň we Tunis Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, tunis tarapyna – Tunis Respublikasynyň Daşary işler, migrasiýa we daşary ýurtlarda ýaşaýan tunislileriň işleri boýunça ministriniň orunbasary Munir ben Rajiba ýolbaşçylyk etdi.Duşuşygyň dowamynda türkmen-tunis gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça köp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň ähmiýeti nygtaldy.Söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň göwrümini artdymagyň ýollary, maýa goýum, syýahatçylyk we oba hojalygy çygyrlaryndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Şeýle hem, Türkmen-tunis parlamentara dostluk toparyny döretmek arkaly parlamentara hyzmatdaşlygyny hem-de ynsanperwer we bilim ulgamyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge özara ygrarlylyk beýan edildi.Taraplar halkara we sebit gün tertibiniň häzirki zaman meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

News
25.06.2024
88

Ýewropa Bileleşiginiň adam hukuklary boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň adam hukuklary boýunça ýörite wekili Olof Skugyň arasynda duşuşyk geçirildi.Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň barşyny gözden geçirdiler, şeýle hem hukugyň hökmürowanlygy we adam hukuklary ýaly ugurlar boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny bellediler.ÝB-niň wekili ilatyň ýaşaýşynyň ýokary derejeli durmuş-ykdysady şertlerini, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak hem-de öňe sürmek boýunça ösüşi üpjün etmek babatynda Türkmenistanda alnyp barylýan giň gerimli işler bilen tanyşdyryldy.Taraplar nobatdaky mejlisi 2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Adam hukuklary boýunça dialoglaryň çäklerinde pikir alyşmagyň aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler.

News
24.06.2024
283

«Halklary birleşdirýän taryhy we medeni gymmatlyklar» atly ýörite maslahat geçirildi

Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ tarapyndan «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Mejlisiniň guramagynda wideoaragatnaşyk arkaly Gündogaryň beýik akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň esaslandyryjysy Magtymguly Pyragynyň şanly 300 ýyllygyna we medeni mirasyna bagyşlanyp, «Halklary birleşdirýän taryhy we medeni gymmatlyklar» atly ýörite maslahat geçirildi.Maslahata Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Täjigistanyň, Eýranyň Parlamentleriniň wekilleri, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça edarasynyň (ÝUNESKO) Almatydaky Sebitleýin edarasynyň direktory, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň Jogapkär sekretary, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary gatnaşdylar.Maslahatyň esasy maksady dünýä edebiýatynyň we medeniýetiniň ösmegine çäksiz uly goşant goşan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny Parlament derejesinde bellemekden we döwletleriň medeni syýasatyny goldamakdan, beýik söz ussatlarynyň tutuş adamzadyň ruhy gymmatlyklarynyň dürdäneleri hasaplanylýan edebi miraslaryny giňden wagyz etmekden, aýawly saklamakdan, ýaş nesilleri olaryň ruhunda terbiýelemekden, doganlyk halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekden we parlamentara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekden ybaratdyr.Giň wekilçilikde geçen maslahatda ilkinji söz Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň Jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň at gazanan diplomaty Çynar Täjiýewna Rüstemowa berildi. Ol öz çykyşynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda türkmen halkynyň şöhratly taryhyny dikeltmek, ylmy taýdan düýpli öwrenmek, ýaş nesilleri ata-babalarymyzdan we umumadamzat ösüşlerine uly goşant goşan beýik şahsyýetlerimizden miras galan medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň, mukaddes däp-dessurlarymyzyň ruhunda terbiýelemek ugrunda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň Pariž şäherinde geçirilen 216-njy mejlisinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilendigine, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulandygyna, Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilendigine ünsi çekdi. Umumadamzat medeni gymmatlyklaryň aýawly saklanylmagy, dünýä halklary üçin elýeterli bolmagy, Ýer ýüzünde parahatçylygyň we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dabaralandyrylmagyna gönükdirilmegi ugrunda iri halkara guramalar, şol sanda ÝUNESKO bilen döwlet derejesinde giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.ÝUNESKO-nyň Almatydaky Sebitleýin edarasynyň direktory Amir Piriç baý maglumatly çykyşynda dünýä halklarynyň taryhy ýadygärlikleriniň, milli gymmatlyklarynyň ÝUNESKO-nyň sanawynda yzygiderli orun alýandygyny we Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň işjeň häsiýetine ýokary baha berilýändigini belledi. Bu ugurda Türkmenistanyň alyp barýan işleriniň umumadamzat medeni-ruhy gymmatlyklarynyň aýawly saklanylmagynda, geljekki nesillere miras galdyrylmagynda örän uly ähmiýetiniň bardygyny aýtdy.Soňra Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Kanunçykaryjy Palatasynyň Spikeriniň birinji orunbasary Akmal Holmatowiç Saidow çykyş etdi. Ol iki goňşy dostlukly döwletiň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giň gerimde ösýändigini, parlamentara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykýandygyny belläp, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede bellenilip geçilýän ýylynda şeýle maslahatyň geçirilmegine mümkinçilikleri döredip berýän iki dostlukly döwletiň Baştutanlaryna özüniň sagbolsunyny aýtdy. Bu halkara maslahatyň täzeçillikdigini we halklaryň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn belläp geçdi.Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Ylym, bilim, saglygy goraýyş meseleleri baradaky komitetiniň başlygy Odiljon Karimowiç Iminow öz çykyşynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ajaýyp goşgularynyň özbek diline terjime edilip, özbek halky tarapyndan uly gyzyklanma bilen okalýandygyny, onuň goşgularyna döredilen aýdymlaryň özbek toý-dabaralaryny bezeýändigini, beýik şahyryň durmuş ýoluna we döredijiligine bagyşlanyp, döwlet derejesinde dabaraly çäreleriň geçirilýändigini buýsanç bilen belledi. Şeýle hem ol çykyşynyň dowamynda dana şahyryň goşgularyndan dürdäne setirleriň birnäçesini labyzly aýdyp, olarda beýan edilýän filosofik garaýyşlara, çuňňur manyly pikir-ündewlere ünsi çekdi.Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Ylym we bilim baradaky komitetiniň başlygy Bahtiýar Gamza oglu Aliýew çykyşynda Magtymguly Pyragynyň dost-doganlyga çagyrýan, ahlak gymmatlyklaryny ündeýän dürdäne şygyrlarynyň dünýä dilleriniň ençemesine terjime edilip, dürli halklar üçin elýeterli bolandygyny belledi. Akyldar şahyryň edebi mirasyna bagyşlanyp, Azerbaýjanda giň wekilçilikli ylmy maslahatlaryň guralýandygyny, ylmy işleriň çap edilýändigini aýtdy.Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Durmuş-medeni ösüş we ylym baradaky komitetiniň başlygy Nurtore Baýtelesowiç Jusip maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň ajaýyp goşgularynyň gazak diline terjime edilip, halk köpçüligi tarapyndan uly gyzyklanma bilen okalýandygyny belledi.Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Mejlisiniň Milli Majlisiň Namoýandagon Mejlisi, ýerine ýetiriji häkimiýet, jemgyýetçilik birleşikleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we parlamentara aragatnaşyklary bilen işini utgaşdyrmak baradaky komitetiniň başlygy FarhodRahimi Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasly şygyrlarynda parahatçylyk, agzybirlik, jebislik barada beýan edilýän dürdäne pikirleriň häzirki döwürde hem örän möhüm ähmiýete eýedigi barada durup geçdi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Täjigistan Respublikasynda hem dürli öwüşginli dabaralaryň geçirilýändigi, häzirki wagtda Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň gurulýandygy barada aýtdy we munuň özi döwletlerimiziň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň täze derejä çykandygyny subut edýär diýip belledi.Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Nasiba Sodiki öz çykyşynda häzirki dünýä şertlerinde halklary ýakynlaşdyrmakda taryhy-medeni gymmatlyklaryň ähmiýetiniň örän uludygyna ünsi çekdi. Türkmenistanda türkmen halkynyň medeni gymmatlyklaryny dikeltmek, döwrebap ösdürmek babatda döwlet derejesinde maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny, bu ugurda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna aýratyn uly ornuň degişlidigini nygtap, Magtymguly Pyragynyň dürdäne şygyrlaryndan birnäçe bendi labyzly okap berdi.Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Bahar Seýidowa döwletleriň arasyndaky medeni-ynsanperwer, parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilýändigini belläp, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden baýram edilýändigini, halkara derejesinde geçirilýän şu günki maslahatyň munuň aýdyň mysalydygyna ünsi çekdi. Şeýle hem şu ýyl «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» hem-de Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlaryna eýerilip taýýarlanylan «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmeginiň akyldar şahyryň ady bilen berk bagly ýylymyzyň ähmiýetini has-da artdyrandygyny uly buýsanç bilen belledi.Gyrgyz Respublikasynyň Ýokary Geňeşiniň Halkara işler, goranmak, howpsuzlyk we migrasiýa baradaky komitetiniň agzasy Mirgul Omurzakowna Temirbaýewa Türkmenistan we Gyrgyz döwletleriniň arasynda ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýedigini aýdyp, Gyrgyz Respublikasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň şanyna dabaraly maslahatlaryň geçirilýändigini, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça dürli çäreleriň geçirilmeginiň ähmiýeti barada durup geçdi.TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýewiň wideoýüzlenmesinde 2024-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edilmeginiň öz eserlerinde parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgelerini dabaralandyran, türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyryna bolan hormat-sarpanyň nyşanydygyny, Änewiň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bu şähere özüniň baý taryhy-medeni mirasyny, syýahatçylyk mümkinçiliklerini görkezmegi üçin täze ugurlary açar diýip belledi.Maslahata gatnaşyjylar şeýle halkara çäreleriň yzygiderli geçirilmeginiň dünýä döwletleriniň we halklarynyň arasynda medeni, ynsanperwer, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde, parlamentara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmeginde möhüm ähmiýetini bellediler.

News
22.06.2024
283

Dünýäni aýlaýan 4 teker: 10 sany iň özboluşly awtoulag muzeýi

Awtoulaglar — bu diňe bir ulag serişdesi hem däl-de, eýsem, taryh, medeniýet, dizaýn we inženerçilik pikiri. Bu atmosfera doly girip, awtoulag pudagynyň ösüşini yzarlap hem-de rowaýata öwrülen awtoulaglary görmek üçin adamzat jemgyýeti dünýäde birnäçe awtoulag muzeýlerini döretdi.«Volkswagen» awtogrady. Bu ýer «Volkswagen»-iň esasy zawodynyň ýerleşýän ýerinde, Germaniýanyň Wolfsburg şäheriniň ýüreginde hakyky «awtograd» ýerleşip, ol meşhur brendiň awtoulag dünýäsine bagyşlanan seýilgähdir.25 gektar meýdanda restoranlar, muzeýler, dynç alyş merkezi hem-de awtoulag öndürijisiniň direktorlar geňeşiniň baş edarasy ýerleşýär. Toplumyň esasy binalary 20 gatly ekiz diňler bolup, her gatda täze, eýýäm satyn alnan awtoulaglar ýerleşdirilip, olaryň her biri eýesiniň isleglerine doly laýyk gelýän görnüşde taýýarlanylandyr.Pitersen awtoulag muzeýi Los Anjelesde ýerleşýär. 1994-nji ýylda döredilen bu ýerde dünýäde iň giň awtoulag kolleksiýalarynyň biri bar.Gadymy, seýrek gabat gelýän ulaglardan başlap häzirki zaman superkarlaryna çenli bolan 150 sany ulag modeli awtoulag pudagynyň ösüşi barada täsin taryhy gürrüň berip dur. Birinji gatda aýlanyp ýören mahalyňyz bu ýerde awtoulag pudagynyň dörän döwrüniň atmosferasyna girersiňiz, ilkinji synaglary, tejribeleri görersiňiz we ilkinji başlangyçlaryň ruhuny duýarsyňyz.Ikinji gat Golliwud ýyldyzlaryna we olaryň kaşaň awtoulaglaryna bagyşlanýar. Bu ýerde Betmeniň şahsy awtoulagyny, «Beýik ýaryş»-yň rowaýata öwrülen awtoulaglaryny we awtoulag baradaky meşhur kinolaryň beýleki nyşanlaryny görüp bilersiňiz.Kiçi ýaşly myhmanlar üçin bolsa bu ýeriň üçünji gatynda çagalaryň ulaglarynyň modelleri garaşýar.Ştutgartdaky (Germaniýa) Mersedes-Benz muzeýi. Spiral görnüşindäki futuristik bina 9 gata çenli uzaýar.Esasy girelgede sizi diňe bir eksponat däl, eýsem özboluşly bir rowaýaty eser — rulunda ýaryşlaryň beýik sürüjisi Huan Manuel Fanhionyň bürünç keşpde dolandyryp oturan Mersedes-Benz W196 ýaryş awtoulagy garşy alýar. Bu awtoulagy «Kümüş ok» diýip hem atlandytrýarlar.Adaty däl görünse-de, bu ýerde muzeýe gezelenç 9-njy gatdan başlanýar. Muzeýiň 1500-den gowrak eksponaty bolan baý kolleksiýasynda diňe bir awtoulaglar we ýük awtoulaglary däl, eýsem motosikller, awtobuslar we hatda ýörite enjamlar hem bar.Bowling Grin şäherindäki (ABŞ) «Chevrolet Corvette» milli muzeýi täjirçilik maksatly däl-de, eýsem Amerikanyň iň meşhur awtoulaglarynyň biriniň taryhyny şöhratlandyrmak we goramak üçin döredildi, dünýäniň dürli künjeklerinden Korwetiň muşdaklary üçin hakyky sungat öýüne öwrüldi.Muzeý toplumynyň bu meşhur awtoulaglaryň öndürilen ýeke-täk zawodyndan köçäniň aňyrsynda ýerleşmegi tötänden däldir. Bu ýerde «Corvette»-iň ewolýusiýasyny 1953-nji ýylda çykan ilkinji modelden şu günki superkarlara çenli yzarlap bilersiňiz.Tokio şäherindäki «Toyota Mega Web» muzeýi. Bu ýerdäki alty sergi meýdançasynda ähli ululykdaky we ýaşdaky ýüzlerçe «Toyota» ulaglarynyň modelleri görkezilýär.Toplumyň esasy merkezi — brendiň bar bolan we geljekdäki modellerini görüp boljak «Toyota City Showcase». Onuň gapdalynda iň meşhur zallaryň biri — Ride One ýerleşip, bu ýerde her kim iň täze modeliň kaşaň awtoulagyna münüp aýlanyp bilýär. Üç pawilýondan ybarat, uzak bolmadyk, ýöne tolgundyryjy 1,3 kilometrlik ýol ýatdan çykmajak täsirleri galdyrar.Breşýadaky (Italiýa) «Mille Milýa» awtoulag muzeýi. Bu özboluşly muzeý 1927 — 1957-nji ýyllar aralygynda Italiýada bolup geçen çydamlylyk ýaryşyna bagyşlanýar. Keramatly Eufemiýanyň öňki monastyrynyň taryhy daş otaglarynda ýerleşýän bu muzeý sizi gyzykly ýaryşyň taryhy pursatlaryna syýahat etmäge çagyrýar.Muzeýiň zallary diwarlaryň boýunda hronologiki tertipde 30-a golaý täsin awtoulag ýerleşdirilen uzyn enfilade ýörelgesinde gurlupdyr. Bu awtoulag paradyndan geçip, bir wagtlar Italiýanyň ýollarynda ajaýyp tizlikde daz beren 20, 30, 40 we 50-nji ýyllaryň rowaýaty ulaglarynyň taryhyny görüp bilersiňiz.Saut Benddäki (ABŞ) «Studebaker» milli muzeýi. Muzeý myhmanlary «Studebaker» brendiniň baý taryhy bilen tanyşdyrýar hem-de 120 eksponatdan ybarat bolan täsirli ýygyndyny görkezýär.Birinji gatda kompaniýanyň irki döredijilik başlangyç taslamalary görkezilýär: 1852-nji ýyldan bäri öndürilen arabalardan we awtoulaglardan başlap, 20-nji asyryň başlaryna çenli döredilen awtoulaglara çenli ulag taryhyna şaýat bolmak bolýar. Ikinji gat «Studebaker»-iň altyn asyryna bagyşlanyp, 1934-nji ýyldan bäri öndürilen modelleri, şol sanda 50-nji ýyllaryň meşhur «burunly» awtoulaglaryny öz içine alýar. Indiki gatda bolsa «Studebaker» brendiniň harby enjamlarynyň sergisi guralan.Kolleksiýanyň gymmat bahaly merjenleriniň arasynda dört sany prezident ekipažy, ilkinji we iň soňky «Studebaker» hem-de «Packard» awtoulaglary, konsept awtoulaglary bar. Şeýle hem 1902-nji ýylyň wagtdan ozduran elektrik awtoulagy tanyşdyrylýar.Genri Forduň Detroýtdaky muzeýi (ABŞ). 1929-njy ýylda Genri Forduň özi tarapyndan döredilen bu muzeý toplumy 18 gektardan gowrak meýdany eýeleýär.1906-njy ýylda toplanyp başlanan Genri Ford muzeý kolleksiýasynda häzirki wagtda köp sanly tomaşaçy üçin gyzykly eksponatlar ýerleşýär.Muzeýe aýlanyp görenler awtoulaglaryň, ýük awtoulaglarynyň, oba hojalyk tehnikalarynyň, hereketlendirijileriň, uçarlaryň, otlularyň, motosiklleriň we ş.m. ulaglaryň onlarça modelini görüp bilerler.Jon Kennediniň 1961-nji ýyldaky atylan «Linkoln Continental» prezident limuzini hem sergide aýratyn orun eýeleýär.Modenadaky Ferrari muzeýi (Italiýa). Sergi meýdançasy 6 zala bölünýär, olaryň her biri rowaýata öwrülen bu brendiň taryhyndaky sahypalara bagyşlanýar: Bäsleşik zaly, Şanly zal, Konseptual zal, Uly gezelenç zaly, kinoteatr we wagtlaýyn sergiler zaly.Eksponatlaryň arasynda sergi awtoulaglary, täsin awtoulaglar, güýçli hereketlendirijiler, gyzgalaňly ýaryşlaryň hakydasyna öwrülen tigirler, kartinalarda we suratlarda saklanan gymmatly kuboklar hem bu ýere gözellik berýär.Bu ýere gelýänler her porşeni, klapany we dykyzlygy gözden geçirip, sözüň göni manysynda bu demir atlaryň «içine seredip» bilerler.Muzeýde iň täze modeller, önümçilik hataryndan täze we geçen asyryň ortalarynda ýollarda şöhle saçan seýrek ýaryş awtoulaglary hem görkezilýär.Mýunhende (Germaniýa) ýerleşýän «BMW dünýäsi» muzeýi we köpugurly sergi merkezi meşhur awtoulag öndürijisiniň taryhyna we täzeliklerine bagyşlanýar.2000-nji ýyllaryň başynda Awstriýa býurosy Coop Himmelb(l)au-nyň dizaýnyna laýyklykda gurlan «BMW dünýäsi» ilkinji göreniňde haýrana goýýar. Binanyň dinamiki, tertipli görnüşi howada ýüzýän ýaly bolup, BMW-niň tizlige we kämillige ygrarlydygyny görkezýär.

News
21.06.2024
230

Türkmenistanda Bolgariýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruslan Stoýanowdan ynanç hatyny kabul etdi.Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen bagly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Bolgariýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiziň adyna iberen mähirli salamyny ýetirdi we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.Duşuşygyň dowamynda jenap Ruslan Stoýanow Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Bu strategiýa parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine, ýurdumyzyň durmuş ugurly içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanýar.Diplomata Mejlisiň düzümi we onuň döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine alýan düýpli özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berildi. Şunuň bilen baglylykda, kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, parlamentara dostluk toparlarynyň bilelikdäki işleri hem şu maksada ýetmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň we Bolgariýa Respublikasynyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň ugry boýunça, şol sanda ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändikleri bellenildi.Söhbetdeşligiň dowamynda dürli ugurlarda türkmen-bolgar hyzmatdaşlygyny üstünlikli ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna üns çekildi. Şunda söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy, işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy aýratyn nygtaldy. Bilim, ylym, medeniýet ulgamlary boýunça bilelikdäki çäreleri geçirmek tejribesini dowam etdirmek meseleleri-de gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.Duşuşygyň ahyrynda diplomat özüne ynanylan jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmek bilen, netijeli döwletara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge, ony many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy.***Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Serdar BerdimuhamedowaSiziň Alyhezretiňiz!Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Ruslan Stoýanowy Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Şunuň bilen baglylykda, Sizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de ilçiniň Bolgariýa Respublikasynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize ähli beýan etjeklerine doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.Rumen Radew,Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti.

News
20.06.2024
258

Talyplaryň arasynda «Talyp joşguny – 2024» döredijilik festiwaly geçirildi

«Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilikli höwesjeň talyplarynyň arasynda «Talyp joşguny – 2024» döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyry geçirildi. Jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, mugallymlary we talyplary ýaşlaryň döredijilik ylhamynyň baýramyna gatnaşdylar.«Talyp joşguny» festiwaly her ýyl Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen ýurduň Bilim ministrligi tarapyndan geçirilýär. Çäre zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmaga, olaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmäge, sungata höwesini ýokarlandyrmaga we milli medeniýeti giňden ýaýmaga gönükdirilendir.Döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyrynda ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlary we maý aýynda ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen saýlama tapgyrlarynda ýeňiji bolan ýerine ýetirijiler çykyş etdiler. Festiwala gatnaşyjylar tomaşaçylara we janköýerlere sungatyň dürli görnüşlerinde – saz çalmakda, aýdym aýtmakda, tans etmekde, folklor, sahna çykyşlarynda we ş.m. ugurlarda öz ussatlygyny görkezdiler.

News
18.06.2024
57

Ýaponiýada Türkmenistanyň medeniýet günleri geçirildi

2024-nji ýylyň 12-14-njy iýuny aralygynda Ýaponiýada Türkmenistanyň mediniýet günleri geçirildi.2024-nji ýylyň 12-nji iýunynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Medeniýet günleriniň we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen ýyla bagyşlap medeni çäreleriniň, Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Agzalan açylyş dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti, Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi we Türkmen milli lybaslarynyň görkeziliş dabarasy geçirildi.Bu açylyş dabara Ýaponiýanyň Parlamentiniň deputatlary, ministrlikleriniň, jemgyýetçilik we edara guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriň ýolbaşçylary, Ýaponiýada ýerleşýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we ýaponiýada okaýan türkmen-talyplary gatnaşdylar.Açylyş dabaranyň resmi böleginde türkmen tarapyndan Ilçi A.Baýramow we Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary G.Myradalyýew çykyş etdiler. Çykyşlarynyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzy ösdürmek ugrundaky alyp barýan içeri we daşary syýasaty, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda gazanylan üstünlikler, şeýle hem türkmen-ýapon dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýändigini bellap geçdiler. Ýapon tarapyndan Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň ýapon böleginiň Baş sekretary jenap Ş. Matsuşita we Ýaponiýanyň sanly işler boýunça ministri jenap T.Kono çykyş etdiler. Çykyşlarynda Merkezi Aziýada Türkmenistanyň möhüm ornunyň bardygy, ýapon-türkmen gatnaşyklarynyň has-da berkeýänligini we geçirilýän bu medeniýet günleriniň muňa şaýatlyk edýänini belläp geçdiler.Şeýle hem, ýapon tarapy Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa 2024-nji ýylyň maý aýynda Aşgabat şäherinide Magtymguly Pyragy seýilgähinde meşhur ýapon ýazyjysy, Nobel baýragynyň eýesi Kawabata Ýasunariniň ýadygärlik heýkeliniň dikeldilendigi üçin minnetdarlyklaryny bildirdi. Aýratynam Ýaponiýanyň Hökümeti Türkmenistan Hökümetine 12-14-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň Ýaponiýada Medeniýet günlerini geçirmek maksadynyň has hem aýratynlygyny, ýagny 14-nji iýun Kawabata Ýasunariniň doglan gününe gabat gelýändigi belläp geçdi.Çäraniň dowamynda birnäçe duşuşuklar hem-de Ýaponiýanyň Tsukuba uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp Medeniýet we ylym-bilim ugurlary boýunça tegelek stoluň başyndaky maslahat geçirildi.Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda köpugurly türkmen-ýapon gatnaşyklaryny has-da ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýeti barada bellediler.2024-nji ýylyň 14-nji iýunynda Ýaponiýanyň Tsukuba şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Medeniýet günleriniň we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen ýyla bagyşlap medeni çäreleriniň, Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisiniň ýapylyş dabarasy geçirildi.Bu medeni çäre ýapon halky tarapyndan uly şatlyk – şowhun bilen kabul edildi. Geçirilen Türkmenistanyň Ýaponiýadaky medeniýet günleri türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň has-da berkeýänligine şaýatlyk edýänini belläp geçdiler.a

News
17.06.2024
233

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli çykarylan ýubileý markalary BPB-nyň muzeýinde ýerleşdirildi

Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli türkmen tarapynyň çykaran ýadygärlik ýubileý markalarynyň nusgalary Bütindünýä poçta bileleşiginiň (BPB) Baş direktory Masahiko Metokä gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. BPB-nyň çözgüdine laýyklykda, agzalan markalaryň nusgalary Bern şäherindäki Bütindünýä poçta bileleşiginiň muzeýinde (Şweýsariýa Konfederasiýasy) hemişelik esasda ýerleşdirildi.Mundan başga-da, Bileleşigiň çözgüdi bilen, ýubileý markalaryň nusgalary BPB-nyň ähli agza döwletlerine – dünýäniň 192 ýurduna iberildi.

News
16.06.2024
104

Suwasty hokkeý ýa-da peýnir ýaryşy: sportuň iň üýtgeşik görnüşleridir

Sport bu - köpümiziň çynlakaý çemeleşýän ýa-da käwagtlar meşgullanýan zadymyzdyr. Iň meşhur sport görnüşleri bütin dünýäde tanalýar we käbir adamlar janköýer ýa-da türgen hökmünde sporta goşulýarlar. Ýöne onuň gaty üýtgeşik, geň görnüşleri hem bar. Olar giňden tanalmaýar ýa-da oňa amal edilmän hem biler, şeýle-de bolsa sportuň bu görnüşleri ünsi we bilesigelijiligi özüne çekýär. Bu ýygyndyda biz dünýädäki iň üýtgeşik sport görnüşleri barada söhbet ederis.Iň meşhur sport ýaryşlarynyň biri hem Angliýanyň Gloster şäherindäki Kuper depesinde her ýyl bolup geçýän peýnir ýaryşydyr. Peýniriň uly teker görnüşindäki tegelegi depäniň üstünde togalanýar we gatnaşyjylar ony tutmaga ýa-da iň bolmanda ilki bilen aşak düşmäge synanyşýarlar. Peýnir sagatda 110 km tizlige ýetip biler, şonuň üçin ýaryş gaty howply we köplenç şikesli ýagdaýlara hem getirip bilýär. Ýeňiji baýrak hökmünde peýniri alýar. Bu däp-dessuryň gelip çykyşy belli däldir, ýöne gadymy butparaz dessurlardan gözbaş alyp gaýdýan bolmagy mümkindir.Kädi regattasy - ýene bir üýtgeşik ýaryş, äpet kädiniň boşadylmagyny we gaýyk hökmünde ulanylmagyny öz içine alýar. Gatnaşýanlar kölde ýa-da derýada açyk reňkli eşikler geýýärler. ABŞ-da we Kanadada birnäçe şuňa meňzeş ýaryşlar bardyr. Iň meşhurlary oktýabr aýynda Pesakid kölünde başlaýan Windzor regattasydyr. Gatnaşýanlar laýyk kädini ösdürip ýetişdirip, regatta öňünden taýýarlanýarlar. Orta regatta kädiniň agramy takmynan 350 kilogram bolup şunuň ýaly kädi adaty regatta kabul edilmeýär.Suwasty hokkeýi - oktopuş diýlip hem atlandyrylýan bu sport 1950-nji ýyllarda Angliýada Sub-Aqua klubynyň eýesi tarapyndan oýlanyp tapyldy. Düzgünler adaty hokkeý bilen meňzeş, oýun suwuň, howzuň düýbünde bolup geçýär. Oýunda iki topar, maksat, taýak (diňe bir eli bilen tutup boljak derejede gysga) we pökgi bar.Gorag enjamlarynyň ýerine, gatnaşyjylar dem alyş maskalaryny we ganatlaryny geýýärler. Maksat birmeňzeş - garşydaşyň pökgüsine garşy derwezä mümkin boldugyça köp pökgi geçirmek. Bäsleşik iki 15 minutlyk bölümden we 3 minutlyk dynç alyşdan ybaratdyr. Duşuşykda iki sany suwasty emin we ýer ýüzünde bir emin höküm çykarýar.Bu sporty ýeterlik derejede kyn däl diýip hasaplaýan bolsaňyz, has hem kyn görnüşiniň bardygyny ýadyňyzdan çykarmaň, bu doňdurylan howuzlaryň düýbünde oýnalýan hokkeýdir. Suwasty hokkeý köp ýurtda meşhurdyr we çempionatlar yzygiderli geçirilýär. Tomaşaçylar oýunlary hakyky suwasty kameralar arkaly ýa-da howuzda enjamlaşdyrylan penjireler arkaly tomaşa edýärler.Bossabol - trambolinlerde futbol bilen woleýbolyň ajaýyp goşulmasyndan dörän oýundyr. Bedeniň islendik bölegi bilen oýnap bilersiňiz, ýöne urgylar has köp bal berýär. Şeýle hem, “samba emini” – ýagny DJ-iň wezipesi bolan emin bardyr. Bu sport 2004-nji ýylda Ispaniýada dünýäniň iň meşhur sport görnüşleriniň utgaşmasy hökmünde oýlanyp tapyldy.Oýun merkezde üçburçly, dört çişirilýän zonadan ybarat ýörite meýdançada bolup geçýär. Her topar dört ýa-da bäş oýunçydan ybarat bolýar. Maksat topy garşydaşyň meýdançasyna düşer ýaly tora zyňmakdyr. Oýunçy bedeniň haýsy bölegine topy urandygyna we haýsy zona düşendigine baglylykda dürli ballar berilýär. Duşuşyk hersi 21 oçko çenli üç ýa-da bäş toplumdan ybarat. Emin diňe bir düzgünleri berjaý etmän, karnawal atmosferasyny döredip, oýun üçin sazy hem saýlaýar. Bossabol oýny Ýewropada, Günorta Amerikada we Aziýada köp duş gelýär we halkara ýaryşlary geçirilýär.