TM RU EN

Mary lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
16.01.2025
129

ŞANLY ÝYLYŇ ŞYGARY — ÜSTÜNLIKLERE BADALGA

2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygy» atly maslahat geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary syýasat edarasynyň işgärleri, ylym, döredijilik intelligensiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.Maslahatyň çäklerinde institutyň eýwanynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, Bitaraplygyny, berkarar türkmen döwletiniň abadan durmuşyny şöhlelendirýän hem-de halkymyzyň taryhyndan söz açýan amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň eserleri, türkmen halkynyň milli gymmatlyklary maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.Maslahatyň başynda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyplarynyň taýýarlan edebi-sazly kompozisiýasy ýerine ýetirildi. Edebi-sazly kompozisiýada Garaşsyz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik, bitaraplyk, dost-doganlyk ýörelgeleri, ählumumy abadançylygyň bähbidine öňe sürýän başlangyçlary beýan edilýär.Soňra maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlaryna giň orun berildi. Maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky Wekili Jalpa Ratna, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky wekili Ýegor Zaýsew, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekiliniň orunbasary Tomisa Paowiç çykyş etdiler.Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde biragyzdan kabul etdi. Munuň özi Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Ýeri gelende bellesek, bu eser halkymyzyň asyrlaryň dowamynda gazanan tejribesini we kämil ynsanperwer ýörelgelerini, bütin dünýäde ykrar edilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýanyň çeper beýanyny özünde jemleýär. Şeýle hem çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçiriljek dabaralaryň eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen utgaşýandygyna aýratyn ünsi çekip, munuň 2025-nji ýylyň ähmiýetini has-da artdyrjakdygyny, onuň şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazyljakdygyny bellediler.Türkmenistanyň Milletler Bileleşiginiň bütin dünýäde abadançylygy berkarar etmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşmak bilen, öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýändigi çykyşlarda aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Kararnamalaryň birnäçesi, şol sanda 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi, «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly», «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalar kabul edildi. Munuň özi Milletler Bileleşiginiň Türkmenistanyň jogapkärli strategik hyzmatdaş hökmünde häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge goşýan goşandyna, ýurdumyzyň bütin dünýäde parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirýän daşary syýasatyna ýokary baha berýändiginiň nyşanydyr.Dabaranyň dowamynda talyp ýaşlaryň ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary şanly wakalara aýratyn öwüşgin çaýdy. Joşgunly çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy, abadançylygy pugtalandyrmak boýunça asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň giň gerimli işleri wasp edildi.Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.Atamyrat ÝAZWELIÝEW,Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiňHalkara gatnaşyklary institutynyňHalkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.

News
15.01.2025
276

Туркменские школьники участвуют в Международной Жаутыковской олимпиаде по математике, физике и информатике «IZhO 2025»

XXI Международная Жаутыковская олимпиада школьников по математике, физике и информатике «IZhO 2025» пройдет в Астане с 13 по 17 января.В олимпиаде примут участие около 700 школьников и 150 руководителей из 15 стран, среди которых Казахстан, Кыргызстан, Узбекистан, Таджикистан, Россия, Беларусь, Армения, Азербайджан, Турция, Грузия, Болгария, Румыния, Сербия и Монголия, в том числе достойно представляет Туркменистан.Олимпиада проходит на базе Республиканской физико-математической школы под эгидой Республиканского научно-практического центра «Дарын» при Министерстве просвещения Республики Казахстан и акимата города АстаныПо итогам Жаутыковской олимпиады участники получат сертификаты об участии и памятные подарки, а победители и призеры — дипломы различных степеней, а также золотые, серебряные и бронзовые медали.

News
14.01.2025
178

Ýurdumyzda daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet olimpiadasy geçiriler

Türkmenistanda gysga möhletli okuwlary geçirýän ähli eýeçilik görnüşindäki bilim edaralarynda bilim alýanlaryň arasynda Daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet olimpiadasy geçiriler. Bäsleşik üç tapgyrda amala aşyrylar. Daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet olimpiadasynyň birinji tapgyryny 8-nji fewralda bilim merkezlerinde geçirmek göz öňünde tutulýar.21-nji fewrala bellenen ikinji tapgyr Aşgabatdan we Ahal welaýatyndan gatnaşýanlar üçin D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Balkan welaýatyndan gatnaşyjylar üçin – Balkanabat şäheriniň tebigy ylymlar dersleri çuňlaşdyryp öwredýän 21-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde, Daşoguz welaýaty boýunça – Türkmen oba hojalyk institutynda, Lebap welaýaty boýunça – Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda, Mary welaýaty boýunça bolsa – Mary şäheriniň Türkmen döwlet energetika institutynda geçiriler.Daşary ýurt dilleri boýunça döwlet olimpiadasynyň jemleýji üçünji tapgyrynyň 19-20-nji martda D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirilmegi meýilleşdirilýär.Çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin guramaçylyk topary, baş eminler topary hem-de synçylaryň iş topary döredildi.

News
13.01.2025
108

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

2025-nji ýyl Parahatçylygyň, bagtyýarlygyň mekany bolan Türkmenistan döwletimiz özüni äleme tanatdy. Halkymyzyň milli aýratynlygyna, ruhy dünýäsine laýyk gelýän şygar bilen atlandyrmagy , ähli türkmen halkymyzy, ylaýta-da, geljekki bagtyýar ýaş nesillerimizi galkyndyrdy. Bagtyýar nesillerimizi milli ruhda we dünýä döwletleriniň tejribesine laýyklykda terbiýelemekde , ösüp kemala gelmeklerini gazanmakda bilim ulgamynyň işgärlerini tutanýerli zähmet çekmäge, Ata Watanymyzyň şanly ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar.“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” Ata-Watanymyzyň parahatçylygyň, agzybirligiň, ynanyşmagyň we abadançylygyň rowaçlyklarynyň ýyly bolsun! Ata Watanymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda has hem belent sepgitlere ýetsin, güllesin we gül açsyn!

News
11.01.2025
172

Bütindünýä hindi güni

2025-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň baş binasynyň uly mejlisler zalynda Türkmenistandaky Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Hazarika Bhagatyň, ilçihananyň işgärleriniň we institutyň ýolbaşçylarynyň, mugallymlarynyň, talyplarynyň gatnaşmagynda “Bütindünýä hindi güni” dabarasy geçirildi. Dabaranyň başynda institutyň rektory M.Çaryýew giriş sözi bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda ýaşlarda hindi diline bolan gyzyklanmany döretmegiň agramly böleginiň mugallyma baglydygy, institutyň mugallymlarynyň dil öwretmek meselesine ylmy nukdaýnazardan çemeleşip, elmydama-da döwür bilen aýakdaş gitmek üçin halkara tejribäni hem yzygiderli öwrenýändiklerini, halkara giňişliginde geçirilýän forumlara, sergilere hem gatnaşýandyklaryny, şonuň ýaly-da, Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýokary okuw mekdebi bilen ýola goýan hyzmatdaşlygynyň talyplaryň hindi dilini has çuňňur öwrenmeginde uly ähmiýetiniň bardygyny buýsanç bilen belledi. Soňra Türkmenistandaky Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat çykyş edip, “Bütindünýä hindi dili gününiň” bellenilmeginiň ähmiýeti barada durup geçdi. Hormatly Ilçi hindi diliniň Türkmenistanda-da meşhurdygyny, bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň hindi dilini ýokary derejede bilýändigini aýratyn belledi. Soňra hindi dili boýunça bilim alýan talyplar türkmen we hindi edebiýatynyň ýakynlygy, halklaryň medeniýetleriniň, däp-dessurlarynyň meňzeşlikleri barada çykyş etdiler. Talyplaryň Hormatly Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygrynyň hindi diline terjimesini uly joşgun bilen okamagy, Magtymguly Pyragynyň hindi dili mugallymlarymyz tarapyndan terjime edilen şygyrlaryny, Rabindranat Tagoryň, Mkanlal Çaturwediniň, Hariwanş Raý Baççanyň goşgularyny hindi dilinde çeper okamaklary, ussatlyk bilen ýerine ýetiren hindi tansy we türkmen milli tansy – küştdepdi dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda “Bütindünýä hindi diliniň güni” mynasybetli talyp ýaşlaryň arasynda düzme ýazmak we goşgy terjime etmek boýunça geçirilen bäsleşigiň jemi jemlenip, ýeňijiler yglan edildi we baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplar sylaglandylar.Dabara gatnaşyjylar ýaşlaradünýä dillerini öwrenmäge giň mümkinçiligi döredip berýän, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde giň gerimli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty

News
10.01.2025
188

«Mahabatyň esaslary» okuw kitaby

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan «Biziň ýurdumyz öz halkynyň gujur-gaýratyna we ru­hubelentligine daýanyp, ertekileriň gahrymany äpet pälwanlar ýaly, päsgelçilikleri we kynçylyklary çalt ýeňip geçýär» diýlip ýokary baha berlen eziz Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşlerinde bazar gatnaşyklaryny nazarlaýan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň-de mynasyp or­nunyň bardygy äşgärdir.Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Agamyrat Mämmedowyň taýýarlap, Türkmen döwlet neşirýaty tarapyndan neşir edilen «Mahabatyň esaslary» okuw kitabynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hereket etmeginiň möhüm ugurlarynyň biri bolan mahabat syýasatynyň düýp manysy, onuň aýratynlyklary hem-de guralyşy bilen baglanyşykly maglumatlar ýerleşdirilip, mahabatyň ähmiýetine, onuň görnüşlerine we serişdelerine häsiýetnama berilýär.Žurnalistika hünäri boýunça okatmagyň halkara tejribesine, Internet maglumatlaryna, şeýle hem, türkmen awtorlarynyň ylmy işlerine esaslanylyp taýýarlanylan bu okuw kitaby arkaly talyplar KHBS-iň bu ugurlardaky işi döwrebap, oýlanyşykly alyp barmak başarnygyny kemala getirmäge gönükdirilen bilimleri alarlar.Milli Lidrimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň okuw kitaplaryny taýýarlamak, döwrebap hünärmenleri ýetişdirmek babatdaky öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp neşir edilen bu kitap žurnalistika hünäriniň talyplardyr mugallymlary, gazet-žurnallaryň, telewideniýe we radioýaýlymlarynyň işgärleri üçin niýetlenilendir. Kitapdan mahabat işi bilen gyzyklanýan hünärmenler hem peýdaly maglumatlary tapyp bilerler.Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

News
09.01.2025
118

«Sanly medeniýet» atly maslahat geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy we BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan durmuşa geçirilýän «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak» taslamasynyň çäginde «Sanly medeniýet» atly maslahat başlandy.Maslahat 10-njy ýanwara çenli dowam eder. Ony sanlylaşdyrma boýunça halkara hünärmen Wiktor Dostow geçirýär.Maslahata gatnaşýanlar birnäçe günüň dowamynda sanlylaşdyrmagyň esasy düzüm böleklerini we sanlylaşdyrmagyň hereketlendirijisi hökmünde iň möhüm tehnologiýalary ara alyp maslahatlaşarlar. Bu nukdaýnazardan blokçeýn, emeli aň, şeýle hem kwant hasaplamasy we zatlaryň interneti ýaly «nusgawy» we täze tehnologiýalary agzamak möhümdir.Aýry-aýry bölümler sanly ýerliklere we sanly sowatlylyga, zähmet bazarynyň sanly üýtgemegine bagyşlanar.

News
08.01.2025
199

Türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

7-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşygy geçirildi.Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-türk gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna garadylar. Diplomatlar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sebit we halkara gurluşlaryň çäklerindäki iki ýurduň özara gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi.Türkiýe Respublikasynyň Ilçisi «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna minnetdarlygyny beýan etdi.Duşuşygyň ahyrynda taraplar «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» çäginde bilelikdäki çäreleri geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

News
07.01.2025
107

TBM daşary ýurt hukuk diplomlaryny ykrar etmegiň tertibini täzeledi

Türkmenistanyň bilim ministriniň 2024-nji ýylyň 9-njy dekabrynda çykaran 392 belgili buýrugy bilen (Bilim ministriniň 2019-njy ýylyň 29-njy martynda çykaran 80 belgili buýrugy bilen tassyklanan) daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini ulanmak boýunça Gözükdirijä üýtgetmeler we goşmaça girizildi.Bu buýruk Türkmenistanda daşary ýurt diplomlaryny ykrar etmegiň tertibine düýpli üýtgeşmeler girizýär.Esasy üýtgeşmeler uçurymlaryň iki görnüşine degişlidir:«Hukuk işi» hünäriniň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, daşary ýurt döwletlerinde «hukuk işi» ugry boýunça Türkmenistanyň raýalaryna berlen ýokary hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmek üçin 3 aý möhletli tölegli okuw geçiler. Onuň meýilnamasyny Türkmenistanyň Bilim ministirligi bilen Adalat ministrligi bilelikde tassyklar.Daşary ýurt döwletiniň hünär bilimi edarasyna okuwa girip, adatdan daşary ýagdaý sebäpli elektron okuwy we uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny ulanmak arkaly dowam edip alnan Resminamanyň eýesiniň sowatlylygy elektron okuwy we uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny ulanmak boýunça barlanar.«Hukuk işi» ugry boýunça berlen ýokary hünär bilimi hakyndaky resminamalaryň Türkmenistanda ykrar edilmegi üçin ýüz tutýan Türkmenistanyň raýatlaryndan synaglary kabul etmek üçin düzüminde aşakdakylaryň wekilleri bolan ýörite Döwlet synag topary dörediler:Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiTürkmenistanyň Baş prokuraturasyTürkmenistanyň Adalat ministrligiTürkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligiTürkmenistanyň Içeri işler ministrligiMagtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiTürkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyHalkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiBu üýtgeşmeler hukuk biliminiň hilini we uçurymlaryň bilimleriniň Türkmenistanyň milli kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.

News
06.01.2025
89

Türkmenistanda mekdep okuwçylaryň arasynda toplumlaýyn olimpiadasy geçiriler

Türkmenistanda Halkara bilim güni mynasybetli mekdep okuwçylaryň arasynda toplumlaýyn olimpiada geçiriler.Olimpiadany Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guraýarlar.«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynyň habar berşine görä, olimpiada Aşgabadyň, Arkadagyň we ähli welaýatlaryň orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylary gatnaşmaga çagyrylýar.Olimpiada dört ders boýunça: taryh, matematika, türkmen dili we iňlis dili dersleri boýunça geçiriler.Bäsleşigiň birinji tapgyry şu ýylyň 31-nji martynda aşakdaky okuw mekdeplerinde geçiriler:• Aşgabadyň, Arkadag şäheriniň we Ahal welaýatynyň okuwçylary üçin - Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda;• Balkan welaýatynyň mekdep okuwçylary üçin - Balkanabadyň nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde;• Daşoguz welaýatynyň mekdep okuwçylary üçin - Türkmen oba hojalyk institutynda;• Lebap welaýatynyň mekdep okuwçylary üçin - S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda;• Mary welaýatynyň mekdep okuwçylary üçin - Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda.Birinji tapgyry üstünlikli geçenler 14-nji aprelde onlaýn görnüşinde test synagy arkaly geçiriljek jemleýji bäsleşige çagyrylar.Olimpiada gatnaşmak isleýän mekdep okuwçylary 20-nji marta çenli hasaba alyş resminamasyny dolduryp, ony mailto:hgi.charetm@gmail.com elektron poçta arkaly guramaçylyk toparyna ibermelidirler.Olimpiada hakyndaky düzgünnama we hasaba alyş resminamasynyň nusgasy gurnaýjy ýokary okuw mekdebiniň saýtynda ýerleşdirilendir. Bäsleşigiň geçiriljek wagty görkezilen tassyklama haty 28-nji marta çenli elektron poçta iberiler.