TM RU EN

Mary lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
11.02.2025
145

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: bilim ulgamy

Prezident Serdar Berdimuhamedow 7-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda ýurtda yglan edilen şu ýylky “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygarynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýandygy hem-de ony durmuşa üçin uly jogapkärçilikli işiň garaşýandygyny nygtady. Bu döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurduň diplomatik wekilhanalarynyň we medeniýetiň, ylymyň, bilimiň we beýleki ugurlarynyň wekilleriniň tagallalarynyň üns merkezine gönükdirilendir.ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretariaty hem bu umumy milli işe goşant goşýar. Ýakynda onuň işgärleri Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň bähbidine hyzmatdaşlyk” atly onlaýn okuw maslahatyny geçirdi. Çärä ýurtdaky ÝUNESKO kafedralary we klublary şeýle hem Assosirlenen mekdepleriniň toruna agza mekdepler gatnaşdylar. Okuw maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň bähbidine hyzmatdaşlyk babatdaky pikirleri, teklipleri we sowallary ara alnyp maslahatlaşyldy.Okuw maslahatynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa çykyş etdi. Ol Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlykda ähmiýetli üstünlikleri gazanmak üçin täze gözýetimleri açýandygyny aýtdy. Öz çykyşynda Ç.Rüstemowa ÝUNESKO-nyň ýörelgelerine esaslanyp alnyp barylan işleriň netijeleri, gazanylan üstünlikler we öňde durýan wezipeler dogrusynda giňişleýin çykyş etdi.“Ählumumy parahatçylyga, abadançylyga, durnukly ösüşe gönükdirilen bilim özgertmeleri”, “Türkmenistandaky ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň milli torunyň işini kämilleşdirmek we öňdebaryjy halkara tejribelerden peýdalanmak” ýaly temalarda ýylyň şygarynyň maksadynyň mazmuny öz beýanyny tapdy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwletli başlangyçlary esasynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalary netijesinde ýurduň yzygiderli alyp barýan bitaraplyk syýasatyna bagyşlanan çykyşlar diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Bu çäre, gatnaşyjylaryň hemmesinde ruhlandyryjy duýgyny hem-de bilelikdäki tagallalaryň halkara giňişliginde parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bilim hyzmatdaşlygynyň has-da pugtalandyryljakdygyna ynamy döretdi.ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretariatynyň işgärleri Merkezi Aziýada «Ýaşlar derňew geçiriji ylmy işgärleri hökmünde» atly taslamasyna gatnaşýan türkmen toparyny taýýarlamak we “Parahatçylyk we medeniýetara dialog” atly temany ösdürmek boýunça işleri utgaşdyrýarlar. Türkmenistanyň ylmy derňew topary alty adamdan ybarat, olaryň dördüsi – Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ÝUNESKO klublaryna wekilçilik edýär.Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan ýaşlara iň möhüm durmuş we ynsanperwerlik temalary boýunça ylmy derňewlere gatnaşmaga mümkinçilik berýän taslama gatnaşyjylar üçin onlaýn okuwlar Almatydaky ÝUNESKO-nyň sebitleýin edarasy we onuň hyzmatdaşlary tarapyndan geçirilýär. Eýýäm geçirilen iki okuw sapygynda, ýaşlar saýlanan tema boýunça ylmy derňewleri netijeli geçirmek üçin esasy usulyýet gurallaryny we tabşyryklary aldylar. Geçirilen işleriň esasynda ýaşlaryň ýurt we dünýä üçin möhüm meseleleri çözmekde sesini güýçlendirmek üçin döwlet edaralaryna hödürlenmegi meýilleşdirilýän teklipler taýýarlanar.

News
10.02.2025
77

2025-nji ýylda Google möhüm üýtgetmeleri başdan geçirer

Kompaniýa ony EA-kömekçisine meňzetmekçi. Google-yň baş direktory Sundar Piçai emeli aňyň adamlaryň haýyşnama islegleriniň görnüşlerini giňeldýändigini göz öňünde tutup, 2025-nji ýylyň gözleg innowasiýalary üçin iň möhüm ýyllaryň biri boljakdygyny aýtdy.Kompaniýanyň bu “syýahaty” EA-maglumatlaryň girizilmegi bilen başlap, olar ulanyjylara maglumat hödürlemek usullaryny üýtgetdiler. Gejekde gözleg ulgamy diňe bir web-sahypalara saalgylanmalary bermän, eýsem maglumatlary seljerer we ulanyjylaryň haýyşnamalaryna umumylaşdyrylan jogaplary hödürlär. Haýyşnamalary işläp has takyk we peýdaly jogaplary berip biljek has intellektual interfeýsi döretmek üçin, Google DeepMind kompaniýasy tarapyndan işläp taýýarlanylan tehnologiýalary ulanar.Kompaniýanyň ýolbaşçysy onuň gözleg mümkinçilikleri hem-de olaryň Project Mariner beýleki EA-agentiniň kömegi bilen giňeldilmegi barada anyk garaýşynyň bardygyny belledi. Ol ulanyjynyň adyndan interfeýsiň web-sahypasy bilen işleşip biler. Munuň özi adamlar üçin saýtlar bilen işleşmek zerurlygyny aradan aýyrar.

News
07.02.2025
135

Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti innowasion tehnologiýalar bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yglan eden “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly hem-de “Ylymlar güni” mynasybetli ýurdumyzyň 35 ýaşa çenli ähli ýaş raýatlarynyň arasynda innowasion tehnologiýalaryň bäsleşigini yglan edýär.Ýaşlar bäsleşige web sahypalarynyň we programma üpjünçilikleriniň, mobil goşundylaryň, robotlaryň, elektron enjamlaryň işjeň ýagdaýyndaky nusgasyny, sanly we innowasion ykdysadyýetiň modellerini, hyzmatlaryň innowasion görnüşlerini, himiki we biotehnologiýalar, kiberhowpsuzlyk we maglumat tehnologiýalar boýunça taslamalary, oba hojalygy, lukmançylyk we ş.m. beýleki islendik ugurlar boýunça öz işlerini we pikirlerini hödürläp bilerler.Teklip edilýän taslamalaryň täze pikirleriň esasynda döredilen ýa-da kämilleşdirilen bolmagy hökmanydyr.Geçen ýyl bu bäsleşige ýurdumyzyň ýaşlarynyň 1000-den gowragy gatnaşyp, ýeňijiler ýörite sowgatlar bilen sylaglandy. Şu ýyl hem bäsleşik geçen ýylky ýaly 2 tapgyrda geçirilýär. Şoňa laýyklykda I tapgyra gatnaşmaga isleg bildirýänler öz taslamasy baradaky maglumatlary şu ýylyň 1-nji apreline çenli Google–form (https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLScJELqCTF5L6x_OyyV1_P_63O1E7bo4o0W4pqzpBEDfODgkyg/viewform?usp=header) sahypasyna ýa-da oguztaslama2025@gmail.com elektron poçtasyna ýüzlenmek arkaly hasaba durmaly.Bäsleşige şahsy we toparlaýyn görnüşde gatnaşmaga rugsat berilýär (toparlaýyn görnüşde gatnaşýanlaryň adam sany 3-den köp bolmaly däldir we toparyň ýolbaşçysy we agzalary anyk görkezilmelidir). Hasaba alnan gatnaşyjylar taslamasyny doly görnüşde taýýarlap, onuň işjeň ýagdaýy baradaky beýany prezentasiýa görnüşinde (mümkin bolsa goşmaça 1-3 minutlyk düşündirişli wideo ýazgy) 2025-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli Google-form: (https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSdOv5nX5XMgq4nq76VdivZ630ZP865y1HjzoyxgHYrT_-3uFw/viewform?usp=dialog) sahypasyna ýüzlenmek arkaly ýüklemeli ýa-da oguztaslama2025@gmail.com elektron poçtasyna ibermeli.Netijeler 2025-nji ýylyň 20-nji maýyna çenli Guramaçylyk topary tarapyndan yglan ediler we bu barada Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň etut.edu.tm internet sahypasynda hem-de gatnaşyjylara jaň üsti bilen ýa-da sms ugratmak arkaly habar berler.II tapgyrda I tapgyryň ýeňijileri 2025-nji ýylyň 5-12-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde gurnaljak innowasion tehnologiýalaryň sergi-bäsleşigine öz işleri bilen gatnaşarlar. Bu sergi bäsleşigine ýurdumyzyň görnükli alymlarynyň we öňdebaryjy telekeçileriniň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.Bu tapgyryň ýeňijileri 2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirýän Halkara ylmy-amaly maslahatynyň çäklerinde gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar bilen sylaglanarlar (1 sany Baş baýrak, 2 sany I ýer, 3 sany II ýer, 4 sany III ýer).Şeýle hem, ýeňijilere Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan okuwa girmekde, işe ýerleşmekde zerur bolan teklip haty (Recommendation letter) gowşurylar.

News
06.02.2025
87

Halajyň çeper halyçylyk kärhanasyn bir aýda 1 million 609 müň manatlykdan gowrak iş edildi

Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary 2025-nji ýylyň ilkinji aýyny zähmet üstünliklerine beslediler. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.Habarda bellenilişi ýaly, ýanwar aýynda bu ýerde 483 inedördül metr haly dokaldy. Şeýlelikde, edilen iş 1 million 609 müň 700 manatlyga barabar boldy.Kärhanada gelin-gyzlaryň 2000-den gowragy zähmet çekýär. Geçen ýyllarda gelin-gyzlaryň 30-dan gowragy yhlasly we döredijilikli zähmetleri üçin «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada mynasyp boldular diýlip, habarda bellenilýär.

News
05.02.2025
153

Kaka dokma toplumynyň önümleri daşary ýurtlara eksport edildi

Ahal welaýatynyň Kaka dokma toplumynda geçen 2024-nji ýylda 154 million 184 müň manatlyga golaý harytlyk önüm öndürildi. Dürli belgili ýüplügiň 3 müň 150 tonnadan gowragy, nah matanyň 15 müň 46 müň inedördül metrden gowragy, taýýar tikin önümleriniň 354 müň 500-den gowragy öndürilip, olaryň bir bölegi daşary ýurtlara eksport edildi. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.Toplumyň ýüplük, dokma, boýag, tikinçilik bölümlerinde Şweýsariýanyň, Ýaponiýanyň ýüplük egriji enjamlary, Belgiýanyň mata dokaýan, Italiýanyň, Germaniýanyň boýag enjamlary hem-de Ýaponiýanyň tikinçilik enjamlary bu ýerde inçe süýümli pagtadan ekologik taýdan arassa ýokary hilli ýüplükleri, olardan boýalan we boýalmadyk nah matalary, şeýle-de taýýar tikin önümlerini öndürmäge şert döredýär.Önümçilik kuwwaty ýylda 3 müň 650 tonna ýokary hilli ýüplükleri, 12 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 1 million 200 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge ukyply häzirki zaman kärhanasynda innowasion tehnologiýalara esaslanylyp iş tutulýar. Ähli dolandyryş işleri awtomatik usulda ýerine ýetirilýär. Işiň gidişine ýörite monitorlar arkaly gözegçilik edilýär. Bu ugurda baý tejribe toplan hünärmenler kämil tehnologiýalardan oňat baş çykarýarlar diýlip, habarda bellenilýär.

News
04.02.2025
288

Türkmenistan YHG-nyň Ýokary derejeli komitetiniň 1-nji mejlisiniň işine gatnaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow 3-nji fewralda Tähranda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň Ýokary derejeli komitetiniň 1-nji mejlisiniň işine gatnaşdy.Şeýle hem mejlise sebit guramalarynyň, ýöriteleşdirilen düzüm birlikleriň, sebit institutlarynyň we YHG-nyň bölümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdy.Gün tertibine YHG-nyň çäginde maliýe we býudjet hyzmatdaşlygyny ösdürmek, “YHG göz ýetiriş 2025” (“ECO Vision 2025”) maksatlarynyň ýerine ýetirilişine garamak we bu köptaraplaýyn gurluşyň işleýiş mehanizmlerini kämilleşdirmek meseleleri girizildi.Ahmet Gurbanow hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny we YHG-nyň ösüş strategiýasy baradaky tekliplerini beýan etdi. Türkmenistanyň Durnukly ulag baglanyşygynyň Ählumumy Atlasyny, Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnuklylygy boýunça hyzmatdaşlygyň Bileleşigini döretmek we ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmekde durnukly ösüş baradaky tekliplerine ünsi çekdi.Şonuň bilen birlikde, sebitleýin integrasiýa, syýahatçylygy ösdürmek, adam maýasyny we institusional mümkinçilikleri güýçlendirmek üçin gural hökmünde YHG-nyň Söwda ylalaşygynyň netijeli durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti bellendi.Mejlisiniň meýdançasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen YHG-nyň Baş sekretary Asad Majid Hanyň arasynda gysga wagtlaýyn duşuşyk geçirildi. Taraplar Türkmenistan bilen YHG-nyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

News
03.02.2025
242

Behişdi bedewleriň şöhratly ýoluna buýsanç

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew bady bilen ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň halkara derejesindäki at-abraýy täze belentliklere eýe bolýar. Ahalteke bedewiniň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak hem-de wagyz etmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleri hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki ajaýyp döwürde merdana halkymyzyň kökleri müňýyllyklara uzaýan gadymy atşynaslyk däpleri dowamata atarylýar.Müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen her bir medeni gymmatlygymyz halkymyzyň milli ýol-ýörelgelerinde öz beýanyny tapypdyr. Ahalteke bedewlerimiz hem şol milli gymmatlyklarymyzyň iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Şonuň üçin halkymyz ähli döwürlerde hem behişdi bedewlerimiziň waspyny giňden dabaralandyrypdyr.Naýbaşy gymmatlyklarymyzyň esasylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz merdana türkmen halkymyzyň buýsanjy we guwanjydyr. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmen halkynyň durmuşynda ýelden ýüwrük gamyşgulak bedewlerimiz aýratyn orny eýeleýär. Dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz halkymyzyň genji-hazynasydyr we milli mirasydyr» diýmek bilen, türkmen bedewlerine çuňňur sarpa goýýar.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda behişdi bedewlerimiziň şöhratyny dünýä ýaýmak, paýhasly pederlerimiziň döreden milli atşynaslyk ýörelgelerini dowam etdirmek boýunça işlere uly ähmiýet berilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda ýene-de bir buýsançly, şatlykly wakanyň şaýady bolduk. Mälim bolşy ýaly, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary dünýäniň ençeme döwletiniň gatnaşmagynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalyna gatnaşyp, ol ýerde türkmen ýigitlerimiz at üstündäki milli oýunlarymyz bilen üstünlikli çykyşlary ýerine ýetirip, ýaşyl Tugumyzy al-asmanda parladyp, festiwalyň birnäçe ýörite baýraklaryna, iň esasysy hem Altyn baýraga mynasyp boldy. Ynha, şu şanly waka mynasybetli 1-nji fewralda Arkadag şäherinde uly dabaralar geçirildi. Arkadag şäherinde Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki buýsandyryjy wakalara beslendi. Bu ýerde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyza Şa serpaýlaryň gowşurylmagy biziň ählimizi buýsandyrdy.Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen 2007-nji ýylda döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyz dünýäde geçirilýän halkara festiwallarda indi 6-njy gezek baş baýraga — Altyn baýraga, belent derejä eýe bolup, dünýä döwletlerini haýran galdyrdy. Bu hem türkmen halkymyzyň, ähli atşynaslarymyzyň başyny göge ýetirdi. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyz ýurdumyzyň hem-de dünýäniň birnäçe döwletleriniň toýdur baýramlaryna, medeniýet günlerine, aýratyn hem halkara festiwallaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolup gelýär.«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň belent üstünlikleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şeýle üstünlikleriň hatarynda 2013-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «IDOL» bütindünýä sirk sungaty festiwalynda baş baýragy, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI Halkara sirk festiwalynda baş baýragy, 2015-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda guralan II Halkara sirk sungaty festiwalynda baş baýragy, 2016-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlarynda baş baýragy, 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde ilkinji gezek geçirilen Fontankadaky I Halkara sirk sungaty festiwalynda «Altyn Gaetano» altyn heýkeljigi, şeýle hem ýakynda Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalyndaky Altyn baýragy we beýleki ýörite baýraklary görkezmek bolar.Ýurdumyzda atçylyk pudagyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Arkadag şäherimizde ussat seýis, halypa atşynas Aba Annaýewiň adyny göterýän Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi hem-de bu ýerde atçylyk pudagyna degişli atçylyk, seýisçilik, atly sport, atly syýahatçylyk, sirk sungaty hem-de milli at üstündäki oýunlar ýaly ýörite taýýarlyk ugurlarynda talyp ýaşlaryň ylym-bilim alýandyklary, halkara derejesinde geçirilýän festiwallara gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýändikleri buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ahalteke bedewlerimize çäksiz hormat goýmagy, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen Türkmen bedewiniň milli baýramyna gatnaşmagy hem-de ahalteke bedewlerini biziň akademiýamyza sowgat bermegi bizi we talyp ýaşlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrdy. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atçylyk we seýisçilik sungatyny, milli at üstündäki oýunlarymyzy döwrüň belent sungaty derejesine ýetirmekde alyp barýan beýik işleriniň rowaçlanýandygynyň ýene bir gezek subutnamasy boldy.Ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmekde, milli atşynaslyk sungatymyzy dünýä derejesine çykarmakda, behişdi bedewlerimizi ylmy esasda öwrenmekde ähli şertleri hem-de giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Halkymyzy baky bagtyýarlyga ýetiren, asuda hem-de parahat durmuşy bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

News
01.02.2025
110

Halk saglygy bagt baýlygy

Bagtyýarlyk etrap Halk Maslahaty, Bagtyýarlyk etrap häkimligi, Bagtyýarlyk etrap kazyýeti hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşi bilen bilelikde gurnamaklarynda 2025-nji ýyl “Halkara Parahatçylyk we ynanşmak” ýylynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe: Hormatly Prezidentimiziň “Agzybirligiň bar ýerinde ýetilmejek sepgit ýokdur” – diýen jümlelerinden ugur alyp ýaşlary ylymly we bilimli bolup, zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak we olaryň hukuk düşünjelerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen 2025-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyp ýaşlaryň arasynda “Halk saglygy bagt baýlygy” ady bilen wagyz – nesihat duşuşygy geçrildi. Duşuşykda çykyş edenler: Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň kazysynyň kömekçisi: Öwzgeldi Atageldiýew; Bagtyýarlyk etrap Halk Maslahatynyň agzasy: Döwran Myradow; Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň Baş hünärmeni: Altyn Durdyýewa Çykyş edenler ynsan saglygyny gorap saklamakda zyýanly endiklerden daşda durmak barada giňişleýiň gürrüň etdiler. Çykyşlaryň çäklerinde, gy-gelinleriň milliligmize mahsus bolan edep-ahlak kadalaryny ýerine ýetirmekleriniň talaplary düşündirildi.

News
31.01.2025
176

Dünýäde awtoulag satuwy boýunça öňdebaryjy kompaniýa belli boldy

Dünýäde awtoulag satuwy boýunça öňdebaryjy kompaniýa belli boldySurat: auto.mail.ruÝaponiýanyň «Toyota Motor» kompaniýasy awtoulaglaryň satuwy boýunça eýýäm bäşinji gezek dünýäde iň öňdebaryjy kompaniýa boldy. Bu barada kompaniýanyň maglumatlaryna salgylanýan TASS habar berdi.«2024-nji ýylda «Toyota Motor» satuwlaryny 3,7 göterim azaldandygyna garamazdan, dünýäde 10,8 million ulag ýerledi. Bu oňa bäşinji gezek dünýäde birinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi» diýlip, habarda bellenýär.

News
30.01.2025
81

Türkmenistan Harbinde geçirilýän gyşky Aziýa oýunlaryna 25 türgeni iberýär

Türkmenistan Harbinde geçirilýän gyşky Aziýa oýunlaryna 25 türgeni iberýärTürkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň habar bermegine görä, Harbinde geçiriljek öňümizdäki gyşky Aziýa oýunlarynda türkmen ýygyndysyny 37 adamdan ybarat bolan wekiliýet wekilçilik eder, şolaryň hatarynda 25 türgen - 22 hokkeiçi, iki figuralaýyn typmak boýunça türgen we bir gysga aralyga typmak (şort-trek) boýunça türgen bolar.Harbin özüniň taryhynda şunuň ýaly halkara derejesindäki ýaryşy ikinji gezek geçirýär, ol Merkezi Aziýanyň ähli bäş döwleti bilen birlikde 34 ýurduň türgenlerini bir ýere jemlär. Oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabaralary Harbiniň «International Convention and Exhibition Centre» stadionynda geçiriler.Guramaçylar daşary ýurtly myhmanlaryň rahatlygyna aýratyn üns berýärler. Taýpin halkara howa menzilinde serhet gözegçiliginiň ýörite amallary ornaşdyrylyp, dil päsgelçiligini ýeňip geçmek üçin köp dilli işgärler we awtomatik terjime ulgamlary ulanylýar. Mundan başga-da, şahsyýeti barlamak we gelenleriň goşlarynyň barlagyny çaltlaşdyrmak üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulanýan öňdebaryjy ulgamlardan peýdalanylýar.Hytaý üçin bu taryhda üçünji gyşky Aziýa oýunlary bolar. Harbindäki ilkinji ýaryşlar 1996-njy ýylda geçirilipdi.