TM RU EN

Mary lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
29.01.2025
213

Gazagystanda Hazar deňziniň düýbünden optik süýümli aragatnaşyk ugruny gurmak meýilleri barada habar berildi

Gazagystanda 2025-nji ýylda başlajak Hazar deňziniň düýbünden optik süýümli aragatnaşyk ugruny gurmak meýilleri barada habar berdiler.Gazagystanyň premýer-ministri Olžas Bektenow täze sim ugrunyň uzynlygy 380 km deň bolup, onuň geçirijilik ukyby sekuntda 400 terabit boljakdygy barada belledi. Taslama 50 mln dollar möçberinde maýa goýumlary talap eder.2023-nji ýylda Kazahtelekom gazak kompaniýasy hem-de AzerTelecom azerbaýjan kompaniýasy bu taslamany durmuşa geçirmek üçin Caspinet B.V. atly bilelikdäki kärhananyň döredilmegi barada ylalaşyga gol çekdiler. Her bir tarap paýnamalaryň 50 % eýeçilik eder. Ugruň esasy bölegi Gazagystanyň Aktau şäherinden Azerbaýjanyň Siýazan şäherine çenli geçer. Bu gurluşyk diňe bir iki ýurduň arasyndaky aragatnaşygy gowulandyrman, eýsem Merkezi Aziýada telekommunikasion infrastrukturasynyň ösdürilmegi üçin täze mümkinçilikleri döreder.

News
28.01.2025
199

Täze okuw kitaby çapdan çykdy

Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa boýunça geljekki hünärmenleri taýýarlamagyň okuw-usuly binýadyny berkitmekde okuw kitaplaryny we gollanmalary taýýarlamaklyga uly üns berilýär. Munuň mysaly hökmünde golaýda çapdan çykan ýokary okuw mekdepleri üçin niýetlenen «Aziýa we Afrika ýurtlarynyň daşary syýasaty» atly okuw kitabyny görkezip bolar.«Aziýa we Afrika ýurtlarynyň daşary syýasaty» okuw kitabynda agzalan yklymlaryň döwletleriniň daşary syýasatynyň esasy ugurlary, olaryň dürli taryhy döwürlerdäki strategiki ugurlary, halkara meselelerine çemeleşmek we çözmek babatyndaky tejribeleri beýan edilýar.Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň degişli yklymlaryň we sebitleriň döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklaryna we hyzmatdaşlygyna hem gysgaça syn berilýär. Aýratyn üns berilmeli meseleleriň biri hem birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara bähbitli meseleler boýunça ýakyn gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilýänligi we parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de durnukly ösüşe gönükdirilen bilelikdäki tagallalaryň özeni okuw kitabynda açylyp görkezilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň wajyp halkara başlangyçlarynyň, ilkinji nobatda, energiýa howpsuzlygy, ulag-aragatnaşyk, öňüni alyş diplomatiýasy, ýaragsyzlanmak hem-de derwaýys sebit meseleleri babatyndaky netijeli hyzmatdaşlygynyň netijeli ugurlary aýdyň we düşnükli görnüşde görkezilýär.Bu okuw kitaby tassyklanylan okuw maksatnamasyna hem-de degişli ders boýunça bilim standartlaryna laýyklykda taýýarlanypdyr. Onda agzalan yklymlaryň döwletleriniň daşary syýasatynyň konseptual esaslary, köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn gatnaşyklary, diplomatik gullugynyň aýratynlyklary baradaky maglumatlar bilen üpjün edilendir. Okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň taryh, halkara gatnaşyklary we diplomatiýa, halkara gatnaşyklary we dünýä syýasaty, halkara hukugy, halkara ykdysady gatnaşyklary, dünýä ykdysadyýeti, žurnalistika we halkara žurnalistikasy, syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy, syýasaty öwreniş, Gündogary öwreniş hünärlerinde okaýan talyplar üçin niýetlenip, ondan aspirantlar we dalaşgärler, magistrantlar, degişli hünärmenler hem­de halkara gatnaşyklary we daşary syýasat bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligi peýdalanyp bilerler.Kitabyň usulyýet tarapyna aýratyn üns berlipdir. Talyplaryň ýadynda galmagy zerur hasaplanýan maglumatlar aýratyn tapawutlandyrylyp görkezilipdir. Talyplaryň özbaşdak pikir ýöretmegi we gelen netijesini mugallymyň ýolbaşçylygynda ýoldaşlary bilen ara alyp maslahatlaşmagy üçin her temada ýörite ýumuşlar goýlupdyr. Halkara şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň, konwensiýalarynyň mazmuny we şertleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredilipdir. Kitapda talyplaryň resminamalar we goşmaça maglumatlar bilen özbaşdak işlemegi hem­de olary özleşdirmegi hökmany talaplar bildirilipdir. Aýratyn hem bu okuw kitabynyň içinde ýerleşdirilen dürli suratlar, tablisalar we şekiller okuw dersini özleşdirmäge we ondaky meselelere aýdyň düşünmäge ýardam berýär.«Aziýa we Afrika ýurtlarynyň daşary syýasaty» okuw kitabynyň çapdan çykmagy ýurdumyzda milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň okuw-usuly taýdan berkitmek, mynasyp bilim bermek üçin derwaýys meglumatlary dolanyşyga girizmek çäklerinde wajyp ähmiýete eýe bolup durýar.

News
27.01.2025
288

Lomonosow döwlet uniwersitetiniň döredilenine 270 ýyl

1755-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda şa zenany Ýelizaweta Petrowna Russiýanyň ilkinji uniwersitetini döretmek hakynda permana gol çekdi. Şu gün resmi taýdan MDU-nyň esaslandyrylan güni hasap edilýär. Uniwersitetiň Moskwada döredilmegi köplenç iki adamyň – alym-ensiklopedist Mihail Wasilýewiç Lomonosowyň we onuň ýarany, Uniwersitetiň ilkinji kuratory, graf Iwan Iwanowiç Şuwalowyň tagallalarynyň netijesi boldy.Başda okuw filosofiýa, lukmançylyk we hukuk fakultetlerinde alnyp barylýardy. Häzirki wagtda MDU-da birnäçe şahamça, takmynan 40 fakultet we 50 müňden gowrak talyp we aspirant bar. Bu ýerde 6 müňden gowrak professor we mugallym, 6 müň ylymlaryň kandidaty, 3 müň ylymlaryň doktory we 300-den gowrak Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi işleýär! MDU uly ylmy-barlag merkezine öwrüldi. Uniwersitet ylym, bilim we medeniýeti ösdürmekde ägirt uly rol oýnapdyr.1940-njy ýyldan bäri Moskwa döwlet uniwersiteti Mihail Wasilýewiç Lomonosowyň adyny göterýär. Mihail Wasilýewiç Lomonosow diňe bir ylymlary we bilimleri ýaýratmak arkaly Russiýanyň gülläp ösüp biljekdigine ynanýardy. Onuň ömrüniň esasy işi Russiýanyň ylmyny Ýewropa derejesine çykarmak bolup, bu işde ol ajaýyp üstünlik gazandy. Häzirki wagtda M.W. Lomonosow adyndaky MDU Russiýanyň iň gowy uniwersiteti we dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň biridir.

News
25.01.2025
172

Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Daşary işler ministri bilen duşuşyk geçirdi

2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Gruziýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Daşary işler ministri M.Boçorişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.Türkmen diplomaty M.Boçorişwilini Gruziýanyň Daşary işler ministri wezipesine bellenmegi bilen gutlady we oňa döwlet ähmiýetli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar Türkmenistanyň we Gruziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn häsiýete eýedigini belläp geçdiler. Şu nukdaýnazardan daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli geçirilýän syýasy geňeşmeleriň möhüm ornunyň bardygy beýan edildi. Iki ýurduň iri halkara guramalarynyň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlygyň dogrusynda hem aýratyn durulyp geçildi.Ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen Rezolýusiýa esasynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek uly gerimdäki halkara çäreler barada Ministr M.Boçorişwilä habar berdi.Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbitleri üçin mundan beýläk-de ösjekdigine we berkejekdigine ynam bildirdiler.

News
24.01.2025
71

Türkmenistan GDA agza döwletleriň Hemişelik ygtyýarly wekilleriniň birinji Geňeşine gatnaşdy

22-nji ýanwarda Minsk şäherinde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinde Arkalaşygyň tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky agza döwletleriň Hemişelik ygtyýarly wekilleriniň birinji Geňeşi geçirildi.Bu çärä GDA-nyň Baş sekretary, Ýerine ýetiriji komitetiň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem agza döwletleriň Ilçileri gatnaşdylar.Duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçisi N.Şagulyýew gatnaşyjylary «2025-nji ýylda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde Türkmenistanyň bu ýylyň dowamynda ileri tutýan ugurlary boýunça geçiriljek çäreleriň Konsepsiýasy» bilen tanyşdyrdy.Şeýle hem, Geňeşiň agzalary 2024-nji ýyldaky işleriň netijelerini jemlediler we Geňeşiň 2025-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyny tassykladylar.

News
23.01.2025
175

Türkmenistan bilen BMG-Habitat-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Katýa Şeferiň ýolbaşçylygyndaky BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-Habitat-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mundan beýläk hem ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyň, esasan hem DÖM 11-iň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüşiň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibi boýunça ýurduň borçnamalaryna laýyk gelýän we DÖM 11-iň durmuşa geçirilmegi üçin esas bolup hyzmat edýän milli maksatnamalaryň kabul edilmeginiň ähmiýeti bellenildi.Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga we täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.

News
22.01.2025
264

Ýaş nesil barada çäksiz alada

Hormatly Prezidentimiz we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan alnyp barylýan ynsanperwer döwlet syýasatyna laýyklykda, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, bedenterbiýe, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy, watansöýüjiligiň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmegi ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimziň häzirki we geljekki nesilleriň bagtyýarlygynyň bähbidine gönükdirilen parasatly döwlet syýasatynda ýaş nesil jemgyýetiň aýratyn hukukly gatlagy hasaplanylyp, ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy özenini düzýär. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, islendik döwletiň ösüşi onuň öz körpe raýatlarynyň bagtly durmuşyny üpjün etmek ukybynyň artmagy bilen kesgitlenilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda çagalara, şol sanda saglygy sebäpli mümkinçilikleri çäkli çagalara döwrebap bilim bermekde maksatlaýyn işler amala aşyrylýar. Bilim ulgamynda bilimiň durmuş orny güýçlendirilip, saglygy sebäpli mümkinçilikleri çäkli çagalara bilim bermekde bilimiň mazmuny olary bäsleşige ukyply şahsyýetler edip ýetişdirmäge we geljekki özbaşdak durmuşa taýýarlamaga gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän syýasatlaryna we tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim minstrligi tarapyndan BMG-niň “Çaganyň hukuklary hakyndaky”, “Maýyplaryň hukuklary hakyndaky” Konwensiýalary, şeýle-de döwletimiziň soňky ýyllaryň dowamynda goşulan halkara ylalaşyklary esasynda mümkinçilikleri çäkli raýatlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we bilim babatda hereket edýän beýleki kanunçylyk namalarynda kepillendirilýän ýokary hilli bilim hyzmatlary bilen gurşamak, esasan-da, Watanymyzyň geljegi bolan çagalaryň her biriniň, şol sanda mümkinçilikleri çäkli çagalaryň hem ähli babatlarda hak-hukuklarynyň doly üpjün edilmegini gazanmak maksady bilen anyk işler geçirilýär, şeýle hem mümkinçilikleri çäkli çagalar bilen işleýän pedagoglaryň hünärini ýokarlandyrmak, tejribesini artdyrmak, olary bu ugurda halkara bilim giňişliginde toplanýan tejribeler bilen tanyşdyrmak boýunça işler hem yzygiderli ýagdaýda alnyp barylýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda hereket edýän ýörite bilim edaralary saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli çagalaryň ösüş aýtaynlyklaryna laýyklykda, döwrebap bilimdir tebiýe almagy, jemgyýete uýgunlaşmagy, jemgyýetde öz ornuny tapmagy, olaryň durmuşynyň goralmagy we saglygynyň dikeldilmegi üçin zerur şertler döredilýär. Bu bilim edaralarynda bilimiň mazmuny çagalaryň akyl-fiziki ösüşiniň aýratynlyklary we olaryň şahsy mümkinçilikleri göz öňünde tutulyp taýýarlanan okuw meýilnamalaryna hem-de okuw maksatnamalaryna, halkara tejribeleri nazara alnyp taýýarlanan okuw gollanmalaryna laýyklykda üpjün edilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça öňde durýan uly wezipe hökmünde kesgitlän saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, olar bilen işleýän pedagogik işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak barada beren tabşyrygyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi guramagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki kömekçi mekdep-internatynda saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar üçin ýurdumyzda hereket edýän ýörite bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iki gün dowam etjek “Akyl taýdan kemli çagalar üçin ýöriteleşdirilen kömekçi mekdep-internatlarynda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işlerini döwrüň talabyna laýyk guramagyň häzirki zaman usullary” atly okuw-usuly maslahat öz işine başlady. Kömekçi mekdep-internatlarynda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmekde, bu ugurda toplanan oňyn iş tejribelerini ýaýratmakda ähmiýetli boljak bu okuw-usuly maslahatynyň birinji güni işjeň ýagdaýda geçdi. Okuw-usuly maslahatynda “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna” laýyklykda saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, saglygy dikeldiş we düzediş işlerini döwrüň talabyna laýyk guramagyň häzirki zaman usullary, kömekçi mekdep-intetnatynyň işiniň dolandyrylyşy, iş resminamalarynyň ýöredilişi barada iş tejribesiniň esasynda edilen mazmunly çykyşlar, okuw dersleri boýunça dürli synplarda geçirilen görelde sapaklary täsirli boldy. Okuw-usuly maslahatynyň birinji iş gününde saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalara zähmet terbiýesini bermekde, olar bilen geçirilýän bedenterbiýe-sagaldyş işlerini talabalaýyk guramakda, çagalary milli we halkara ýaryşlaryna taýýarlamakda netijeliligi bilen tapawutlanýan işjeň usullar barada hem çykyşlar edilip, ara alnyp maslahatlaşyldy. Okuw-usuly maslahatynyň işi dowam edýär. O.Alamyşowa,Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Umumy orta bilim bölüminiň baş hümärmeni.

News
21.01.2025
144

BAE internet tizligi boýunça öňdebaryjy ýurt boldy

Birleşen Arap Emirlikleri 2024-nji ýylyň dekabr aýy boýunça ykjam Internet tizligi boýunça öňdebaryjy ýurt bolup, onuň ortaça tizligi 453,87 Mbit/s deň boldy.Bu dünýäniň dürli ýurtlarynda ykjam we hasaba alynan giň zolaklaýyn Internetiň tizliklerini deňeşdirýän Speedtest Global Index sanawyndan gelip çykýar.BAE-niň üstünligi telekommunikasiýa infrastrukturasyna işjeň maýa goýumlary hem-de 5G tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen şertlendirilen.Ikinji ýerde sanlylaşdyrma möhüm maýa goýumlaryň we ulgamlaýyn infratsrukturanyň gowulandyrylmagynyň netijesinde 383,75 Mbit/s görkezijisi bilen Katar döwleti dur. Öňdebaryjylaryň üçlügini 257,30 Mbit/s görkezijisi bilen Kuweýt tamamlaýar. Bu ýurtlar döwlet syýasatyň we hususy maýa goýumlaryň Internet-hyzmatlarynyň hiliniň ep-esli derejede ýokarlandyrylmagyna getirip bilýändigini görkezýär.Bu sanlar Speedtest guralynyň maglumatlarynyň esasynda düzülen. Her gün millionarça adamlar öz birikmesiniň hilini barlamak üçin bu guraly ulanýarlar. Ulanyjylar tarapyndan öňe sürülen bu test-barlaglary ulanyşyň hakyky tejribesini hem-de iň anyk we hakyky görkezijilerini berýärler.

News
20.01.2025
99

Ýurdumyzda fewral aýynda möhüm ähmiýetli çäreler geçiriler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlsinde wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyň fewral aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, geljek aýda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, brifingleri, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Gazet-žurnallaryň redaksiýalary tarapyndan dürli döredijilik bäsleşikleriniň yglan edilmegi meýilleşdirilýär.Mundan başga-da, ýokary hem-de hünär-tehniki, orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly uniwersiadanyň we spartakiadanyň sport ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.Fewral aýynyň esasy çäreleriniň hatarynda “Täze taryhy döwrüň dünýä nusgalyk ösüşleri — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş ýörelgesi” atly dabaraly maslahat, “Sungat — parahatçylygyň dili” atly şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi, “Milli ýörelgelerimiz nesil terbiýesinde”, “Türkmen Bitaraplygy — halkara parahatçylygyň we durnukly ösüşiň kepili” atly maslahatlar, “Parahatlyk — geljege mukaddes miras” atly dabaraly çäre hem bar.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, fewral aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň hem-de olary ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

News
17.01.2025
106

Türkmenabatda şaşka boýunça Lebap welaýatynyň birinjiligi geçirildi

Ýakynda Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebinde şaşka boýunça 10 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda Lebap welaýatynyň birinjiligi geçirildi. 64 we 100 öýjükli şaşka boýunça guralan ýaryşa Türkmenabat şäherinden we Dänew, Köýtendag, Darganata etraplaryndan zehinli türgenler gatnaşdylar.Ýaryşyň ýeňijileri barada aýdylanda, türkmenabatly ýaş zehin Rahman Karýagdyýewiň adyny ilkinjileriň hatarynda agzamak gerek. Ol şaşkanyň iki görnüşinde hem oglanlaryň arasynda birinji orny hiç bir garşydaşyna bermedi. Ýeri gelende aýtsak, oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda öňdäki orunlaryň ählisini türkmenabatly türgenler eýelediler. 64 öýjükli şaşka boýunça geçirilen ýaryşda ikinji we üçünji orunlary Mahym Metiýewanyň şägirtleri AlyşerÝalkabow bilen Dawut Rozykulyýew eýelän bolsa, 100 öýjükli şaşkada bu orunlara Azimjan Gurbanow bilen Agageldi Şirliýew mynasyp boldy.Gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda bolsa Dänew we Darganata etraplaryndan gelen ýaş zehinler hem öňdäki orunlara düşmegi başardylar. 64 öýjükli şaşka boýunça geçirilen ýaryşda dänewli tälimçi Narkuly Baltaýewiň zehinli şägirdi Selbi Zafarowa hormat münberiniň birinji basgançagyna çykdy. Ikinji, üçünji orunlary bolsa türkmenabatly türgenler Aýjeren Tagandurdyýewa bilen Aziza Gurbanowa eýeledi. Gyzlaryň arasynda 100 öýjükli şaşka boýunça geçirilen ýaryşda bolsa dänewli Albina Islamowa, welaýat merkezinden Oguljan Azatgeldiýewa hem-de Darganata etrabynyň Gazojak şäherinden Şadyýana Allamyradowa dagylar öňdäki üç orny eýelediler.