TM RU EN

Mary lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

27.10.2024
181

Türkmenistanda rak keselini bejerýän hassahanalar gurlar

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, türkmen wekiliýeti Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň nobatdaky ýyllyk maslahatyna we ugurdaş çärelere gatnaşmak üçin 22 – 26-njy oktýabr aralygynda ABŞ-nyň Waşington şäherinde gulluk iş saparynda bolýar. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde bolýan maliýe-bank ulgamynyň wekilleri daşary ýurtly hyzmatdaş düzümler bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler. «Saudi Press Agency» gullugynyň habar bermegine görä, Yslam ösüş banky Türkmenistanda rak keselini bejermäge ýöriteleşen üç sany döwrebap hassahananyň gurluşygy üçin 156,3 million amerikan dollary möçberinde maliýe serişdelerini bölüp berer. Bank tarapyndan degişli çözgüt makullanyldy. Bellenilişi ýaly, täze, döwrebap hassahanalar ýurduň Balkanabat, Türkmenabat we Mary şäherlerinde gurlup, olar umumylykda, 11 müň 750-den gowrak hassany kabul etmäge niýetlener. Bu baradaky ylalaşyga Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysy Mohammed Al Jasser bilen Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň arasynda bolan duşuşykda gol çekildi.

News
25.10.2024
52

Аstrahanda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanylan şygryýet agşamy geçirildi

23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygyň (Astrahan ş.) ýardam bermeginde Astrahan oblasynyň N.K.Krupskiý adyndaky ylmy kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanylan şygryýet agşamy geçirildi.Bu çärä Astrahan şäherindäki Türkmenistanyň konsullygynyň diplomatlary, Astrahan oblastynyň daşary aragatnaşyklar ministrliginiň wekilleri, kitaphananyň hünärmenleri, Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetinde okaýan türkmenistanly talyplar, şeýle-de Astrahan mugallymçylyk mekdebiniň talyplary we Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiň mugallymlarydyr okuwçylary gatnaşdylar.Şygryýet agşamynda çykyş edenler akyldar şahyryň ömri we döredijiligi, türkmen we dünýä edebiýatyna goşan goşandy barada bellediler. Şeýle hem şahyryň türkmen-rus dilindäki goşgylary çeper okaýyşlarda ýerine ýetirildi. Kitaphananyň seýrek kitaplar we kitap ýadygärlikleri bölüminiň işgärleri Türkmenistan hakynda özboluşly kitap neşirleriniň sergisini, kitaphananyň ýygyndysynda bar bolan türkmen dilindäki edebi eserleri görkezdiler.

News
24.10.2024
73

Serdar Berdimuhamedowy Wladimir Putin garşylady

Ozal habar berşimiz ýaly, 23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow XVI BRICS sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen bardy.Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanyny «Kazan Ekspo» halkara sergi merkezinde XVI BRICS sammitine gatnaşýan wekiliýetleriň we halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady. Bu barada TDH habar berýär.Belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna Russiýa Federasiýasynyň Baştutanynyň adyndan kabul edişlik guraldy.Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.

News
23.10.2024
209

Туркменистан принял участие в конференции по медицине

Республику на мероприятии представляли специалисты профильного ведомства.Специалисты Минздрава Туркменистана приняли участие в 19-ой международной конференции органов регулирования лекарственных средств (ICDRA). Мероприятие проходило в Нью-Дели с 14 по 18 октября. Об этом сообщило издание «Туркменистан: Золотой век». Международная конференция органов регулирования лекарственных средств продолжает оставаться важным инструментом ВОЗ в регулировании лекарственных средств и повышении безопасности, эффективности и качества лекарственных средств. Форум проводится с 1980 года с целью содействия обмену информацией и выработке совместных подходов к решению вопросов, представляющих общий интерес. Тема конференции в текущем году стало «Разумное регулирование: обеспечение гарантированного качества медицинских изделий для всех».

News
22.10.2024
236

Ynsan saglygy – döwletiň gymmatly baýlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Watanymyzda döwletiň hem-de jemgyýetiň iň gymmatlygy baýlygy hasaplanylýan ynsan saglygyny goramak ileri tutulýan esasy ugurlaryň biridir. Bu babatda ýurdumyzda alnyp barylýan milli saglyk syýasaty Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan nusgalyk diýlip ykrar edilen syýasatdyr. Dürli hili sebäplere görä ýüze çykyp biläýjek keselleriň öňüni alyş işleriniň güýçlendirilmegi, bar bolan kesellerde ýokary derejede bejeriş işleriniň alnyp barylmagy, döwre gabat gelýän lukmançylyk tehnologiýalarynyň we enjamlaryň ornaşdyrylmagy, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň öňe sürülmegi, ösüp gelýän ýaş nesilleriň arasynda bedenterbiýe oýunlarynyň gurnalmagy, lukmançylyk ulgamynda zähmet çekýän hünärmenlere işlemek üçin ähli şertleriň döredilmegi Diýarymyzda alnyp barylýan saglyk syýasatynyň dabaralanmasynyň aýdyň subutnamasydyr.Häzirki wagtda ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmakda birnäçe çäreler durmuşa geçirilýär. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, milli saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny kämilleşdirmek barasynda möhüm ähmiýetli işler amala aşyrylýar. Raýatlara dürli hili kesellere garşy derman serişdeleriniň muzdsuz mugt berilmegi, bu derman serişdeleriniň ýokary hilli bolmagy hem-de öz wagtynda üpjün edilmegi, ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyz Aşgabat şäherinde köpugurly bejeriş-sagaldyş hassahanalarynyň, “Tiz kömek”, saglygy goraýyş hem-de anyklaýyş, enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi, bar bolan hassahanalaryň durkunyň täzelenmegi, saglyk ulgamynda zähmet çekmäge höwesli bolan ýaşlaryň döwrebap ýokary okuw jaýlarynda okap, bilim we ylym almaklary üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi ýurdumyzda amala aşyrylýan saglyk döwlet syýasatynyň miweleridir. Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak öňe sürlüp, halk arasynda giňden goldaw tapýar.Ynha ýaňy ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köpjiltli ensiklopediki kitabynyň 16-njy tomunyň peşgeş berilmegi hem, ynsan saglygy üçin edilýän atalyk aladalaryň biridir.Türkmenistan Watanymyzda adam saglygyny döwletiň iň esasy baýlygy hasaplap, bu ugurda ägirt uly işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!Sona BEKOWA,Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.

News
21.10.2024
247

Döredijilik tehnologiýa festiwaly Daşoguz welaýat kitaphanasynda geçiriler

23-nji oktýabrda Daşoguz welaýat kitaphanasy we Daşoguz Amerikan burçy bilen bilelikde ylym, tehnologiýa, inžinerçilik we matematika (STEM) bilen baglanyşykly stendler we çäreler bilen TechFest geçirerler.Bu ýere gelýänler innowasion okuw robotlary, wirtual hakykat toplumlary, 3D çap etmek, mini-hakaton we beýleki ýaryşlar bilen tanyşarlar. Şeýle hem bu çäre iňlis dili we STEM bilen baglanyşykly edebiýaty öz içine alýan eksponatlary öz içine alar.Eko-Durmuş we Kamil Bilim bilim merkezi ýaly ýerli kärhanalar we guramalar hem maglumat we iş tablisalaryna eýe bolar.Döredijilik tehnologiýa festiwaly (TechFest) Daşoguz Amerikan burçy we Daşoguz welaýat kitaphanasy, Daşoguz welaýat häkimligi, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy we Halkara bilim boýunça Amerikan geňeşligi bilen bilelikde gurnalýar.Bu dabaraly çäre hemmeler üçin açyk we girelge mugt.Wagty: TechFest 2024-nji ýylyň Oktýabr aýynyň 23-ine sagat 14:30-da başlanýar.Çäraniň geçirilýän ýeri: Daşoguz welaýat kitaphanasy, N.Andalyp köçesi, 23Doly maglumat bilmek üçin: +993 322 2 41 03 we +993 64 87 00 62 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz

News
18.10.2024
199

Maddy däl medeni mirasyň halkara gününe bagyşlanan seminar

2024-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebiň «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubunyň guramagynda Maddy däl medeni mirasyň halkara güni mynasybetli maslahat geçirildi. Oňa «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubunyň agzalary gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, institutyň uly mugallymy Aýgözel Öwezowanyň tanyşdyrmagynda ÝUNESKO-nyň alyp barýan işleri, olaryň ähmiýeti dogrusynda giň maglumatlary öz içine alýan prezentasiýa görkezildi. Şeýle-de, ýaşlarda medeniýet, öz ýurtlarynyň däp-dessurlary, döredijilik we gözleg alyp barmak işlerinde tejribä eýe bolmak baradaky bilimleriň kemala gelmeginde ÝUNESKO klubunyň ähmiýeti, Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri bolan bilim ulgamynda alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Mundan başga-da, ÝUNESKO bilen bilim we ylym ulgamlarynda özara hereketleri giňeltmegiň çäklerinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň, klublarynyň döredilmeginiň, ÝUNESKO-nyň mekdepler assosiasiýasyna ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň girizilmeginiň ähmiýeti barada nygtaldy. Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky konwensiýa 2003-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda medeni dürlüligi üpjün etmekde we durnukly ösüşi kepillendirmekde möhüm ähmiýete eýe bolan medeni mirasyň ähmiýetini göz öňüne tutulyp kabul edildi. Ýurdumyz bu konwensiýa 2011-nji ýylda goşuldy. Şol ýyldan bäri hem, Türkmenistan konwensiýanyň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýar. Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň kalbyndan dörän maddy däl gymmatlyklarymyz bu günki gün dünýä ýüzüni haýrana goýýar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna biziň döwletimiz boýunça Gadymy Merw döwlet taryhy-medeni ýadygärlikler toplumy, Köneürgenç şäheri, Köne we Täze Nusaý galalary goşuldy. Şeýle-de, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäginde «Görogly dessançylyk sungaty», Türkmenistan tarapyndan birnäçe Gündogar döwletleri bilen bilelikde hödürlenen «Nowruz baýramy», «Küştdepdi aýdym we tans dessury», «Türkmen milli halyçylyk sungaty», «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty», «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri», «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi», ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» goşuldy we umumadamzat gymmatlyklary hökmünde ykrar edildi. Ýakynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamanyň gowşurylmagy dünýä ýaň salan türkmen ahalteke bedewleriniň halkara ykrarnamasyna öwrüldi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny pugtalandyrmakda, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmakda uly tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.

News
17.10.2024
210

Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň mejlisi

Düýn paýtagtymyzda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary S.Ziýozodanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi.Mejlisiň barşynda iki ýurduň arasyndaky özara erk-islege daýanýan gatnaşyklaryň soňky ýyllarda hil taýdan täze mazmuna eýe bolandygy nygtaldy. Ýokary we Hökümet derejesindäki özara saparlardyr duşuşyklaryň geçirilmegi yzygiderli häsiýete eýe boldy. Munuň özi netijeli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge ýardam edýär.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň maý, sentýabr aýlarynda Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet we iş saparlary hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň aprelindäki resmi sapary däp bolan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka boldy. Gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen resminamalar dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berdi.Bilelikdäki toparyň gün tertibine söwda-ykdysady gatnaşyklaryň möhüm meseleleri girizildi. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak, söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, maýa goýum işini işjeňleşdirmek, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Energetika pudagy, ulag we logistika, oba hojalygy, senagat geljegi uly ugurlaryň hataryndadyr. Işewür düzümleriň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmek babatda-da uly mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. Bilelikdäki ugurdaş çäreleriň yzygiderli geçirilmegi munuň üçin şertleri döredýär. Mejlise gatnaşyjylar uzak möhletleýin esasda ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmegiň täze görnüşlerini işläp taýýarlamagyň möhümdigini nygtadylar. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, ylmy-tehniki ulgamda, öňdebaryjy tehnologiýalarydyr innowasiýalary ornaşdyrmak, bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar.Ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň gurlup ulanmaga berilmegi taryhy taýdan özara baglanyşýan iki halkyň doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň aýdyň mysalydyr. Mälim bolşy ýaly, durmuş maksatly bu möhüm desganyň düýbüni tutmak dabarasy 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurda döwlet saparynyň çäklerinde geçirilipdi. Bu bilim edarasynyň binalar toplumynyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, türkmen gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirildi. 540 orunlyk täze ajaýyp mekdep şu ýylyň 1-nji sentýabrynda okuwçylar üçin öz gapylaryny giňden açdy. Onuň açylyşyna Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon sanly ulgam arkaly ak pata berdiler.Türkmenistan bilen Täjigistan medeni ulgamda hem netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Medeniýet günleriniň we beýleki döredijilik çäreleriniň geçirilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Şu ýyl dostlukly döwletiň wekilleri Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçirilen dürli çärelere gatnaşdylar. Prezident Emomali Rahmon şanly senä bagyşlanyp, 11-nji oktýabrda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşmak üçin paýtagtymyza sapar bilen geldi. Şunuň bilen baglylykda, Täjigistanda hem Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan çäreleriň geçirilendigi bellärliklidir. Şeýle hem saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.Ýurtlaryň özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýändigini, gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, mejlise gatnaşyjylar strategik häsiýete eýe bolan türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň täze many-mazmuna eýe bolup, geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

News
16.10.2024
198

“Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy”

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň talyp ýaşlar barada edýän bimöçber aladalaryndan we berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda” sentýabr aýynyň dowamynda Aşgabat, Arkadag şäherlerinde we welaýatlarda ýerleşýän ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda kanuny bozulmalaryň öňüni almak, ýol hereketiniň kadalaryny ýaramaz endikleriň täsirleri, hadysalaryň netijeleri, jenaýatçylygyň alamatyny, ýangyn howply ýagdaýlaryň döremek howpuny, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini düşündirmek maksady bilen Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda 2024-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly wagyz nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, sürüjileriň hem-de pyýadalaryň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegine berk gözegçiligi amala aşyrmak, ulagy dolandyrmagyň, ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak, ýol hereketini kadalaşdyrýan ulgamy has-da kämilleşdirmek, ýollaryň ýagdaýyny degişli derejede saklamak ýaly ugurlara yzygiderli üns berýärilýändigi barada nygtap geçdiler. Şeýle hem wagyz-nesihat çäresine gatnaşanlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr!” “Döwlet diňe halky bilen Döwletdir!” diýen ynsanperwer syýasaty esasynda ýurdumyzda adam hakyndaky alada, hususan-da, döwletimizde adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny we saglygyny goramak, bagtyýar durmuşy, asuda jemgyýeti, jemgyýetçilik hukuk tertibini ýokary derejede üpjün etmek, ýaşlaryň arasynda jemgyýetçilik tertip-düzgünini we köçe-ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek, dürli hukuk bozulmalaryň öňüni almak boýunça geçirilýän işler barada bellediler.

News
15.10.2024
193

Halkara olimpiadadaky üstünlikli çykyşlar

Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde maliýe howpsuzlygy boýunça IV halkara olimpiada geçirildi. 36 döwletden 600 töweregi ýaşlar gatnaşan bu olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary-da işjeň gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler.Halkara olimpiada daşary ýurtlardan gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolan 56 talybyň arasynda türkmenistanly ýaşlaryň bäsleşigiň ykdysadyýet, maglumat howpsuzlygy, hukuk, halkara gatnaşyklar ýaly ugurlarda öz ukyp-başarnyklary bilen ýokary netije gazanandyklaryny aýtmak ýakymlydyr. Şunda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 3-nji ýyl talyby Jennet Berdiýewa ykdysadyýet ugry boýunça birinji orna mynasyp bolmagy başardy. Şeýle-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Nurmuhammet Täjimyradow maglumat howpsuzlygy, Türkmen döwlet maliýe institutynyň 4-nji ýyl talyby Aýsenem Nuryýewa ykdysadyýet, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 3-nji ýyl talyby Arslan Şaimow bolsa halkara gatnaşyklar ugurlary boýunça ikinji orunlara mynasyp boldular.Olimpiadanyň jemleýji tapgyrynyň dowam edýän günlerinde mekdep okuwçylary we talyplar meýilnama laýyklykda, dürli çärelere, umumy sapaklara, interaktiw seminarlara, wiktorinalara, rus halk oýunlarynyň festiwalyna, «Sibir halklarynyň medeniýeti we däp-dessurlary» atly serginiň açylyşyna hem-de sport ýaryşlaryna gatnaşdylar.Maliýe howpsuzlygy boýunça halkara olimpiada 2021-nji ýyldan bäri Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň we RF-niň Hökümetiniň howandarlygynda geçirilýär.Olimpiada gatnaşan talyplar ýurdumyzda häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda okamaga, öwrenmäge, döretmäge hem-de şeýle halkara bäsleşiklere gatnaşmaga ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar."Türkmenistan"15.10.2024ý. №266Çeşmesi: Turkmenmetbugat