TM RU EN

Mary lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
14.10.2024
107

Aşgabatda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» atly parlamentara forumy geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Mejlsinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» atly parlamentara forumy döretmek barada başlangyjy esasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirilýär.

News
12.10.2024
289

Türkmenistanyň uniwersiteti Aziýa uniwersitetleriniň assosiýasiýasynyň resmi taýdan agzalygyna kabul edildi

2024-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Altaý ülkesiniň Belokuriha şäherinde geçirilen “ALTAÝ-AZIÝA 2024”: “Altaý – Aziýa 2024: Ýewraziýa bilim giňişligi – täze maksatlar we öňdebaryjy tejribeler” atly VI Halkara Bilim Forumynda Aziýa uniwersitetleriniň assosiýasiýasynyň VI gurultaýyna Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Bu dabaralaryň çäginde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Aziýa uniwersitetleriniň assosiýasiýasynyň täze agzasy hökmünde resmi taýdan kabul edildi. Assosiýasiýanyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň hatarynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Assosiýasiýanyň agzalygyna giren ilkinji ýokary okuw mekdebi bolmagy bilen gutlap, Assosiýasiýanyň düzümine girendigi baradaky degişli Şahadatnamany Uniwersitetiň wekiliýetine dabaraly ýagdaýda gowşurdylar.

News
11.10.2024
68

Paýtagtymyzda halkara forum başlandy

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumy öz işine başlady.Söwda-senagat edarasynda geçirilen ýokary derejeli foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Mongologiýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurdumyza geldiler.Myhmanlaryň hatarynda Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany, ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň Başlygy, Halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň hökümet agzalary, tanymal alymlar, medeniýet işgärleri we diplomatlar bar.Bu forum beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününi baýram etmegiň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär. Bu maksatnama ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda guralan köpsanly dabaraly çäreler girizildi. Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmek, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, beýik şahyryň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny hem-de umumyadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmek halkara maslahatyň esasy maksatlarydyr.

News
10.10.2024
140

В Баку состоялась презентации сборника стихотворений Махтумкули на туркменском и азербайджанском языках

7 октября 2024 года в Баку Посольством Туркменистана в Азербайджанской Республике совместно с Международным фондом культуры и наследия тюркских народов (г.Баку) была проведена официальная презентация сборника стихов Махтумкули Фраги «Ашык болмушам» на туркменском и азербайджанском языках.На презентации приняли участие руководители и представители дипломатических миссий иностранных государств, известные деятели культуры Азербайджана, поэты, писатели, ученые и студенты. Главными спикерами были Президент Международного фонда культуры и наследия тюркских народов, а также ученые Национальной академии Азербайджана.Выступающие на церемонии презентации подчеркнули важность издания, в которое вошли избранные произведения поэта-мудреца, ставшие общественной ценностью.Также в рамках официальной церемонии презентации была организована выставка поэтических сборников и книг Махтумкули Фраги, изданных на азербайджанском языке.

News
10.10.2024
192

Döwrebap terbiýäniň möhüm ugry

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda terbiýäniň on iki görnüşi barada durup geçmek bilen, şolaryň biriniň hem ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesi bolup durýandygyny belleýär. Ýaşlarda ekologiýa medeniýetini terbiýelemek wajypdyr. Çünki her bir ýaş nesil tebigata öz öýi ýaly garap, serenjam berse, hormat goýsa, «ýaşyl» ykdysadyýete goşant bolar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde bu babatda sapak geçilip, ekologiýa medeniýetini ösdürmekde uly işler alnyp barylýar.Ylmy-tehniki ösüşiň netijesinde, tebigaty goramak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak ýörelgesiniň talaplary hem yzygiderli artýar. Şol sebäpden-de, tebigaty goramak, ekologik medeniýeti berjaý etmek wezipelerini durmuşa geçirmekde ýaş nesliň uly orny bolup, bu ugurda bilim ulgamy aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki bu ulgam ýaş nesilleri terbiýelemekde, watansöýüji, ahlak taýdan arassa, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýýan, bilimli, ylymly şahsyýetleri kemala getirmekde esasy güýç bolup durýar.Milli Liderimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Häzirki zamanyň ekologiýa ylmyny baýlaşdyrýan çeşmeler halk paýhasynda hem ykrar edilendir. Ösümlik we haýwanat dünýäsi baradaky hekaýatlardyr rowaýatlar durmuşyň inçelik bilen akyl ýetirilen göwherleridir. Şonuň üçin milli terbiýeçilik ulgamymyzda tebigaty söýmegiň, ýere, suwa aýawly çemeleşmegiň ähmiýeti uludyr» diýip belleýär. Dogrudan-da, halk döredijiligimizde-de, edebi mirasymyzda-da tebigata bolan söýgi, türkmen tebigatynyň ajaýyplyklary beýan edilýär. Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde türkmen tebigatynyň täsinlikleri, dag-derelerimiziň, bulaklarymyzyň, çeşme-çaýlarymyzyň, derýalarymyzyň gözellikleri milli terbiýe bilen utgaşdyrylyp, inçelik bilen suratlandyrylýar. Şahyr «Gürgeniň» atly goşgusynda:Öňünde belent dag, serinde duman,Deňizden öwüser ýeli Gürgeniň. —diýip, türkmen topragynyň täsin tebigatyny suratlandyrsa,Tokaýlary bardyr gargy-gamyşly,Gözelleri bardyr altyn kümüşli. —diýip, türkmen gözelleriniň keşbi bilen birlikde, tebigatymyzyň gyrymsy tokaýlyklaryny beýan edýär.Ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek çäresi hem ekologiýa medeniýetini kemala getirmegiň ähmiýetli ýoludyr. Munuň özi milli ýörelgelerimiziň döwrebap derejede ösdürilýändigini görkezýär. Halkymyz ösdürilip ýetişdirilýän bag nahallaryna guwanyp, ony eken adamlary ýagşylykda ýatlaýar. Özüniň şöhratly taryhyna buýsanýan halkymyzyň owal-ahyr aňyna-ganyna siňen mukaddes ýörelgesi bolan ýoldur köpri guran, bag ekip ýetişdiren ýa-da jemagatyň haýyrlanýan haýsydyr bir desgasyny bina eden adamlary hemişe ýagşylykda ýatlaýar, olaryň atlary nesilleriň hakydasynda ebedilik orun alýar. Şeýle sogaply iş hakynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarowyň döredijiligini bezeýän şu ajaýyp setirler çuň many-mazmuna eýe:Bu tylla topraga nahal oturdyň!Ýer-ýurt juwanlansyn, saýa goýalsyn.Daňyň nury çaýylanda jahana,Bizi mydam saýrak guşlar oýarsyn.Ýaşlaryň Watanymyzyň tebigaty, ösümlik we haýwanat dünýäsi barada ýeterlik düşünjeli bolmagy ugrunda alada etmegimiz her birimiz üçin wajypdyr. Ekologiýa bilimi we terbiýe bilen baglanyşykly meselede juda jogapkärçilikli bolmalydyrys. Ýurdumyzyň ösümlik hem haýwanat dünýäsini gorap saklamak endiklerini ýaş nesilleriň aňynda döretmek, ösdürmek, olara miras goýmak üçin ata-babalarymyz uly alada edipdirler.Nesilleriň ekologiýa medeniýetiniň mizemezligi, ynsanperwer garaýyşlaryň durnuklylygy pederlerimiziň paýhas eleginden geçen atalar sözlerinde, nakyllarynda giňden orun alypdyr. Pederlerimiz «Gülüni iýen müň gün iýer, köküni iýen bir gün iýer» diýen ýaly jümleleriň üsti bilen tebigata hoşniýetli garamalydygyny ündäpdir.Häzirki wagtda ekologiýa biliminiň ýurdumyzyň okuw mekdepleriniň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýandygyny bellemelidiris. Daşky gurşawy aýawly saklamak, tebigaty goramak, ýaşlaryň arasynda ene topragyň ezizligini, mukaddesligini giňden wagyz etmek maksady bilen, ýurdumyzda eko-festiwallar, wagyz-nesihat çäreleri, bag ekmek dabaralary yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreleriň hatarynda daşky gurşawy arassa saklamak, tebigaty goramak mowzuklarynda birnäçe suratlardyr wideo şekillerini internetiň üsti bilen giň köpçülige ýetirmek maksadalaýykdyr. Döwrüň täze garaýyşlar, innowasion tehnologiýalar arkaly çalt depginde ösýän zamanasynda ýurdumyzda hem sanly ulgama ussatlyk bilen erk edip bilýän ýaşlaryň hatary barha artýar. Olaryň ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmekde sanly ulgama erk etmek endikleriniň ähmiýeti juda uludyr. Sanly ulgam arkaly tebigata gözegçilik etmek, tokaýlaryň koordinatlaryny bellemek, olary GPS ulgamyna birikdirmek işleri döwrebap tehnikalar we kompýuterler arkaly emeli hemralaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Şeýle ýagdaýda tebigat üçin islendik wagtda gözleýän maglumatlarymyzy tapyp bilýäris.Sanly ulgam arkaly tebigatyň dürli künjeklerine gözegçiligi amala aşyrmak işi täze tehnologiýalar we innowasion enjamlar bilen bir hatarda, häzirki zaman bilimi bolan hünärmenleri hem talap edýär. Häzirki wagtda bu babatda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde tokaýçy hünärmenler taýýarlanylýar. Döwrebap tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň möçber we hil taýdan ilerlemegine giň mümkinçilikleri döredýär.Gülzar AŞYROWA,Türkmenistanyň Döwlet, hukuk wedemokratiýa institutynyň ylmy işgäri.

News
09.10.2024
251

Aşgabatda GDA gatnaşyjy döwletleriň maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçiriler

17–18-nji oktýabrda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky 37-nji mejlisi geçiriler.Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, migrasiýa we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň agzasy bolup durýar.Aşgabatda geçiriljek mejlisiň dowamynda Arkalaşyga agza döwletleriň zähmet, iş bilen üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, GDA-nyň ykdysady ulgamda hereket edýän pudaklaýyn hyzmatdaşlyk edaralary bilen gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek boýunça gepleşikler geçiriler we degişli resminamalara gol çekiler.

News
08.10.2024
224

Золото и серебро привезли с олимпиады в Сочи туркменские студенты

Золото и серебро привезли домой четверо студентов из Туркменистана с IV Международной олимпиады по финансовой безопасности, финал которой проходил в Сочи (РФ), на федеральной территории «Сириус».Как сообщает «Туркменистан: Золотой век», заслуженное звание победителя и почетное I место в номинации «Экономика» завоевала Дженнет Бердыева, студентка 3 курса Туркменского государственного института экономики и управления. В этой же номинации хороший результат показала и заняла II место Айсенем Нурыева, студентка 4 курса Туркменского государственного института финансов.II место в номинации «Информационная безопасность» получил Нурмухаммет Таджимырадов, студент 3 курса Туркменского государственного университета имени Махтумкули.В номинации «Международные отношения» II место присуждено Арслану Шаимову, студенту 3 курса Туркменского государственного института экономики и управления.Национальная команда Туркменистан состояла из 9 студентов вышеназванных вузов и Международного университета гуманитарных наук и развития.Всего же в финале олимпиады соревновались 600 участников из разных стран мира, которые успешно прошли предварительные отборочные испытания.За пять дней пребывания в «Сириусе» участники посетили лекции, интерактивные мастерские, мастер-классы, панельные дискуссии, викторины, конкурсы. Также они побывали на фестивале русских народных игр, участвовали в открытии выставки «Культура и традиции народов Сибири» и в спортивных состязаниях.Финальный этап олимпиады завершился торжественной церемонией награждения победителей с участием почетных гостей, отмечает источник.

News
06.10.2024
50

Psiholog näme üçin köp ýylgyrmalydygynyň sebäbini düşündirdi

Ýylgyryş daş-töweregiňdäki adamlaryň keýpini göterýär we islendik söhbetdeşlikde kömek edýär. Psiholog-lukman Dmitriý Lebedewiň bu baradaky sözlerini «MIR 24» getirýär.Hünärmeniň sözlerine görä, ýylgyrmak arkaly adam has bagtly bolup bilýär. Muňa biziň keýpimize jogap berýän gormonlar, ýagny endorfinler sebäp bolýar. Ýylgyryş şeýle-de stresiň derejesini peseltmek bilen, adamyň fiziki saglygyna oňyn täsir edýär.Köp ýylgyrýan adamlar öz töweregindäkileriň ynamyny we açyk göwünliligini gazanmagy başarýarlar. Adamlar olary has özüne maýyl ediji, dostparaz we işi şowuna hasaplaýarlar. Bularyň ählisi has pugta sosial gatnaşyklaryň emele gelmegine we ýalňyzlykdan goranmaga kömek edýär diýip, Lebedew nygtady.Ýylgyryş mundan başga-da özgelere goldaw we duýgudaşlyk bildirmegiň bir görnüşi bolup biler. Agyr pursatlarda bu ruhy hemaýata mätäç adama özüni oňat duýmaga kömek edýär.

News
04.10.2024
235

Türkmen dilçileri Türki dilleriň halkara gurultaýyna gatnaşdylar

Ýakynda Türkiýäniň Ankara şäherinde X halkara türk dili gurultaýy geçirildi. Dört ýyldan bir gezek geçýän gurultaýa dünýäniň 21 döwletinden türkolog alymlaryň 170-e golaýy ýygnandy. Oňa Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Nazarow hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň dilçi alymlary gatnaşdylar. Gurultaýyň bölümlerinde türki dilleriň häzirki ösüş ugurlary, dilleri öwrenmegiň we öwretmegiň usullary, düzülýän dürli ugurly sözlükler bilen baglanyşykly ylmy çykyşlar edildi hem-de bu meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gurultaýa gatnaşan türkologlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy redaksiýasy bilen neşir edilen iki jiltli «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginiň» we «Türkmen diliniň orfografik sözlüginiň» düzülişi barada sowal-jogap alyşdylar. Şu ugurdan ýaş türk alymlarynyň türkmen sözlükleriniň derňewine diýseň uly höwesiniň bardygy bellärliklidir.Mundan başga-da, çäräniň dowamynda şu ýylyň sentýabr aýynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen Türki döwletleriň guramasy tarapyndan esaslandyrylan Türki dünýäniň ýeke-täk elipbiýini döretmek baradaky toparyň 3-nji mejlisinde latyn elipbiýine esaslanýan 34 harpdan ybarat umumytürki elipbiý barada gazanylan ylalaşygyň möhüm ähmiýeti bellenildi.Bellenilişi ýaly, 34 harpdan ybarat umumytürki elipbiýiň her harpynyň türki dillerde bar bolan dürli fonemalary görkezýändigine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, umumytürki elipbiýiň döredilmegi diňe bir türk halklarynyň arasyndaky özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy güýçlendirmek bilen çäklenmän, eýsem, bu halklaryň dilleriniň goralmagyna hem goşant goşar.Şeýle-de gurultaýyň dowamynda 21-nji awgusty bütin dünýäde Türki diliň güni diýip yglan etmek barada durmuşa geçirilmeli wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

News
03.10.2024
159

Türkmenistanly ýaş zehinler GDA-2024 Açyk çagalar Delfler oýunlaryna gatnaşýarlar

Gyrgyzystan Respublikasynyň Bişkek şäherinde GDA agza döwletleriň birinji halkara çagalar Delfler oýunlary dabaraly ýagdaýda başlandy. Döredijilik ýaryşlaryna Belarusdan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Russiýadan, Türkmenistandan we Gyrgyzystandan 7 ýaşdan 14 ýaş aralygynda 500-den gowrak zehinli çagalar gatnaşýar.Halkara gözden geçirilişde sazçylyk we sungat mekdepleriniň, şeýle hem medeni merkezleriň zehinli okuwçylary ýurdumyza wekilçilik edýärler. Çagalar bu ýaryşda Türkmenistanyň adyndan buýsançly çykyş etmek üçin kyn we tutanýerli ýol geçdiler.Delfler oýunlarynda fortepýano, skripka, nusgawy gitara, şekillendiriş sungaty, estrada aýdymlary, halk tanslary, ýekelikde aýdym aýtmak we di-jeýlik ýaly dürli ugurlardan bäsleşikler göz öňünde tutulýar. Festiwalyň maksatnamasynda halk gurallary, çeper senetler we ümli aýdymlar ýaly gyzykly çykyşlar bolar.Çäräniň maksady sungatyň ýokary forumy hökmünde Delfler oýunlaryny ösdürmek, milli medeniýetleri saklap galmak, medeniýetler arasyndaky gatnaşyklary goldamak we halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdyr. Bu ýerde ýaşlar bilen döredijilik işgärleriniň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýulýar, estetiki terbiýe, sungat bilimi we döredijilik pudaklary ösdürilýär.Açylyş dabarasy tamamlanandan oňa gatnaşyjylar eýýäm dostlaşyp, gymmatly döredijilik gatnaşyklaryny ýola goýdular. Ýaş zehinleri birleşdirmek we tejribe alyşmak meýdançasy hökmünde oýunlaryň esasy ideýasyny aýdyň görkezýär. Bäsleşige gatnaşýanlara köp gyzykly wakalar garaşýar.Delfler oýunlary 2024-nji ýylyň 5-nji oktýabryna çenli dowam eder we oňa gatnaşyjylara diňe bir bäsleşmek üçin däl, eýsem, tejribe alyşmak birek-birege täze döredijilik üstünliklerine ruhlandyrmak üçin özboluşly mümkinçilik döreder.