TM RU EN

Mary lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
01.10.2024
81

Educational Testing Service (ETS) guramasynyň wekili bilen duşuşyk

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Educational Testing Service (ETS) guramasynyň hökümet we daşary gatnaşyklar boýunça direktory Şennon Eşpol Litton bilen wajyp duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ETS-iň işine syn berildi we bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ugurlar teklip edildi.Educational Testing Service SAT, ACT, TOEFL, GRE we başgalar ýaly bilim testlerini işläp taýýarlamak we bilimleri bahalandyrmagy geçirmek boýunça ýöriteleşen öňdebaryjy dünýä guramasydyr. SAT (Scholastic Assessment Test)SAT – ABŞ-da we beýleki ýurtlarda okuwçylaryň ýokary okuw mekdeplerine girmäge taýýarlygyny bahalandyrmak üçin ulanylýan standartlaşdyrylan test. Ol matematika, okamak, ýazmak we dil endikleri boýunça bölümleri öz içinde jemleýär. SAT-yň netijeleri amerikan uniwersitetlerine we kollejlerine okuw girmek prosesinde möhüm orun tutýar. Uniwersitetleriň talyplary saýlap-seçip almak işinde tutanýerli çözgütleri çykaryp bilmekleri üçin dalaşgärleriň akademiki ukyplaryny adyl bahalandyrmak onuň baş maksadydyr. ACT (American College Testing)ACT – kollejlere okuwa girmek üçin SAT bilen bir hatarda ulanylýan alternatiw test. ACT özünde iňlis dili, matematika, okamak, tebigy ylymlar boýunça bölümleri, şeýle hem ýazmak bölümçe boýunça esasy topluma girmeýän we aýratyn töleg esasda sargyt edijiniň islegi boýunça bellenilýän (opsional) bölümi öz içine alýar. ACT-niň netijeleri uniwersitetlerde okuwçylary diňe bir akademiki bilimlerini däl, eýsem analitiki endiklerini bahalandyryp saýlap-seçip almak işinde giňden ulanylýar . TOEFL (Test of English as a Foreign Language)TOEFL – iňlis dili ene dili bolmadyklaryň ony biliş derejesini bahalandyrmak üçin halkara ykrar edilen test. Ol iňlis dilinde okadylýan ýokary okuw mekdeplerine we maksatnamalaryna girmek üçin, şeýle hem hünär gurşawynda ulanylýar. Test esasy dört sany endikleri bahalandyrýar: diňläp düşünmek, okamak, geplemek we ýazuw. TOEFL iňlis dilli ýurtlarda ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin köplenç hökmany bolýar. GRE (Graduate Record Examination)GRE – ABŞ-da we beýleki köp ýurtlarda magistratura we aspirantura okuwa girmek üçin adatça talap edilýän standartlaşdyrylan test. GRE testi werbal we matematiki ukyplary barlamagy öz içine alyp, umumy akademiki endikleri, şeýle hem analitiki ýazuwy barlaýar. Ýokary okuw mekdeplerinde kabul ediş toparlary GRE-ň netijelerini talyp bolup biljekleri we olaryň ýokary akademiki derejelerinde okamaga taýýarlygyny bahalandyrmak üçin ulanýarlar. PRAXISPRAXIS – ABŞ-da mugallymlaryň bilimlerini we endiklerini bahalandyrmak üçin ulanylýan synaglaryň toplumy. Bu testler amerikan ştatlarynyň köpüsinde başlangyç we orta mekdeplerinde okatmaga ygtyýarnama almak üçin zerur. PRAXIS umumy akademiki endikleri bahalandyryşy ýaly, şeýle hem mugallymyň okatmaga meýilleşdirýän anyk dersleri bilen bagly hünär bilimlerini bahalandyrýar. SAT, ACT, TOEFL, GRE we PRAXIS testleri dünýä bilim ulgamynda möhüm orun tutýar. SAT we ACT ýokary okuw mekdeplerine dalaşgärleriň okamaga taýýarlygyny subýektiw faktorlary aradan aýyryp, adyl bahalandyrmaga kömek edýär. TOEFL iňlis dili ene dili bolmadyk talyplara daşary ýurtlarda okamak üçin özüniň iňlis dilini biliş derejesini subut etmäge mümkinçilik berýär. GRE magistraturanyň we aspiranturanyň maksatnamalaryna seçip-almak üçin esas bolup hyzmat edýär, PRAXIS bolsa mekdep biliminiň hiline gönümel täsir edýän mugallymlaryň taýýarlygynyň ýokary standartlaryny saklamaga ýardam berýär. Duşuşygyň barşynda geljekki hyzmatdaşlygyň birnäçe esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy:Türkmenistana PISA ýaly halkara barlaglara gatnaşmaga taýýarlyk görmekde, bu maksatnamalara üstünlikli gatnaşmak üçin usulyýetler işläp taýýarlamak bilen hyzmatdaşlyk teklip edildi. Şeýle hem SAT, ACT, GRE, GMAT, TOEFL testleriniň esasynda iň täze tehnologiýalary, şol sanda emeli intellekti ulanmak bilen test soraglaryny işläp taýýarlamagyň usulyýetini döretmek ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklip edildi. Mugallymlaryň bilimlerini barlamak we olary sertifikatlaşdyrmak üçin PRAXIS testlerini geçirmek usulyýetini öwrenmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. SAT we ACT ýaly testleri ulanmak bilim ulgamyny kämilleşdirmäge uly täsir ýetirýär, sebäbi adyl testleriň esasynda talyplary saýlap-seçip almak ýokary okuw mekdeplerine bilim standartlarynda ünsüni jemlemäge kömek edýär. Bu bolsa talyplyk hataryna kabul edilen talyplaryň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär we bilimiň derejesiniň umumy ýokarlanmagyna ýardam edýär. ETS-iň wekili bilen duşuşygyň netijesinde taraplar hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça wajyp ugurlary alyp maslahatlaşdylar. ETS bilen hyzmatdaşlygyň bu ugurlarynyň amala aşyrylmagy bilim hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga we dünýä bilim bileleşigine birikmäge gönükdirilen. Türkmenistanyň Bilim ministrligi.Şeýle-de okaň: Turkmenportal

News
30.09.2024
103

Daşkentde ŞHG-na agza ýurtlaryň çagalarynyň çeken suratlarynyň VI sergisi açyldy

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň çagalarynyň çeken suratlarynyň VI sergisi Daşkentde açyldy. "Sinhua" habar gullugynyň berýän habaryna görä, serginiň mowzugy “Ertekiler dünýäsinde” diýlip atlabdyryldy.Açylyş dabarasyna Özbegistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri we tanymal sungat işgärleri gatnaşdylar.Sergi ýedi ýurtdan 3700-den gowrak döredijilik eserini görkezýär.ŞHG-na agza ýurtlarda çagalaryň döredijilik ukyplaryny goldamak we höweslendirmek, halk döredijiligine bolan gyzyklanmany artdyrmak, şeýle hem parahatçylyk, dostluk we ýagşylyk ideýalaryny giňden ýaýratmak we medeniýetleriň mundan beýläk-de güýçlenmegine goşant goşmak maksady bilen geçirilýär.

News
27.09.2024
95

Garaşsyzlyk binalary

Zeminiň çar künjünde dürli döwletleriň ýurt Garaşsyzlygynyň şanyna dikilen binalar bar. Olaryň hersiniň özboluşly taryhynyň bolşy ýaly, gaýtalanmajak gözelligi hem göreni haýran edýär. Şolaryň käbiri barada gürrüň etmegi makul bildik.Garaşsyzlyk sütüni. Bu ýadygärlik Meksikanyň Garaşsyzlygynyň 100 ýyllygy mynasybetli 1910-njy ýylda Mehikonyň Paseo-de-la-Reforma şaýolunyň ugrunda bina edilýär. 36 metr beýikligi bolan ýadygärligiň dörtburç binýadynyň her çüňkünde kanuny, urşy, adalatlylygy we parahatçylygy aňladýan bürünç heýkeller ýerleşdirilipdir. Ýadygärlik sütüniň üstünde grekleriň Nika Hudaýynyň ýedi metrlik heýkeli bar.* * *Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk ýadygärligi. Bu ýadygärlik Azerbaýjan Demokratik Respublikasynyň yglan edilmeginiň (1918-nji ýylyň 28-nji maýy) hormatyna Baku şäherinde bina edilip, onuň açylyşy 2007-nji ýylyň 25-nji maýynda bolýar.* * *Braziliýanyň Garaşsyzlyk ýadygärligi. San-Paulu şäherinde, Ipirang derýasynyň kenarynda, Braziliýanyň imperatory Pedru I tarapyndan 1822-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda ýurt garaşsyzlygy yglan edilen ýerde bina edilen bu ýadygärlik «Ipirang ýadygärligi» ady bilen hem bellidir. Ýadygärlik Braziliýanyň Garaşsyzlygynyň 100 ýyllygy mynasybetli gurlupdyr.* * *«Istiklol» Garaşsyzlyk toplumy. Duşanbe şäheriniň merkezinde ýerleşýän bu binagärlik toplumynyň açylyşy 2022-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda bolýar. Ýadygärligiň umumy beýikligi 121 metr. Ol 30 we 91 metrlik iki bölekden ybarat. Aşaky bölegi Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyny, ýokarky bölegi Täjigistanyň özygtyýarlylygynyň yglan edilen ýylyny aňladýar.* * *Kambojanyň Garaşsyzlyk binasy. Kambojanyň paýtagty Pnompen şäherinde ýerleşýän bu ýadygärlik 1958-nji ýylda ýurduň özygtyýarlylygyny gazanmagynyň 5 ýyllygy mynasybetli gurulýar. Khmerleriň Angkor-Wat ybadathanasynyň äheňinde, lotos şekilli bina edilen ýadygärligiň meýdany baýramçylyk günlerinde dabaralaryň esasy ýaýbaňlanýan ýerine öwrülýär.* * *Özbegistanyň Garaşsyzlyk binasy. Daşkendiň Garaşsyzlyk meýdanyndaky bu ýadygärlik 1992-nji ýylda bina edildi. 2005-nji ýylda Mustakillik meýdanynda bejeriş-abatlaýyş işleriniň geçirilmegi netijesinde ýadygärlige «Bagtly ene» heýkeli goşuldy.Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Arslanbek ABDYÝEW,Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

News
26.09.2024
208

Ýaş küştçilerimiz baýrakly dolandylar: Garaşsyzlyk baýramy ýeňişler bilen garşylanýar

Ähli ugurlar bilen deň hatarda halkara giňişliginde Türkmenistanyň sport abraýy hem gün-günden artýar. Muny geçirilýän iri halkara ýaryşlarynda we olimpiadalarda türgenlerimiziň gazanýan üstünlikleri aýdyň görkezýär. Küştçi ýaşlarymyz bu ýyl Garaşsyzlyk baýramyny baýrakly ýeňişleri bilen sowgatly garşylaýarlar. 10-22-nji sentýabr aralygynda Budapeşt (Wengriýa) şäherinde dünýäniň 200-e golaý döwletinden 2000-den gowrak türgeniň gatnaşmagynda geçirilen küşt boýunça 45-nji Bütindünýä olimpiadasynda üstünlik gazanyp kiçi altyn medala eýe bolan ýaş küştçilerimiz bu gün Watanymyza dolandylar. Türkmen küştçileriniň gazanan üstünligi we geçirilen bu olimpiada barada Orient ozal Sizi habarly edipdi. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ýeňijileri Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň wekilleri we ýakynlary gül desseleri bilen şatlykly garşyladylar.Orient hem bu wakany deňinden geçirmän, ussatlyk görkezip ýeňiş gazanmagy başaran küştçiler bilen söhbetdeş bolup, ony gyzgyny bilen öz okyjylaryna ýetirmegi makul bildi. Elbetde Garaşsyzlyk gününiň öňisyrasynda ýeňiş bilen ýurduňa dolanmakdan özge bagt bolmasa gerek?! Ýeňiş bilen altyn medally dolanan türgenlerimiz özleriniň begenjini we buýsanjyny biz bilen paýlaşdylar. Geliň onda, söz nobatyny ussat küştçilerimize bereliň! Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy, TKF-nyň baş kätibi Mergen Kakabaýew: —Dünýä ýaryşyna gatnaşmak üçin TKF tarapyndan birnäçe okuw-türgenleşik işleri alnyp baryldy. Bu olimpiada gatnaşan milli erkekler we zenanlar ýygyndy toparlarymyz küşt boýunça Türkmenistanyň taryhynda iň gowy netijäni görkezmegi başardylar. Oglanlarymyz B kategoriýada, gyzlarymyz bolsa özüniň C toparçasynda 1-nji orny eýelemek bilen Watanymyza jemi 12 sany kiçi altyn medal bilen dolandylar. TKF-nyň Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde ýygyndy toparymyzyň ýaş türgenleriniň şular ýaly iri halkara ýaryşlaryna gatnaşmaklary üçin çeken zähmeti bu günki gün öz ýerine düşdi. Gazanan bu ýeňşimizi tälimçilerimiziň we ýaş türgenlerimiziň Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuna Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize, şeýle-de tutuş türkmen halkyna ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy diýip, aýtsak hem bolar!Küşt boýunça Türkmenistanyň 18 ýaşly wise-çempiony Lala Şöhradowa:—Men Wengriýada geçirilen 45-nji Bütindünýä olimpiadasynda milli ýygyndy toparymyzyň birinji tagtasynda çykyş etdim. Ýaryşlar diýseň çekeleşikli we gyzykly geçdi. Garşydaş toparlar bilen duşuşyklarda biz her ýaryşyň öň ýanynda güýçli depginde taýýarlyk gördük. Bu gezekki ýaryşda meniň 2018-nji ýylda Gruziýa döwletinde geçirilen Bütindünýä küşt olimpiadasyna gatnaşyp toplan tejribäm uly kömek etdi. Bulardan başga-da, biz bu küşt olimpiadasyndaky ýeňşimizi Türkmenistanda aprel aýyndan bäri geçirilýän okuw-türgenleşiklerimiziň beren oňat netijesi diýip kabul edýäris. Ýokary netije görkezendigimize diýseň begenýärin we buýsanýaryn. Budapeştdäki olimpiadada toplan tejribämiň geljekki halkara ýaryşlarynda-da gowy netijeleri görkezmegime ýardam etjekdigine berk ynanýaryn. Ýetip gelen Garaşsyzlyk baýramyňyz gutly bolsun!25 ýaşly halkara derejeli sport ussady Saparmyrat Atabaýew:—Küşt boýunça Budapeşt şäherinde bolan 45-nji Bütindünýä olimpiada gatnaşan biziň toparymyzda jemi 5 türgen gatnaşdy. Men hem şol ýaryşda 1-nji tagtada çykyş etdim. Biz B toparçada ýeňiji bolmagy başardyk. Dünýäniň birnäçe döwletlerinden, şol sanda Kanadadan, Şweýsariýadan, Ysraýyldan, Islandiýadan gelen güýçli toparlary ýeňip üstünlik gazanmagy başardyk. 2 ýyldan bir gezek geçirilýän bu ýaryşlara biz köp wagtlap taýýarlyk gördük. Biz birnäçe halkara ýaryşlaryna gatnaşdyk ýene-de bize öňümizde birnäçe iri ýaryşlar garaşýar. Pursatdan peýdalanyp hemmeleri Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.Türkmenistanyň 18 ýaşly çempiony Merýem Agajanowa:—Men küşt bilen 9 ýaşymdan bäri meşgullanyp gelýärin. Geçen ýyldan bäri Dubaýda, Täjigistanda, Şri-Lankada, Hindistanda geçirilen birnäçe halkara ýaryşlaryna gatnaşdym. 20 ýaşa çenli zenanlaryň arasyndaky ýaryşlarda we açyk turnirlerde çykyş edip gelýärin. Bu ýaryşlar meniň üçin örän kyn geçdi, şol sebäpli men baýrakly orunlara eýe bolup bilmedim. Emma birnäçe daşary ýurtly güýçli türgenler bilen ýaryşyp, uly tejribe gazandym. Meniň garşydaşlarym Özbegistan, Täjigistan, Gazagystan, Hindistan ýaly Aziýa ýurtlaryndan we Italiýa döwletinden boldy. Biziň bu gezekki gatnaşan olimpiadamyzda hem dünýä ýurtlaryndan birnäçe güýçli toparlar, türgenler ýaryşdylar. Biz 11 oýun oýnadyk. Toparlaýyn oýunlarda bile güýjümizi jemläp güýçli toparlary ýeňip birinji orna mynasyp bolduk. Elbetde bu ýaryşlar diýseň çekeleşikli geçdi we bizde ýatdan çykmajak pursatlary galdyrdy...Sport bilen meşgullanmak gowy zat, onda-da akyl sporty. Dogry göçüm etmek diňe küştde däl, eýsem, durmuşda hem örän wajyp bolup durýar... Biz ussat türgenlerimize geljekki ýaryşlarda hem dogry göçümleri edip ýeňiş gazanmaklaryny arzuw edýäris. Küştçilerimize hemişe üstünlikler hemra bolsun!

News
25.09.2024
193

Туркменская культура на фестивале в Токио: выставка искусств и книги на японском языке

Посольство Туркменистана в Японии в рамках Фестиваля культуры тюркских государств, прошедшего в Токио, представил экспозицию произведений декоративно-прикладного и ювелирного искусства туркменского народа.Стенд туркменской дипмиссии предоставил возможность посетителям выставки ознакомиться и с творчеством Махтумкули Фраги.Также Посольство Туркменистана передало переведенные на японский язык книги национального лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Гурбангулы Бердымухамедова в дар Институту японского языка в Кансае и библиотеке города Кумагая в префектуре Сайтама, сообщили в дипмиссии. Эти книги позволят японским читателям глубже понять глубину и красоту наследия туркменского народа, открывая новые горизонты и стимулируя диалог.

News
24.09.2024
148

Gazagystanyň ilçisi Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçisi Nurlan Nogaýew «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow bilen duşuşdy.19-njy sentýabrda geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn ösüş depginini bellediler we Türkmenistanyň energetika pudagynda uly mümkinçiliklere eýedigine ünsi çekdiler. Hususan-da, daşary ýurt maýadarlary üçin Türkmenistanyň uglewodorod çig mal pudagyndaky açyk döwlet syýasatynyň çäginde döredilen mümkinçiliklere aýratyn üns berildi.Şol gün gazak diplomaty «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew bilen hem duşuşyk geçirdi.Duşuşygyň dowamynda taraplar önümçilik pudagynyň bilelikdäki ösüşini we gaz geçiriji taslamalaryny durmuşa geçirmegi öz içine alýan gaz pudagynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşdylar.Duşuşygyň jemleri boýunça energetika pudagynda strategiki hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky özara gyzyklanma mälim edildi.

News
23.09.2024
269

Elista şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

2024-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Galmyk Respublikasynyň Elista şäherinde geçirilýän «Asyrlar boýy halklar bilelikde» atly sebitleýin forumyň çäginde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Bakylygyň nyşanlary: türkmen we galmyk halklarynyň arasyndaky dostluk-doganlyk köprüsi. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.Çäre türkmen we galmyk halklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taryhy esaslaryny kesgitlemek meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, diňe bir ynsanperwerlik däl, eýsem Türkmenistan bilen Galmyk Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek we giňeltmek mümkinçiliklerine baha bermäge bagyşlandy.Maslahata Galmyk Respublikasynyň Halk Huralynyň (Parlament) Başlygy A.Mihaýlow, Galmyk Respublikasynyň Ýolbaşçysynyň geňeşçisi W.Salykow, Galmyk Respublikasynyň Halk Huralynyň deputaty we şol bir wagtyň özünde B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersitetiniň rektory B.Salaýew, Galmyk Respublikasynyň Halk Huralynyň XVII çagyryşynyň deputaty B.Haçirow, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) Konsuly G.Ilamanow, şeýle hem alymlar, syýasatşynaslar, ekologlar, uniwersitetleriň, Russiýanyň we GDA ýurtlarynyň seljeriş merkezleriniň wekilleri, B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.Öz çykyşynda G.Ilamanow Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ynsanperwer ýörelgeleri wagyz etmekde, dünýä edebiýatynyň hazynasyny baýlaşdyrmakda we türkmen halkynyň gymmatlyklaryna düşünmekde ägirt uly goşant goşandygyny nygtady.Şeýle hem maslahatyň çäginde türkmen halkynyň amaly-haşam, şekillendiriş sungatynyň we şaý-sepleriniň sergisi guraldy.

News
20.09.2024
114

«Huawei Connect–2024» — Bilim intellektini ýokarlandyrmak üçin MKT ugrundan zehinleri ösdürmek

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti «Huawei» kompaniýasy tarapyndan geçirilen «Bilim intellektini ýokarlandyrmak üçin MKT ugrundan zehinleri ösdürmek» atly çärä gatnaşdy. Çäräniň dowamynda «Huawei Global Public Affairs BU» bölüminiň wise-prezidenti we baş direktory Li Szýunfen çykyş etdi. Çärede bilim ulgamynyň işini ýokarlandyrmak üçin maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary (MKT) ugrundan hünärmenleri taýýarlamak meselesi esasy ugur hökmünde kesgitlenildi. Li Szýunfen MKT-ugrundan zehinleri ösdürmek we olary intellektual bilim ekosistemalaryny döretmek maksady bilen bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça «Huawei»-iň strategiýasyny hödürledi. Mundan başga-da, kompaniýa bilim beriş prosesiniň netijeliligini ýokarlandyrmakdaky işleri, emeli intellekt we bulut tehnologiýalaryny ulanmagy öz içine alýan sanly özgertme çözgütleri bilen tanyşdyrdy. Çäräniň gatnaşyjylary MKT hünärmenlerini okatmak boýunça «Huawei»-iň başlangyçlarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiliklerini, şeýle-de sanly ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, kompaniýanyň çözgütlerini Türkmenistanyň bilim ulgamyna ornaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi.

News
19.09.2024
275

Türkmenistan bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň arasyndaky hyzmatdaşlyk

2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini, hususan-da Türkmenistanyň gatnaşmagynda UNRCCA-nyň taslamalarynyň we maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň işini başlamagy bilen baglanyşykly Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellendi.UNRCCA bilen sebitiň döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

News
15.09.2024
194

Türkmenistanyň wekilleri Almaty şäherinde geçirilen sebitleýin maslahata gatnaşdylar

10-12-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň bilim, energetika we daşky gurşawy goramak ulgamynyň wekilleri «Geljegi döretmek arkaly: C5+ONE Merkezi Aziýa – ABŞ» atly sebitleýin maslahata gatnaşmak üçin Almatyda (Gazagystan) boldular. Çärä energetika, ekologiýa howpsuzlygyna hem-de iňlis diliniň öwrenilmegine bagyşlanan temalary bilelikde ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Merkezi Aziýa sebitiniň ähli ýurtlarynyň wekiliýetleri gatnaşdylar. Maslahatyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň, şol sanda energetika we ekologiýa ulgamynda hünärmenleri taýýarlamakda möhüm orun eýeleýän ýokary okuw mekdepleriň wekilleriniň çykyşlary boldy. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary bildiriş mazmunly mejlisler görnüşinde innowasion pikirlerini duşuşyga gatnaşyjylara tanyşdyrdylar. Olaryň çykyşlary gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, galyndylary gaýtadan işlemek, eko-moda we metanyň bölünip çykmasyny azaltmak diýen temalary gurşap aldy. Maslahatyň çäklerinde ABŞ-nyň bilermenleriniň hem-de energetika we daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça ýöriteleşen uniwersitetleriň mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda okuw maslahatlar geçirildi. Oňa gatnaşyjylar häzirki zaman ýagdaýlar, bu ulgamlarda iň täze tehnologiýalar barada peýdaly bilimlere eýe bolmaga mümkinçilik aldylar, şeýle hem hünärmen derejesinde giňden ulanylýan iňlis diline erk edip bilmek başarnyklaryny ep-esli artdyrdylar.Çäre alymlaryň, mugallymlaryň we ýaş hünärmenleriň arasynda tejribe alyşmak üçin möhüm duşuşyga öwrülip, sebiti durnukly ösdürmegiň täze strategiýalaryny işläp taýýarlamaga köp babatda ýardam etdi.C5+ONE – munuň özi iňlis dilini bilmegi ösdürmäge gönükdirilen özboluşly sebitleýin başlangyçdyr. Ol esasan Merkezi Aziýada başlangyç we orta derejeli ussatlara, aýratyn-da, energetika we daşky gurşawy goramak ulgamlarynda işleýän hünärmenlere degişlidir. Maksatnama döwlet ulgamynyň, raýat jemgyýetiniň hem-de hususy kompaniýalaryň wekillerine dilden amaly taýdan gatnaşyk etmäge ähmiýet bermek bilen iňlis diline erk etmek başarnyklaryny gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Bu maksatnama boýunça Gazagystandan, Özbegistandan, Türkmenistandan, Gyrgyzystandan we Täjigistandan eýýäm 1000-den gowrak hünärmenler taýýarlanyldy. Şonuň netijesinde olaryň amerikaly kärdeşleri bilen gatnaşyklary ep-esli berkedi. Energetika we daşky gurşawy goramak ulgamlarynyň wekilleri üçin hünär derejeli iňlis dili boýunça ýöriteleşdirilen okuwlar sesi dogry beýan etmek, gürlemek, okamak hem-de hat ýazmak başarnyklaryny ösdürýär we gowulandyrýar. Türkmenistanyň C5+ONE maksatnamasyna gatnaşmagy ýurdumyzyň durnukly ösüşe we halkara hyzmatdaşlyga ymtylýandygyny aýdyň görkezýär. Ýaş alymlaryň, hünärmenleriň hünär taýdan ýokarlanmagyna maýa goýup, Türkmenistan ygtybarly geljegiň binýadyny kemala getirýär. Şonda milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryndaky wezipeleri ygtyýarly, zerur bolan hemme hünär hem-de dil başarnyklaryna eýe bolan ýokary hünärli işgärler ussatlyk bilen hem-de ýokary hilli çözerler.