TM RU EN

Mary lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
21.05.2025
196

“Temmäki önümleriniň adam bedenine ýetirýän zyýanly täsiri”

I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň Jemgyýetçilik guramalarynyň Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş we Derman Senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi bilen bilelikde 2025-nji ýylyň 14-nji maýynda talyp ýaşlaryň arasynda “Temmäki önümleriniň adam bedenine ýetirýän zyýanly täsiri” ady bilen wagyz - nesihat çäresi geçirildi. Çärede şahsy gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini alyp barmak, zyýanly endiklerden daşda durmak barada gürrüň edildi. Çäräniň ahyrynda ýaş nesliň bagtyýar durmuşy we nurana geljegi barada çuňňur aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

News
17.05.2025
182

Orta hünär okuw mekdeplerinde okuw kitaplaryň we okuw-usuly gollanmalaryň taýýarlanylyşy

“Okuw kitaplaryny we okuw-usuly gollanmalaryny neşir etmegiň nobatyny tertipleşdirmek hakynda” Bilim ministrliginiň 2024-nji ýylyň 20-nji martyndaky 98 belgili buýrugyny ýerine ýetirmegi we OHOM-de okuw kitaplaryny we okuw-usuly gollanmalary taýýarlamagy barada Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda döredilen okuw-usuly geňeşiniň 2025-nji ýylynyň Meýilnamasyna laýyklykda, 16-njy maýynda nobatdaky mejlisi geçirildi.Okuw kitaplaryň we okuw-usuly gollanmalaryň neşire taýýarlanylyşynyň talaplary, soňky ýyllarda çap edilen, çapa tabşyrylan we häzirki wagtda taýýarlanýan okuw kitaplar we okuw-usuly gollanmalar barada öz prezentasiýasy bilen I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň direktory çykyş etdi.Çykyşda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde taýýarlanýan okuw kitaplaryny we okuw-usuly gollanmalaryny neşir etmegiň nobatyny kesgitlemegiň tertibi, neşirleri çap edilmeginiň talaplary barada beýan edildi. Anyk mysallara esaslanyp, çapa hödürlenýän kitaplara we okuw – usuly gollanmalara degişli resminamalaryň (kitabyň ýazylyşyna, onuň gurluşyna, synlaryň many-mazmunyna bildirilýän talaplar, OHOM-ň usuly geňeşiniň göçürmesi we ş.m.) nusgalary görkezildi we hil taýdan talaba laýyk bolmaklary barada bellenildi.Şeýle-de, okuw kitaplaryň we okuw-usuly gollanmalaryň çap edilmeginiň meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegi, her okuw jaýynyň ýolbaşçysy tarapyndan berk gözegçilige alynmagy we kitaplary taýýarlaýan mugallymlardan yzgiderli hasabatlary alyp durulmagy barada netijä gelindi.I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mysalynda çap edilen, çapa taýýarlanan we tamamlanýan kitaplaryň nusgalary bilen tanyşdyryldy.

News
09.05.2025
64

«Açyk gapylar» güni

I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň 7-8-nji maýynda geljekki dalaşgärler üçin, 2024-2025 –nji okuw ýylynda mekdebi tamamlaýan uçurumlar we okuwa girmek isleýän ähli ýaşlar üçin «Açyk gapylar» günleri geçirildi.«Açyk gapylar» güni mynasybetli gelen ýaşlar mekdepde taýýarlanylýan ugurlar, alnyp barylýan işler, talyplaryň gyzykly durmuşy bilen giňişleýin tanyşdylar. Olar okuw otaglara aýlanyp gördiler.Myhmanlar hem öz gezeginde lukmançylyk mekdebiniň taýýarlaýan hünärleriniň aýratynlyklary, onuň taryhy we ýetilen sepgitleri bilen jikme-jik gyzyklandylar. Ähli maglumatlar suratlar we wideo görnüşinde hödürlendi we sergi gurnaldy.

News
06.05.2025
276

“Parahatçylyk –köňülleriň senasy”

Aşgabat şäher medeniýet müdürliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphana hem-de I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly mynasybetli 2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde “Parahatçylyk –köňülleriň senasy” ady bilen wagyz-nesihat çeresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde kitaphana işgärleri, täze ýylyň jemgyýetimiz, döwletimiz üçin belent sepgitleriň, örän uly taryhy ösüşleriň ýyly boljakdygyna ynanýan halkymyz 2025-nji ýyly ≪Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly≫ diýip atlandyrylmagyna ýürekden buýsanýar. Bu şygar eziz Diýarymyzyň agzybirlik, parahatçylyk hem-de ynanyşmak arkaly belent sepgitleri, beýik ösüşleri gazanýandygyny şöhlelendirýär, diýip belläp geçdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň dünýä ýüzüni parahatçylyga, asuda-abadan durmuşa çagyryşy-asyrlara, nesillere serpaýdyr. Türkmen topragynda, bütin dünýäde hemişe parahatçylyk, birek- birege ynam höküm sürsün!

News
29.04.2025
164

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”

2025-nji ýylyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasytarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” weTürkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Indira Gandiadyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde 2025-nji ýylyňaprel aýynyň 24-ne Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniňDöwlet muzeýiniň göçme sergisi gurnaldy.Sergide türkmen halkynyň milli senetçilik we halyçylyk webeýleki meşhur amaly-haşam sungatlary öz mynasyp ornuny eýeleýärwe ýaş nesilleriň ruhy kuwwatyny berkitmäge, aň-bilim derejesiniartdyrmaga, medeni-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamagagönükdirilýär.

News
21.04.2025
236

“Ýylyň şygary – üstünlikleriň badalgasy”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň Jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylygynda “Ýylyň şygary – üstünlikleriň badalgasy” ady bilen 2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde döredijilik bilen meşgul bolýan ýazyjy şahyrlaryň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň maksady Türkmenistanyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylyklarynda toýdur-baýramlara beslenýän ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin alnyp barylýan ynsanperwer syýasatlaryndan ugur alyp, ýaşlaryň watançylyk duýgularyny ösdürmek, milli buýsançlaryny kemala getirmekden ybarat. Duşuşykda hormatly myhmanlaryň türkmeniň milli ýörelgelerine laýyk gelýän terbiýeçilik ähmiýetli söhbetleri we bagtyýar döwrümiziň waspyny ýetirip düzen şygyrlary diňlenildi. Çäräniň ahyrynda türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini üpjün etmekde we ýaş nesilleri döwrebap terbiýeläp ýetişdirmekde halkymyzy bezeýän edep mekdebi bolan ýaşuly nesilleriň mynasyp ornunyň bardygy bellenildi we lukmançylyk mekdebiniň talyplarynyň ata Watanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly nesiller bolmagy barada ýürek buýsançlaryny beýan etmekleri bilen jemlenildi.

News
12.04.2025
263

Mugallymlarynyň nobatdaky hünärini ýokarlandyrmak maksady bilen hünär synagy geçirildi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýrugy esasynda, 2025-nji ýylyň 23-nji martyndan 4-nji apreli aralygynda I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde, 2022-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Bilim ministrligi we 2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan tassyklanan “Türkmenistanyň orta hünär bilimi edaralarynyň pedagogik işgärleriniň hünär synagyny geçirmegiň we hünär derejelerini ýokarlandymagyň Tertibi” boýunça nobatdaky hünär synagy geçirildi.Synag toparynyň agzalary hökmünde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar.Hünär synagynyň netijelerine görä I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymlaryna: ýokary, birinji, ikinji hünär derejeleri we eýeleýän wezipelerine laýyklylygy kesgitlenildi.

News
12.03.2025
214

Halkara zenenlar güni mynasybetli pul sowgadyny gowşurmak dabarasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 21-nji fewralynda çykaran PB-1125 buýrugyna laýyklykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarmyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem ata-babalarmyzyň mähriban enelermize we eziz uýalarmyza hormat goýmak barada asylly däplerini dowam etdirmek hem-de “Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde 04.03.2025-nji ýylda zenan mugallymlara we talyp gelin-gyzlara pul sowgatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Zenanlaryň we talyp gelin-gyzlaryň ýüzlerinde nurly ýylgyryşlarda zamananyň gül keşbi öwşün atýar. Bu bolsa şanly ýylmyzyň şygary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Dabaranyň ahyrynda gatnaşyjylar ak saçly enelermize, öý-ojagyň bezegi zenalarmyza şeýle hormat goýýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

News
11.03.2025
76

Türkmen tennisçileri ilkinji gezek dünýäniň toparlaýyn ITF Masters çempionatynda çykyş eder

Türkmen tennisçileri Türkiýede geçiriljek abraýly halkara ýaryşynda ilkinji gezek çykyş eder, ol ýerde biziň ildeşlerimiz dünýäniň iň ökde toparlary bilen bäsleşip biler – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.Türkmenistanyň ýygyndysynyň ilkinji gezek gatnaşjak ITF Masters dünýä toparlaýyn çempionaty Türkiýäniň Manawgat şäherinde başlanýar. Bäsleşige 30, 35, 40 we 45+ ýaş derejelerinde bäsleşjek 126 topar gatnaşar.Türkmenistanyň ýygyndysy 30+ derejesinde çykyş eder, bu ýerde 4 toparça bölünen 12 ýurduň ýygyndylary bäsleşer. Türkmenistanyň ýygyndysy Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň ýygyndylary bilen bilelikde «B» toparça düşdi. Toparçalarda ýeňiş gazananlar pleý-off ýaryşyna çykarlar.Türkmenistanyň ýygyndysy geçen ýyl Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) prezidenti Dewid Haggertiniň biziň ýurdumyza eden saparynyň barşynda Dewisiň kubogynyň düzgünlerine laýyklykda geçirilýän bu abraýly ýaryşa gatnaşmak üçin çakylyk alypdy.Ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň düzümine: ýurdumyzyň birinji raketkasy Ýuriý Rogusskiý, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň kubogynyň bürünç medalynyň eýesi Gurbanberdi Gurbanberdiýew, şeýle hem 2013-nji ýylda Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynda Dewisiň kubogynda ýeňiş gazanyp, ýurdumyzyň ozalky birinji raketkalary Aleksandr Ärnepesow we Eziz Döwletow dagy girdi.Ýygyndynyň kapitany hökmünde Mirali Gasanow bellendi – ol ýurdumyzyň erkekler ýygyndysynyň baş tälimçisidir we dünýäniň islendik ýurdunda ussatlyk derejesindäki oýunçylar bilen işlemek hukugyny berýän hem-de Türkmenistanda PRO Level derejesiniň şahadatnamasyna eýe bolan ýeke-täk tälimçidir.Türkmenistanyň ýygyndysynyň tennisçileri ilkinji oýnuny Beýik Britaniýanyň ýygyndy toparyna garşy geçirer.

News
10.03.2025
257

Bakuwda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi

Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky Türkmen edebiýaty merkezinde çäre gurady.Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, çärä Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary, ylym işgärleri we Azerbaýjanda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň BMG-niň çäginde öňe sürýän parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.Habarda bellenilişi ýaly, çärede Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.Duşuşyga gatnaşyjylar kitabyň mazmuny bilen tanyşdylar we türkmen halkyny agzybirlige çagyrýan Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi baradaky ylmy hem-de taryhy maglumatlara ýokary baha berdiler.