TM RU EN

Mary lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
24.02.2025
269

Türkmen ýaş inženerleri «Almaty Tech Cup — 2025» halkara robototehnika çempionatyna gatnaşýarlar

2025-nji ýylyň 21-nji fewralynda Almaty şäherinde inženerçilik we robototehnika boýunça «Almaty Tech Cup — 2025» halkara çempionaty başlandy. Bu ýaryşa iki sany türkmen topary hem gatnaşýar. Bu barada HHM habar berdi.Bu abraýly bäsleşik dürli ýurtlardan gelen ýaş inženerleri, programma düzüjileri we oýlap tapyjylary bir ýere jemläp, olara robototehnika, programmirleme we tehniki taslamalary taýýarlamak boýunça bilimlerini we başarnyklaryny görkezmek üçin ajaýyp meýdança bolup hyzmat edýär.Şeýle çäreler tehnologik meseleleri çözmäge ukyply täze nesil hünärmenleriniň kemala gelmegine ýardam berýär. Mundan başga-da, çempionat Hindistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Mongoliýa, Türkiýe, Özbegistan we Türkmenistan ýaly ýurtlaryň toparlaryna tejribe alyşmak, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de özara gatnaşykda bolmak üçin amatly şertleri döredýär.Çäräniň guramaçylary türkmen toparlarynyň ýokary derejede taýýarlyk görendigini belläp, olaryň bilimleriniň, inženerçilik başarnyklarynyň we robototehnika taslamalaryny taýýarlamak ukyplarynyň ýokarydygyny aýratyn nygtadylar.

News
21.02.2025
274

Türkmenistanda sport zallarynyň we sport hyzmatlaryny sertifikatlaşdyrmagyň täze tertibi girizildi

Türkmenistanda bedenterbiýe we sport ulgamyndaky hyzmatlary sertifikatlaşdyrmagyň täze tertibi tassyklandy. Degişli bilelikdäki buýruk Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy A. Saparow we «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň başlygy M. Hojagulyýew tarapyndan 2025-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda gol çekildi we Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2025-nji ýylyň 13-nji fewralynda bellige alyndy.Täze sertifikatlaşdyrma tertibiniň esasy düzgünleriResminama ýurtdaky ähli sport hyzmatlaryny sertifikatlaşdyrmak işiniň düzgünlerini kesgitleýär we raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge, hödürlenýän hyzmatlaryň hilini gözegçilikde saklamaga we sarp edijileri hiline laýyk bolmadyk hyzmatlardan goramaga gönükdirilendir.Täze tertipde esasy üns berilmeli zatlar:Hökmany sertifikatlaşdyrma: Bedenterbiýe we sport ulgamynda hyzmat edýän ähli ýuridiki we fiziki şahslar laýyklyk şahadatnamasyny almaga borçludyrlar.Ygtyýarlandyrylan gurama: Sertifikatlaşdyrmagy «Türkmenstandartlarynda» döwlet akkreditasiýasyndan geçen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport çärelerini geçirmek we utgaşdyrmak boýunça guramasy geçirer.Sertifikatyň hereket ediş möhleti: Laýyklyk şahadatnamasy 3 ýyla çenli möhlete berilýär.Sport desgalaryna bildirilýän talaplar: Howpsuzlygyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy, arassaçylyk-ýokanç kesellere garşy göreşmek babatdaky ýagdaýy we binalaryň ýangyna garşy goragy boýunça berk standartlar bellenilýär.Hünär ugry boýunça talaplar: Sport guramalary Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan tassyklanan talaplara laýyk gelýän hünär derejesi bolan işgärlere eýe bolmalydyrlar.Sertifikatlanan hyzmatlar olaryň bellenilen talaplara laýyklygyna her ýyl barlag geçiriler. Sertifikatsyz hyzmat edilendigi üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik göz öňünde tutulýar.Sport toplumlarynyň, fitnes-merkezleriň eýelerine we beýleki sport hyzmatlaryny hödürleýänlere täze tertibiň talaplary bilen öňünden tanyşmaklary we öz işlerini şolara laýyk getirmekleri maslahat berilýär.

News
20.02.2025
205

Adaty karate boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy halkara türgenleşik ýygnanyşygynda bolar

Adaty karate boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy 2025-nji ýylyň 20-nji fewralyndan 7-nji martyna çenli Samarkant şäherinde (Özbegistan Respublikasy) halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşmak üçin saparda bolar – diýip, federasiýanyň wekili Türkmenportal saýtyna habar berdi.Bu okuw-türgenleşik ýygnanyşygy türkmen türgenleriniň şu ýylyň maý aýynda Polşada boljak dünýä çempionatyna taýýarlygyny güýçlendirmek maksady bilen geçirilýär. Halkara ýygnanyşyklary milli ýygyndymyza möhüm dünýä ýaryşynyň öňüsyrasynda ussatlyk derejesini ýokarlandyrmaga we taktiki usullary işläp düzmäge mümkinçilik berer.

News
19.02.2025
87

Türkmen diplomatlarynyň üçüsi «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky (Minsk şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew, Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky (Yslamabat şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atajan Möwlamow, şeýle-de Türkmenistanyň Owganystandaky (Mazary-Şarif şäheri) Baş konsuly Bazarbaý Kabaýew «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandylar. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli degişli Karara gol çekdi.Kararda ady agzalan diplomatlaryň Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny berkitmekde, daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki gatnaşyklaryny ösdürmekde, döwlet bähbitlerini goramakda gazanan uly üstünlikleri hem-de diplomatik gullugy ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmeti nazara alnyp, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli sylaglanylýandygy bellenilýär.Türkmen diplomatlaryna mynasyp bolan sylaglary şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hünär baýramy mynasybetli geçirilen dabaraly çäräniň barşynda gowşuryldy.

News
18.02.2025
156

Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda oba hojalyk işleriniň barşy bilen gyzyklandy

17-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berilýär.Maslahatyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri we wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň hiliniň agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegi bilen berk baglanyşyklydygyny, şoňa görä-de, ýerine ýetirilýän ähli oba hojalyk işlerinde, şol sanda bugdaýa ideg etmek we ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak işlerinde bu kadalaryň berjaý edilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.Soňra döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde tekizleýiş, çil we geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy, ekiş möwsümine çenli pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin ähli zerur işleri geçirmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Şunuň bilen birlikde, Serdar Berdimuhamedow ýeralma hem-de gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine tohumlary we ýerleri talabalaýyk taýýarlap, ekişiň depginini güýçlendirmegi, welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

News
17.02.2025
176

Türkmenistanyň futzal boýunça zenanlar ýygyndysynyň CAFA-2025 çempionatynyň iň gowy derwezeçisi diýlip ykrar edildi

Duşanbede geçirilen sylag gowşuryş dabarasynyň dowamynda Malika Eminowa onuň mynasyp bolan şahsy sylagy gowşuryldy.Eýranyň ýygyndysynyň hüjümçisi Maral Torkaman çempionatyň iň ähmiýetli oýunçysy diýlip ykrar edildi. Ol ýaryşda 10 gol geçirip, CAFA-2025 çempionatynyň iň köp gol geçiren oýunçysy boldy. Gyrgyzystanyň ýygyndysy adalatly oýun geçirendigi üçin baýrak bilen sylaglandy (Fair Play).CAFA-2025 çempionatynyň oýunlaryna türkmen hünärmenleri: FIFA-nyň eminleri Timur Ramazanow we Merjen Bagşyýewa, şeýle hem AFC-niň halkara instruktory/inspektory Wadim Baratow gatnaşyp, olar hem ýörite medallar bilen sylaglandylar.Çempionatyň ýeňijisi yzly-yzyna dördünji gezek Eýranyň ýygyndysy (12 utuk) boldy. Eýranyň futzal boýunça zenanlar ýygyndysy Özbegistanyň (9:0), Gyrgyzystanyň (10:0), Türkmenistanyň (5:1) we Täjigistanyň (10:1) ýygyndylaryny uly hasap bilen ýeňmegi başardy.

News
16.02.2025
84

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan sport syýasatynyň aýdyň ykrarnamasy.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň “Kartografiýa we geoinformatika” taýýarlygy ugrunyň 2-nji ýyl talyby Kerimow Kerim 2025-nji ýylyň 7-10-njy fewral aralygynda Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda geçirilýän 29-njy Halkara ýaryşynyň ilkinji gününde 71 kg agramy bilen söweş sambo boýunça ýaryşyna gatnaşyp kümüş medala mynasyp boldy.Şeýle hem, “Kartografiýa we geoinformatika” taýýarlygy ugrunyň 1-nji ýyl talyby Burhanowa Selbi 2025-nji ýylda 8-nji ferwalynda Dzýudo boýunça Aşgabat şäheriniň 2025-nji ýylyň Açyk çempionatynda 2003-2008-nji ýyllarda doglan aýallar we ýaş gyzlaryň arasynda 52 kg agram derejesinde çykyş edip III orny eýeledi.

News
14.02.2025
177

Türkmenistanda 2025-nji ýylda diplomlary ykrar ediljek daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň sanawy çap edildi

Türkmenistanda 2025-nji ýylda diplomlary ykrar ediljek daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň sanawy çap edildiTürkmenistanyň Bilim ministrligi 2025-nji ýylda biziň ýurdumyzda diplomlary ykrar ediljek daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň täzelenen sanawyny çap etdi.Bu sanaw «Uniwersitetiň üç missiýasy» atly Moskwanyň halkara reýtingi, Uniwersitetleriň dünýä reýtingi 2025 (The World University Rankings), Dünýä uniwersitetleriniň QS 2025 reýtingi we Dünýä uniwersitetleriniň akademiki reýtingi 2025 (Shanghai Ranking) ýaly dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň reýtingleriniň esasynda düzüldi.Bilim ministrliginiň maglumatyna görä, daşary ýurtlarda bilim alan raýatlar üçin diplomyň ykrar edilmeginiň (nostrifikasiýa) ýörite berjaý edilmeli düzgünleri göz öňünde tutulýar. Nostrifikasiýa – Türkmenistanyň çäklerinden daşarda alnan bilim hakyndaky resminamalaryň milli bilim resminamalaryna barabar derejede ykrar edilmegi we olaryň biziň ýurdumyzyň çäginde hukuk güýjüne eýe bolmagy üçin berjaý edilýän düzgündir.Ýokary okuw mekdepleriniň doly sanawy we nostrifikasiýa amaly baradaky giňişleýin maglumatlar bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda tanşyp bolar.

News
13.02.2025
229

TÜRKMEN TALYBY – HALKARA BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJISI

Milli Liderimiz, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan düýbi tutulan ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeler, ýagny ýaşlara döwrebap ylym-bilim bermek, innowasiýalardan baş çykarýan ýaş hünärmenleri taýýarlamak, daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen dostluk-doganlyk gatnaşyklaryna oňyn täsir edýän halkara bäsleşiklere işjeň gatnaşmak üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan uly tagallalar edilýär.Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmegi maksat edinýän “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, hem-de “Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin strategiýasynyň” durmuşa geçirilmegi netijesinde ýaşlaryň dürli halkara çärelerine işjeň gatnaşmagyna giň ýol açylýar. Hormatly Prezidentimiziň Ýaşlar barada alyp barýan döwlet syýasaty ýurdumyzda ýaşlaryň ylym-bilim ulgamyndaky üstünlikleriniň, jemgyýetçilik-syýasy işjeňliginiň barha ýokarlanmagyna ýardam edýär.Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyndaky we ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny amala aşyrmakda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde toplumlaýyn işler alnyp barylýar we üstünlikler gazanylýar. Muňa mysal edip uniwersitetiň Nebit senagaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Hallynyýaz Babaýewiň halkara bäsleşiginde gazanan üstünligini buýsanç bilen görkezmek bolar.2024-nji ýylda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Nebit senagaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Hallynyýaz Babaýew Gazagystan Respublikasynyň “Bilim-orkeniýeti” atly innowasion ylmy-barlag merkezi tarapyndan yglan edilen halkara bäsleşigine işjeň gatnaşdy we bilimiň, ylymyň, sungatyň we sportyň ösmegine goşan goşandy üçin ýaryşyň emin agzalary tarapyndan ýokary baha berildi, ýagny I derejeli Diplom, “GDA-nyň iň gowy talyby” atly heýkel, döşe dakylýan nyşan, Sertifikat bilen sylaglandy.Ýaşlara ylym-bilim ulgamynda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk etmek, tejribe alyşmak we halkara bäsleşiklerine işjeň gatnaşmak üçin döredip berýän mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsunymyzy aýdýarys. Goý, Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, Belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

News
12.02.2025
197

«Dünýä dilleri ― dost-doganlyk köprüsi» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

11-nji fewralda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli yglan edilen «Dünýä dilleri ― dost-doganlyk köprüsi» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Sylag gowşuryş dabarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bolup geçdi.Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi saýtynda habar berlişine görä, bäsleşige ýaş terjimeçileriň 100-den gowragy gatnaşypdyr. Hödürlenilen eserleriň arasynda iňlis, rus, arap, koreý, nemes, italýan, türk dillerinden türkmen diline edilen terjimeler bar.Bäsleşigiň eminleriniň gelen netijesine laýyklykda, gatnaşyjylaryň 30 sanysy ýeňiji diýlip yglan edildi.Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.